Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge wagt tapyň
1. Näme üçin käbir dogan-uýalar Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etmäge ýaýdanýar?
1 Käbir dogan-uýalar işli bolany üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etmäge ýaýdanýar. Gyzyklanýan adamyň aladasyny etmek üçin wagt gerek. Meselem, Mukaddes Ýazgylar okuwyna taýýarlyk görmek, ony geçirmek we gyzyklanýan adamyň kynçylygyny çözmäge kömek etmek üçin wagt tapmaly bolýar. Pawlus resul Selanikdäki mesihçilere Ýehowany tanamaga kömek etmek üçin janyny bermäge-de razydy (1 Sel. 2:7, 8). Biz uzak gün işlesek-de, Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip geçirip bileris?
2. Ýehowa bolan söýgimiz wagt sarp edişimize nähili täsir edýär?
2 Ýehowa gulluk etmäge wagt tapyň. Dogrudanam, Hudaýa sežde etmäge wagt gerek. Mysal üçin, ýygnaga yzygiderli barmaga, wagyz etmäge, Mukaddes Ýazgylary okamaga we doga etmäge wagt tapýarys. Är-aýal işli bolsa-da, biri-birine höwes bilen wagt tapýarlar. Onda biz Ýehowany söýýändigimiz üçin, oňa sežde eder ýaly has-da köp wagt tapmaly dälmi näme?! (Efes. 5:15—17; 1 Ýahýa 5:3). Isanyň aýtmagyna görä, Ýehowa sežde etmek üçin şägirt taýýarlamak hem wajypdyr (Mat. 28:19, 20). Bu barada oýlansak, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek borjuny ýerine ýetirmäge ýaýdanmarys.
3. Käbir sebäplere görä, gün tertibimiz bozulsa, Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip geçirip bolýar?
3 Emma biziň gün tertibimiz iş, ýarawsyzlyk ýa-da teokratik işler sebäpli bozulýan bolsa näme? Käbir wagyzçylar Mukaddes Ýazgylar okuwyny telefon ýa-da kompýuter arkaly geçirýärler. Käbir ýarawsyz dogan-uýalar bolsa, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin gyzyklanýan adamy öýüne çagyrýarlar. Käbirleri bolsa, ýaramadyk wagty özüne derek bir dogana ýa uýa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi haýyş edýärler.
4. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirsek nähili bereketler alarys?
4 Pawlus resul adamlara hakykaty bilmäge kömek etmek üçin wagtyny we güýjüni sarp edip, köp şatlanýardy (Res. iş. 20:35). Ol Selanikdäki kömek eden adamlary hakynda oýlananda, Ýehowa şükür edýärdi (1 Sel. 1:2). Biz işlidigimize garamazdan, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirsek, şatlygymyzyň we bereketlerimiziň çägi bolmaz.