Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/12 sah. 3
  • Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowany tanamak üçin ýaradylan zatlara syn ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetlerini görýärsiňizmi?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Çagalara ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýaradylan zatlar Hudaýyň söýgüsini görkezýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 3/12 sah. 3

Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar

Adamlaryň köpüsi ýaradylan zatlara syn etmegi gowy görýär. Emma adamlaryň diňe käbiri şeýdip Beýik Ýaradyjynyň pikirini we duýgularyny bilip bolýandygyna düşünýär (Rim. 1:20). Gadym döwürde Dawut Hudaýyň Sözi arkaly Ýehowa barada bildi. Şeýle-de ol ýaradylan zatlar arkaly Hudaýy «gördi» we oňa ýakynlaşdy (Zeb. 8:3, 4). «Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar» (rus.) atly wideofilm bize, çagalarymyza we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara Ýehowanyň käbir ýaradan zatlaryna seredip, Beýik Ýaradyjynyň nähili şahsyýetdigini we häsiýetlerini görmäge hem-de oňa ýakynlaşmaga ýardam edýär. Wideofilmi görüp, sen şu soraglara jogap berip bilermiň?

1. Älemiň ägirtligi we tertipliligi, Ýehowa minnetdarlygyňy artdyrýarmy? (Iş. 40:26). 2. Suwa syn edenimizde, Hudaý barada näme öwrenip bileris? (Ylh. 14:7). 3. Ýeriň göwrümi we gün bilen ýakynlygy Ýehowanyň akyldarlygyny nädip görkezýär? 4. Aý näme maksat bilen ýaradyldy? (Zeb. 89:37). 5. Ýehowa adamlar durmuşdan lezzet alyp ýaşar ýaly, näme etdi? 6. DNK näme? (Zeb. 139:16). 7. Ýehowanyň ýerde ýaradan ähli zatlaryndan adamlar nähili tapawutlanýar? (Gel. çyk. 1:26). 8. Siz täze dünýäde näme etmegi arzuw edýärsiňiz?

Üýtgeşik aýratynlyklar. 9. Reňkler nireden emele geldi? 10.  Suw nädip agajyň depesine ýetip bilýär? 11. Suwuň organizmde näme ähmiýeti bar? 12. Janly-jandarlaryň arasyndaky sazlaşyk barada mysallar getiriň. 13. Ýaradylan zatlar biri-biri bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini nireden bilýär? 14. «Altyn burç» näme we bu ýaradylan zatlardan nädip görünýär?

Ýehowanyň eliniň işlerine «serediň». Isa bize: «Gögüň guşlaryna seretmegi» we «meýdan liliýalaryndan» öwrenmegi maslahat berdi (Mat. 6:26, 28). Şeýtsek, imanymyz berkär, Ýaradyja ynamymyz artar we Ýehowanyň akyldarlygyna, halas edip biljek güýjüne hem-de söýgüsine minnetdar bolarys. Şu dünýäniň işleri bilen başagaý bolman, Ýehowanyň täsin ýaradan zatlaryna syn etmäge we olardan Hudaý barada näme bilip bolýandygy barada oýlanmaga wagt tapmaga jan edeliň (Zeb. 19:1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş