Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/13 sah. 1
  • Amos pygamberden görelde alyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Amos pygamberden görelde alyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Ýagşylyk etmegi... gaýgyrma»!
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 9/13 sah. 1

Amos pygamberden görelde alyň

1. Amos pygamberiň göreldesi bizi näme üçin ruhlandyrýar?

1 Sen sada maşgaladan bolandygyň üçin gowy wagyz edip bilmeýärin diýýärmiň? Onda saňa Amos pygamberiň mysaly mert bolmaga kömek eder. Ýehowa oňa wajyp habary yglan et diýende, ol çopandy we möwsümleýin işde işleýärdi (Amos 1:1; 7:14, 15). Şu günlerem Ýehowa kiçigöwünli we sada adamlary saýlaýar (1 Kor. 1:27—29). Biz wagyz babatda Amos pygamberiň mysalyndan ýene nämeler öwrenip bileris?

2. Wagyzda garşylyga duşanymyzda näme üçin mert bolmaly?

2 Garşylyga duşanyňyzda mert boluň. Ysraýylyň on taýpaly demirgazyk patyşalygynda gölä sežde edýän ruhany Amazýa Amosyň pygamberligini eşidende, gaharlanyp: «Bar, öýüňe git-de, bizi günümize goý! Biziň öz dinimiz bar» diýen ýaly etdi (Amos 7:12, 13). Ol Amos pygamberiň aýdan sözlerini Ýarobam patyşa ýoýup ýetirýär. Patyşa Amazýanyň haýyşy boýunça, Amosyň pygamberlik etmegini gadagan edýär (Amos 7:7—11). Emma Amos pygamber gorkmady. Şu günlerem käbir dini ýolbaşçylar hökümete ýüz tutup, Ýehowanyň halkyny yzarlaýarlar. Ýöne Ýehowa biziň garşymyza ýasalan ýarag derde ýaramaz diýdi (Iş. 54:17).

3. Biz şu günler nähili iki habary yglan edýäris?

3 Hudaýyň hökümini we gelejekdäki bereketleri yglan ediň. Amos pygamber on taýpaly Ysraýyl patyşalygyna garşy hökümi yglan etse-de, Ýehowa ýene-de patyşalygy dikeldip, bol bereketler berer diýip, kitabyny tamamlaýar (Amos 9:13—15). Biz hem höküm güni barada aýtsak-da, bu yglan etmeli «Patyşalyk baradaky Hoş Habarymyzyň» hemmesi däl (2 Pet. 3:7; Mat. 24:14). Ýehowa Armageddonda erbet adamlary ýok edip, ýer ýüzüni Jennet eder (Zeb. 37:34).

4. Biz Ýehowanyň islegini berjaý edip biljekdigimize näme üçin ynanýarys?

4 Biz Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edenimizde, köp adamlar garşy bolýar. Şol sebäpli Ýehowa özümizi bagyş edip, şoňa görä ýaşamak we onuň islegini berjaý etmek hyjuwymyz synalýar (Ýahýa 15:19). Muňa garamazdan, biz Ýehowanyň Amosa islegini berjaý etmäge kömek edişi ýaly, bize-de kömek etjekdigine ynanýarys (2 Kor. 3:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş