Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/10 sah. 2
  • Men wagyzda elimde baryny edýärinmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men wagyzda elimde baryny edýärinmi?
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň ýatlatmalary ygtybarlydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowanyň ýatlatmalaryndan şatlyk tapyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Ýatlatmalaryň hem meniň keýpimdir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 7/10 sah. 2

Men wagyzda elimde baryny edýärinmi?

1. Wepaly mesihçiler näme hakynda biynjalyk bolmagy ähtimal?

1 Sen özüňe şeýle soragy berip görüpmidiň? Ähtimal, ýaşyň gartaşandygy, saglygyň erbetleşendigi ýa-da maşgalada jogapkärçilikleriň artanlygy sebäpli öňkiň ýaly wagyz edip bilmän ruhdan düşýänsiň. Üç çagaly bir uýa wagtyny we güýjüni maşgalasynyň aladasyny etmäge sarp edýändigi üçin kän wagyz edip bilmeýär. Ol şol sebäpli kämahal özüni günäkär duýýandygy hakynda aýdýar. Öz ýagdaýymyza paýhasly garamaga näme kömek edip biler?

2. Ýehowa bizden nämä garaşýar?

2 Ýehowa bizden nämä garaşýar. Biziň ählimiz köpräk wagyz etmek isleýäris. Ýöne köplenç bir zady etmek islemek bilen bir zady hakykatdan-da başarmagyň arasynda uly tapawut bolýar. Köpräk wagyz etmek isleýändigimiz pesgöwünlidigimizi görkezýär. Ýehowanyň mümkinçiliklerimizi gowy bilýändigini we başarjagymyzdan artyk zat talap etmeýändigini unutmaly däldiris (Zeb. 103:13, 14). Ol bizden nämä garaşýarka? Ýehowa biziň ýürekden gulluk edip, iň gowy zadymyzy bermegimizi isleýär (Kol. 3:23, 24).

3. Wagyzda nämäni başaryp biljekdigimizi nädip barlap bileris?

3 Biziň hakykatdan-da nämäni başaryp biljekdigimize düşünmäge näme kömek eder? Öz mümkinçiliklerimize göz ýetirer ýaly, Ýehowadan kömek sorap bileris (Zeb. 26:2). Ynamdar, seni gowy tanaýan we maslahat bermäge çekinmeýän ruhy taýdan ýetişen mesihçi dostuň hem kömek edip biler (Sül. tym. 27:9). Şeýle-de wagtyň geçmegi bilen ýagdaýyň üýtgeýändigi sebäpli mümkinçilikleriňi wagtal-wagtal barlap durmagyň peýdalydygyny unutma (Efes. 5:10).

4. Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan wagza degişli ýatlatmalara nähili garamaly?

4 Ýatlatmalara nähili garamaly? Janköýerler köplenç ýaryşa gatnaşýanlary ruhlandyrýarlar, ýagny olara päsgel bermän, eýsem sportsmenler maksadyna ýeter ýaly, olary goldaýarlar. Şonuň ýaly-da, ýygnak duşuşyklarda hem-de edebiýatlarymyzda Mukaddes Ýazgylara esaslan ruhlandyryjy pikirleri we ýatlatmalary eşidýäris. Emma olar biziň ýeterlikli derejede tagalla etmeýändigimizi görkezmeýär. Gaýtam, bize «Hudaýyň sözüni gaýragoýulmasyz wagyz eder» ýaly kömek edýär (2 Tim. 4:2, TD). Ýehowa üçin elimizde baryny etmegimizi dowam etsek, Ol biziň işlerimizi hem-de söýgimizi unutmajakdygyna ynamly bolup bileris (Ýew. 6:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş