Sen agşamyna wagyz edip bilermiň?
1. Bir kitaba görä, Pawlus resul öýden-öýe haçan wagyz edýärdi?
1 «Gadymy döwrüň adaty durmuşy» diýen kitapda Pawlus resulyň «öýlän dörtden giç agşama çenli wagyz edendigi» aýdylýar. Biz Pawlusyň gün tertibiniň nähili bolandygyny bilmesek-de, onuň ähli zady «Hoş Habar üçin» höwes bilen edendigini bilýäris (1 Kor. 9:19—23). Ol gün tertibini öýden-öýe has köp adamlara wagyz etmek üçin düzýärdi.
2. Näme üçin agşamyna wagyz etmek amatly?
2 Köp ýerlerde wagyzçylar öýden-öýe irden wagyz edýärler. Siziň ýaşaýan ýeriňizde-de irden wagyz etmek has amatlymy? Bir pioner dogan şeýle diýýär: «Gündizine adamlary öýünde tapmak kyn. Olaryň köpüsi agşamyna öýünde bolýar». Agşamyna wagyz etsek, hoş habary köp adamlar eşider. Adamlar köplenç agşamyna dynç alýar we höwes bilen gürrüň edýär. Eger siziň ýaşaýan ýeriňizde-de şeýle bolsa, onda ýaşulular wagyz duşuşygyny agşam geçirmeli.
3. Agşamyna wagyz edende näme üçin paýhasly bolmaly?
3 Paýhasly bol. Agşamyna wagyz edenimizde paýhasly bolmaly. Biriniň öýüne amatsyz wagtda, mysal üçin, nahar iýýän wagty barsak, onda soňrak aýlansak gowy bolar. Eger garaňky bolsa, adam seni görüp biler ýaly ýerde dur, derrew kimdigiňi we näme üçin gelendigiňi aýt. Şeýle-de çola ýerde däl-de, ýagty köçelerde iki bolup wagyz etsek paýhasly bolar. Adamlaryň öýüne ýatjak wagty giç baryp, biynjalyk etmäň (2 Kor. 6:3). Eger garaňky düşenden soň wagyz etmek howply bolsa, agşamara wagyz ediň (Sül. tym. 22:3).
4. Biz agşamyna wagyz etsek nähili bereketler alarys?
4 Bereketler. Biz näçe köp adamlara wagyz etsek, şonça-da begenýäris. Biz köp adamlara wagyz edip, olara «hakykat bilimine ýetmäge» kömek ederis (1 Tim. 2:3, 4). Sen agşamyna wagyz etmek üçin gün tertibiňi üýtgedip bilermiň?