Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/12 sah. 2—3
  • Kitapçalar bilen hoş habary wagyz ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kitapçalar bilen hoş habary wagyz ediň
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • ◼ Wagyzda başga jynsdaky adam bilen gürleşeniňde nämeden seresap bolmaly?
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Hudaýyň Sözüni ulanyň, ol diridir!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Kitapça arkaly nädip gürrüňe başlamaly?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Wagyz üçin teklip
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 10/12 sah. 2—3

Kitapçalar bilen hoş habary wagyz ediň

1. Hudaýyň halky kitapçalary öň nädip ulandylar?

1 Ýehowanyň halky köp wagtdan bäri hoş habary kitapçalar arkaly wagyz edýär. 1880-nji ýylda Ç. T. Rassel we ýoldaşlary Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kitapçalaryny çap edip, adamlara paýlanar ýaly, «Garawul diňiniň» okyjylaryna iberdiler. Kitapçalar şeýle wajypdy welin, Ç. T. Rassel mundan beýläk hem hoş habary ýaýratmak maksady bilen 1884-nji ýylda kommersiýa däl korporasiýany (hususy bähbitleri esasynda birleşen topar) resmileşdirende, Sion Garawul diňi kitapçalar jemgyýeti diýen adyna «kitapça» sözi goşulyp, indi Garawul diňi Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýeti (Pensilwaniýa) diýip atlandyryldy. 1918-nji ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar 300 milliondan gowrak kitapçalary ýaýratdylar. Kitapçalar häzirem wagyz etmek üçin gowy esbap.

2. Kitapçalar näme üçin gowy esbap?

2 Näme üçin gowy esbap? Kitapçalar reňkli we owadan. Ondaky aýdylýan zatlar özüne çekiji we manyly. Žurnallary we kitaplary okamagy halamaýan adamlar kitapçalary höwes bilen okaýarlar. Täze wagyzçylara-da, çagalara-da kitapçalary hödür etmek aňsat. Şeýle-de kitapçalar kiçijik we ýanyňda götermek amatly.

3. Kitapçalaryň täsiri barada özüňde bolan ýa-da edebiýatlardaky wakany gürrüň ber.

3 Adamlaryň köpüsi ilkinji gezek kitapçalar arkaly hakykaty bildiler. Meselem, Gaitili bir aýal köçeden bir kitapça tapýar. Ol ony alyp okaýar we begenip: «Men hakykaty tapdym!» diýýär. Oňa kitapçadaky Hudaýyň Sözi täsir edendigi üçin, Patyşalyk zalyna barýar, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar we suwda çokundyrylýar.

4. Aýda käwagt kitapçalar näme maksat bilen hödür ediler?

4 Öýden-öýe wagyz etmek. Kitapçalar wagyz etmäge gowy esbap bolany üçin noýabr aýyndan başlap, aýyň dowamynda käwagt hödür ediler. Biziň maksadymyz ýöne bir kitapçany bermek däl-de, eýsem ol arkaly gürrüň açmak. Birinji gezek gürrüň edenimizde ýa-da ikilenç idegde adamda isleg dörese, «Mukades Ýazgylar öwredýär» atly kitap ýa-da başga edebiýat arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwy nähili geçirilýändigini görkezip bileris. Öýden-öýe wagyzda kitapçany nädip hödür edip bileris? Kitapçalar biri-birinden tapawutlanýandygy üçin, olary hödür etmezden öň okamaly.

5. Nädip kitapçalary öýden-öýe hödür edip bileris?

5 Kitapçalary ýaşaýan ýerimize we ulanýan kitapça görä hödür etmeli. Biz ony elimizde tutup, adam bilen gürleşip başlamaly. Kitapçanyň owadan daşy adamy gyzyklandyryp biler. Ýa-da adama birnäçe kitapçany görkezip, gowy görenini saýlamagy teklip etmeli. Wagyz edýän ýeriňizde adamlar gapyny açmaga gorkýan bolsa, kitapçany görer ýaly edip tutuň ýa-da ony gapynyň aşagyndan berip, pikirini bilmegi haýyş ediň. Kitapçanyň daşynda sorag bolsa, şony berip, onuň pikirini biliň. Ýa-da adamy gyzyklandyryp, gürrüňe başlar ýaly özüňiz sorag berip bilersiňiz. Siz adama kitapçanyň käbir ýerinden okap, sorag berilýän ýerde oňa pikirini aýtmaga mümkinçilik beriň. Esasy aýatlary Mukaddes Ýazgylardan okap beriň. Bir pikire seredeniňizden soň, sözüňizi jemläp, ikilenç ideg etmek üçin gürleşiň. Eger adam öýünde ýok wagty ýygnagyňyzdaky wagyzçylar edebiýat goýup gidýän bolsa, onda kitapçany başga adamlaryň görmeýän ýerinde goýup bilersiňiz.

6. Kitapçalar arkaly köçede nädip wagyz edip bolar?

6 Köçede wagyz etmek. Köçede kitapçalar bilen wagyz edýärmiň? Käbir adamlar howlugýandygy üçin, durup biz bilen gürleşmeýärler. Şol sebäpli olaryň gyzyklanýandygyny ýa-da gyzyklanmaýandygyny bilip bolmaýar. Olaryň žurnallary okajagyny ýa okamajagyny bilmän, žurnala derek kitapça bersek gowy bolar. Kitapça owadan we ondaky maglumat gysga bolandygy üçin, olaryň birnäçe minut wagty bolanda, ony bilesigelijilik bilen okar. Elbetde, adamlar howlukmasa, biz kitapçadaky käbir pikirlere bile seredip bileris.

7. Resmi däl ýagdaýda kitapçalar bilen nädip wagyz edip bolýandygy barada mysal getir.

7 Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek. Resmi däl ýagdaýda kitapçalar bilen wagyz etmek aňsat. Bir dogan öýünden çykmanka, birnäçe kitapçany jübüsine salýar. Ol satyja ýa başga adamlara duşanda, okar ýaly bir edebiýaty ýa-da kitapçany berýär. Bir är-aýal Nýu-Ýork şäheriniň owadan ýerlerine gezelenje gidende, daşary ýurtly adamlara duşjakdygyny göz öňünde tutdy. Olar «Ähli milletler üçin hoş habar» diýen broşýurany we dürli dilde kitapçalar aldylar. Olar trotuarda söwda edýän ýa-da seýil bagda ýa restoranda ýanynda oturan adamyň başga dilde gepleýänini eşidende, olaryň dilinde kitapça hödür etdiler.

8. Kitapçalary näme üçin tohuma meňzetse bolýar?

8 Tohumyňy sep. Kitapçalary tohuma meňzetse bolýar. Daýhan tohumy sepende, olaryň haýsysynyň gögerip çykjagyny bilmeýär. Wagyzçy 11:6-da şeýle diýilýär: «Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň». Şonuň üçin biz wagyzda gowy esbaby ulanyp, «bilim saçýarys» (Sül. tym. 15:7).

[3-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Kitapçalar wagyz etmäge gowy esbap bolany üçin noýabr aýyndan başlap, aýyň dowamynda käwagt hödür ediler

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş