Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/10 sah. 7
  • Yhlasly wagyz eder ýaly doga edip, oýlanmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yhlasly wagyz eder ýaly doga edip, oýlanmaly
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Hemişe ruhy zatlar barada oýlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Wagtyňyzy paýhasly ulanyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýüregimiň oý-pikirleri
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Hoş habary şatlyk bilen wagyz ediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 11/10 sah. 7

Yhlasly wagyz eder ýaly doga edip, oýlanmaly

1. Isa esasy işden ünsüni sowmaz ýaly näme etdi?

1 Isa gün ýaşyp, agşam düşende, keselleri sagaldyp, jynlary kowup çykardy. Ertesi şägirtler ony tapyp: «Her kes Seni gözläp ýör» diýip, onuň ýene-de gudratlar görkezmegini haýyş etdi. Emma Isa esasy işden, ýagny hoş habary wagyz etmekden ünsüni sowmaýardy. Ol: «Başga ýere, golaýdaky şähere gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek; çünki şonuň üçin geldim» diýdi. Isa hoş habary wagyz etmekden ünsüni sowmaz ýaly näme etdi? Ol doga etmek we oýlanmak üçin ir turýardy (Mar. 1:32—39). Yhlasly wagyz eder ýaly doga edip, oýlansak, bize nädip kömek eder?

2. Yhlasly wagyz eder ýaly, näme barada oýlanmaly?

2 Näme hakynda oýlanmaly? Isa adamlaryň «çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydygyny, alaçsyzdygyny» görýärdi (Mat. 9:36). Biz hem adamlaryň hoş habara gaty mätäçdigi barada oýlanyp bileris. Wagtyň gysgadygy hakynda hem pikirlenmeli (1 Kor. 7:29). Şeýle-de Ýehowanyň işleri, häsiýetleri, onuň Güwäçileri bolmagyň uly hormatdygy we Mukaddes Ýazgylardan öwrenen gymmatly ruhy hazynalar barada ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň bilmeýändigi hakynda oýlanmaly (Zeb. 77:11—13; Iş. 43:10—12; Mat. 13:52).

3. Haçan oýlansa bolar?

3 Haçan oýlanmaly? Käbir mesihçiler asuda wagty oýlanmak üçin, Isa ýaly ir turýar. Käbirleri bolsa, agşam ýatmazyndan öň oýlanýar (Gel. çyk. 24:63). Hatda wagtyň az bolsa-da, pikirlenmäge wagt tapsa bolýar. Käbir mesihçiler ulagda gidip barýarka oýlanýar. Başgalar bolsa, nahar iýýän wagty arkaýyn pikirlenýär. Mesihçileriň köpüsi has yhlasly we batyrgaý wagyz eder ýaly, wagza çykmazdan öň biraz oýlanýar.

4. Biz näme üçin oýlanmaly?

4 Doga edip oýlansak, Ýehowa gulluk etmek islegimiz artar we Oňa sežde etmegi durmuşda birinji orunda goýarys. Hudaýyň Baş Gullukçysy — Isa Mesihe oýlanmagyň peýdaly bolşy ýaly, bize-de peýdaly bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş