Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/11 sah. 1
  • Biz wagyzda sabyrly bolmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz wagyzda sabyrly bolmaly
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowadan sabyrly bolmagy öwren
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Ýehowadan we Isadan sabyrly bolmagy öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sabyrly bolalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Sabyrlylyk çydamly bolmaga kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 6/11 sah. 1

Biz wagyzda sabyrly bolmaly

1. Ýehowa adamlara sabyrlylygyny nädip bildirýär?

1 Hudaý adamlara örän sabyrly garaýar (Müs. çyk. 34:6; Zeb. 106:41—45; 2 Pet. 3:9). Onuň söýgi bilen bildirýän sabyrlygyny Patyşalyk baradaky habaryň bütin dünýäde wagyz edilişinden görse bolýar. Ýehowa 2 000 ýyldan bäri akýürekli adamlara Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berip, sabyrlylygyny görkezýär (Ýahýa 6:44). Biz wagyzda Ýehowanyň sabyrlygyna nädip eýerip bileris?

2. Biz meýdançada wagyz edende nädip sabyrly bolup bileris?

2 Öýden-öýe wagyz etmek. Adamlar hoş habar bilen gyzyklanmasalar-da, biz «yzyny üzmän» wagyz edip, Ýehowanyň sabyrlylygyna eýerýäris (Res. iş. 5:42). Biz wagyzda sowuk-sala, ýaňsylaýjy we garşylyk görkezýän adamlara duşanymyzda, sabyrly bolmaga jan edýäris (Mar. 13:12, 13). Gyzyklanan adamlary öýünde tapmak kyn bolsa-da, biz hakykat tohumyny suwarmak üçin erjellik bilen sabyrlylyk görkezýäris.

3. Ikilenç ideg edende we okuw geçirende näme üçin sabyrly bolmaly?

3 Mukaddes Ýazgylar okuwy. Ösümligiň ösmegi üçin sabyrly garaşmaly bolýar. Ony suwaryp bolsa-da, ösüşini çaltlandyryp bolmaýar (Ýakup 5:7). Şonuň ýaly-da, adam hem ruhy taýdan kem-kemden ösýär (Mar. 4:28). Mümkin, okuw geçýän adamlara ýalan dini ýa-da Ýazgylara garşy gelýän däp-dessurlary terk etmek kyn bolýandyr. Biz şeýle adamlaryň ruhy taýdan çalt ösmegi üçin, olary gyssamaly däl. Gaýtam, olaryň ýüregine Hudaýyň ruhunyň täsir etmegi üçin, ýeterlikli wagt sarp edip, sabyrly bolmaly (1 Kor. 3:6, 7).

4. Sabyrly bolsak, iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyza nädip üstünlikli wagyz edip bileris?

4 Iman etmeýän dogan-garyndaşlar. Biz iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyzyň okuw geçmegini isleýäris. Ýöne biz sabyrly bolup, olara wagyz etmek üçin amatly wagta garaşýarys we aşa köp maglumat aýtmazlyga çalyşýarys (Wag. 3:1, 7). Şol pursata garaşyp, biz göreldämiz bilen wagyz ederis hem-de hakykaty ýumşaklyk we hormat bilen aýtmaga çalşarys (1 Pet. 3:1, 2, 15). Hawa, wagyzda sabyrly bolsak, has köp üstünlik gazanarys we gökdäki Atamyzyň göwnünden turarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş