«Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?»
1. «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýura haçan geçip başlanar we onuň nähili peýdasy bar?
1 2014-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany geçip başlanar. «Ýüregiňizi goraň» atly welaýat kongresinde bu täze broşýuranyň çykandygy yglan edildi. Bu broşýura okuw geçýän adamlary gurama bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenen. Biz ony ýygnak duşuşygynda geçsek, Ýehowanyň guramasynyň agzasydygymyza diňe bir minnetdar bolman, eýsem, broşýurany çuňňur özleşdirmäge-de kömek eder (Zeb. 48:13).
2. Ýygnak duşuşygynda broşýurany nädip geçmeli?
2 Broşýurany nädip geçmeli? Ýygnak duşuşygyny alyp barýan dogan her bir sapagyň gowy özleşdirilmegi üçin, berlen wagtdan doly peýdalanmaly. Ol broşýuradaky 28 sapagyň her birini geçende, onuň sorag görnüşinde berlen adyny okaýar. Soňra ol okap berýän dogandan giriş abzasy okamagy haýyş edýär we oňa degişli taýýarlan soragyny diňleýjilere berýär. Şondan soňra goýy harplar bilen ýazylyp başlanan abzaslary okamaly we ara alyp maslahatlaşmaly. Bir abzas okalanda soňra, duşuşygy alyp barýan dogan sapagyň adyndaky soraga onuň nähili jogap berýändigini diňleýjilerden soraýar. Şeýle-de broşýurada ara-alyp maslahatlaşmak üçin suratlar hem bar. Wagt bar bolsa, esasy aýatlary okamaly. Duşuşygy alyp barýan dogan indiki sapaga geçmezden öň, sapagyň soňundaky soraglary berer. Eger sapakda «Goşmaça maglumat» bar bolsa, ol ony dogandan okamagy haýyş eder we diňleýjilerden okuw geçýän adama ondaky maslahatlaryň nähili peýdasynyň bardygyny gürrüň bermegi sorar. Ýöne Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňde, şu düzgüne eýermek hökman däl.
3. Broşýura peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
3 Ýygnak duşuşygyna gowy taýýarlyk görsek, broşýuranyň köp peýdaly taraplaryny bileris. Duşuşykda jogap bermäge çalşyň we sapagyň okuw geçýän adama peýdaly boljak taraplary barada oýlanyň. Biz bu täze broşýurany geçip, adamlara Hudaýyň islegini biziň bilen bilelikde berjaý etmäge we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek ederis (1 Ýahýa 2:17).