Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/10 sah. 1
  • Hoş habary ynamly wagyz et

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş habary ynamly wagyz et
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Aýatlary dogry ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Siz Hudaýyň sözüni goraýarmysyňyz?
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • «Hudaýyň sözi... täsirlidir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 4/10 sah. 1

Hoş habary ynamly wagyz et

1. Ökde wagyz etmek üçin näme ýeterlik däl?

1 Pawlus resul ýaly ökde wagyzçylar «hakykat sözüni dogry ulanmak» üçin aýat okap bermegiň ýeterlik däldigine düşünýärler (2 Tim. 2:15). Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen adamlary nädip «ynandyryp» bileris? (Res. iş. 28:23).

2. Adamlar Hudaýyň Sözüne hormat goýar ýaly näme edip bileris?

2 Mukaddes Ýazgylardan okaň. Adamlaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylara gönükdirsek, bu kitapda Hudaýyň akyldarlygynyň bardygyna göz ýetirerler. Hudaýyň Sözüne berk ynanýandygymyzy görüp, olar okaýan aýadymyzy hem ünsli diňlärler (Ýew. 4:12). Meselem, şeýle diýse bolar: «Eýsem, bu meselä Hudaý nähili garaýarka? Bu babatda Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär...». Mümkin bolsa, hemişe Mukaddes Ýazgylary açyp, aýat okap beriň.

3. Okan aýadymyzyň manysyny düşündirmek üçin näme etmeli?

3 Okan aýadymyzy hem düşündirmeli. Köp adamlara okalan aýada birbada düşünmek kyn bolýar. Köplenç aýadyň gürrüň edilýän tema bilen baglanyşygyny düşündirmeli bolýar (Luka 24:26, 27). Esasy pikirleri tassyklaýan sözleri hem belläp geç. Şeýle-de onuň aýada dogry düşünendigini bilmek üçin birki sorag berse bolar (Sül. tym. 20:5; Res. iş. 8:30).

4. Hoş habary ynamly wagyz etmek üçin ýene-de näme etmek wajyp?

4 Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüň ediň. Şeýle-de adamyň aňyna we ýüregine täsir etmäge çalyşmaly. Okalan aýady adamyň nädip ulanyp biljekdigini görkeziň. Ýazgylar esasynda gürrüň etsek, oňa pikirini üýtgetmäge kömek ederis (Res. iş. 17:2—4; 19:8). Meselem, Zebur 83:18-i okap, dostlaşmak üçin adamyň adyny bilmegiň wajypdygyny düşündirip bileris. Soňra ondan: «Hudaýyň adyny bilseňiz, siziň edýän dogalaryňyz has mazmunly bolarmy?» diýip, sorap bileris. Diýmek, aýady adamyň durmuşy bilen baglanyşdyryp düşündirsek, onuň peýdasyna göz ýetirer. Hudaýyň Sözüne esaslanan söhbetdeşlik akýürekli adamlary diri we hak Hudaý Ýehowa sežde etmäge höweslendirer (Ýerem. 10:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş