Oktýabr aýynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlalyň!
1. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga näme kömek eder we biz oktýabr aýynda nähili maksat goýup bileris?
1 Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin näme etmeli? Elbetde, ikilenç ideg etmeli. Isa şägirtlerine diňe bir hoş habary wagyz etmegi däl, eýsem, şägirt taýýarlamagy we olara öwretmegi tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Wagyzçy wagyz edýär, ýöne mugallymdan köp zat talap edilýär. Ol öwretmeli, düşündirmeli we subutnamalar getirmeli bolýar. Munuň üçin hakykat bilen gyzyklanan adamlary ideg edip, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaly. Biz öýden-öýe wagyz etsek, ikilenç ideg etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga köp mümkinçilikler dörär (Res. iş. 5:42; 20:20). Geliň, oktýabr aýynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin, öýden-öýe wagyz edip, ikilenç ideg etmekde has köp tagalla edeliň. Biz ilkinji idegi nädip edip bileris?
2. Ikilenç idege nädip taýýarlanyp bileris?
2 Taýýarlyk. Ilki bilen, adamy gyzyklandyraýjak soragy tapyp, Mukaddes Ýazgylardan oňa jogap taýýarlamaly. Munuň üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny (ýanyňyz bilen ikilenç idege äkitmeseňiz-de) ulansa bolar. Kitapdan käbir mysallar:
● Hudaý biziň aladamyzy edýärmi? (sah. 9—11, abz. 6—10)
● Uruşlar we horluklar haçan gutararka? (sah. 12, abz. 12, 13)
● Adam ölende, oňa näme bolýar? (sah. 59, 60, abz. 7, 8)
● Aradan çykan adamlara umyt barmyka? (sah. 71, abz. 13—15)
● Hudaý eşider ýaly nädip doga etmeli? (sah. 166, 167, abz. 5—8)
● Bagtly bolmak üçin näme etmeli? (sah. 9, abz. 4, 5)
3. Biz ýagdaýa görä näme edip bileris?
3 Biz ikilenç ideg edenimizde, şu soraglaryň birini berip, şeýle diýip bileris: «Köp adamlary biynjalyk edýän soraga Mukaddes Ýazgylar göwnejaý jogap berýär. Siz hem şu sorag barada oýlanyp gördüňizmi?» Öý eýesi pikirini aýdansoň, Mukaddes Ýazgylaryň berýän jogabyny görkeziň. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň başga-da köp soraglara jogap berýändigini aýdyp, indiki sapar gürrüňi dowam etmek üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 1-nji babynyň başynda getirilen soraglaryň birini berip bileris.
Eger ilkinji ideg edenimizde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilmesek, onda ýene-de ideg edip, gürrüňdeşligi dowam edip bileris. Geliň, oktýabr aýynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga tagalla edip, akýürekli adamlara «hakykaty bilmäge» kömek edeliň (Ýahýa 8:31, 32).