Ynsabyňyzy goraň
1. 2013-nji gulluk ýylynda geçiriljek bir günlük ýörite kongresiň temasy näme we ol näme üçin şeýle atlandyryldy?
1 Biz her gün diýen ýaly ynsabymyzy hapalap bilýän ýagdaýlara uçraýarys. Şol sebäpli 2013-nji gulluk ýylynda geçiriljek bir günlük ýörite kongresiň temasy «Ynsabyňyzy goraň» diýip atlandyryldy. Bu kongres 2012-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlanar (1 Tim. 1:19). Kongres Ýaradyjymyzyň beren ajaýyp sowgady bolan ynsaby nädip ulanmalydygyna çynlakaý garamaga kömek eder.
2. Kongresde haýsy wajyp soraglaryň jogabyny bileris?
2 Şulara üns beriň. Kongresiň meýilnamasy ynsap babatda şu aşakdaky ýedi sany esasy soraglara jogap berer:
• Ynsaba nähili howp abanýar?
• Biz ynsabymyzy nädip terbiýeläp bileris?
• Ähli adamlaryň ganyndan tämiz bolmak üçin näme etmeli?
• Özümizi Mukaddes Ýazgylaryň prinsipine görä barlasak, oý-pikirimiz we edýän işlerimiz nämäni görkezer?
• Ynsap babatdaky meselelerde başgalaryň göwnüne degmekden nädip gaça durup bileris?
• Ýaşlary imanyndan dändirjek bolanlarynda, olar nädip berk durup bilerler?
• Mukaddes ruh arkaly terbiýelenen ynsabyna eýerýän adamlara nähili bereketler garaşýar?
3. Kongres peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
3 Şeýtan biziň ynsabymyzy hapalajak bolup jan edýär, emma biz Ýehowanyň kömegi bilen oňa garşy durup bileris. Biziň gökdäki söýgüden doly Atamyz Öz Sözi we guramasy arkaly şeýle diýýär: «Ine ýol, şol boýunça ýöräň» (Iş. 30:21). Bu kongres Ýehowanyň şeýle görkezme berýändiginiň bir subutnamasy bolar. Şol sebäpli kongresi doly diňlemek üçin ähli işlerimizi öňünden ýola goýmaly. Ünsli boluň we aýdyljak zatlary öz durmuşyňyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz barada oýlanyň. Kongresdäki pikirleri maşgala agzalaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň. Berlen maslahatlary ulansak, mundan beýläk-de, «ynsabymyzy päk» saklamaga we Şeýtanyň dünýäsiniň çalt geçip gidýän keýpi-sapasyndan gaça durmaga kömek eder (1 Pet. 3:16).