Wakalar
◼ Awstraliýa. Jon atly sowatly bir adam çagalyk döwründen buthana barýardy, emma ol ulalanda ateist boldy. Bir pioner dogan oňa «Ýaşaýyş nädip döredi?» atly (rus.) we soňra «Ýaşaýşyň gözbaşy» (rus.) diýen broşýuralary berýär. Dogan Jony höweslendirmek üçin ýaradylyş we Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler barada aýdylýan soňky çykan žurnallary berýär. Şondan soňra dogan oňa «Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň sözümi ýa-da adamlaryňky» (rus.) diýen kitaby berýär. Ol kitaby okap bolandan soňra özüne «agnostik» diýýär. Şonda dogan oňa «Mukaddes Ýazgylar öwredýär?» kitaby görkezip, 20-nji sahypadaky 8-nji abzasy we 23, 24-nji sahypalardaky 13—16-njy abzaslary görkezýär. Abzaslarda getirilen aýatlar Jona şeýle bir täsir etdi welin, ol: «Men Mukaddes Ýazgylary ýene-de bir gezek okap göräýsemmi?» diýýär.
◼ Meksika. Bir adam wagyzça Mukaddes Ýazgylaryň Hudaý tarapyn ýazylandygyna ynanmaýandygyny aýdýar. Wagyzçy Mukaddes Ýazgylardan subutnamalary görkezmegi teklip edýär. Olar birnäçe sapar gürrüňdeşlik edenlerinden soňra, Mukaddes Ýazgylardan okalan aýatlar, esasan-da, Hudaýyň kada-kanunlary gyzyklanan adamyň ýüregine täsir edýär. Ol wagyzça şeýle diýýär: «Ilkibaşda, siziň bilen Mukaddes Ýazgylary okanymda, bu ýönekeý bir kitap ýaly göründi we ol maňa hiç hili täsir etmedi. Emma indi ondaky ahlak kadalary barada berilýän maslahatlar meniň ýüregime jüňk bolýar».
◼ Birleşen Ştatlar. Mesihçi är-aýal metronyň duralgasynda taýwanly aýala wagyz edýärler. Ol aýal Hudaýa ynansa-da, Mukaddes Ýazgylar Günbatar ýurtlarynda ýaşaýanlar üçin ýazylandyr öýdýärdi. Ol baý ýaşasa-da, özüni ýeke duýýardy, şonuň üçin durmuşyň manysyny Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolmazmyka diýen umyt bilen, edebiýatly tekjäniň ýanyna barýar. Mesihçi är-aýal onuň bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby we «Hakyky parahatlyk we bagt. Olara nädip ýetmeli?» (rus.) diýen broşýura arkaly okuw geçip başlaýar. Olar kitabyň ikinji babyny geçmegiň deregine, broşýuradaky «Adamlar üçin peýdaly maslahatlar» diýen bölümi geçýärler. Şol bölümiň ilkinji 6 abzasyna seredenlerinden soň, ol aýal Mukaddes Ýazgylaryň başga dini kitaplardan örän tapawutlanýandygyna geň galýar. Mukaddes Ýazgylardaky berjaý bolan pygamberliklere seredenlerinden soňra, ol: «Başga kitaplardan tapawutlylykda Mukaddes Ýazgylaryň hakykaty aýdýandygyny, men bilmändirin!» diýýär.
◼ Ýaponiýa. Bir adam dogana Hudaýa ynanmaýandygyny aýdýar, emma dogan ony birnäçe gezek ideg edip, «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Tötänden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen bölümiň esasynda pikir alyşýar. Şonda ol ýuwaş-ýuwaşdan garaýşyny üýtgedip, Ýaradyjynyň bardygyna ynanyp başlaýar. Häzir ol Allatagalanyň bardygyna ynanýar we «Hudaýyň hoş habary» diýen broşýuradan okuw geçýär.
◼ Kanada. Bir aýal öýünden ulagyna tarap barýarka, uýa soňky çykan žurnallary oňa hödürleýär. Soňra uýa ikilenç idege baranda, aýal Hudaýa ynanmaýandygyny we ol bu zatlar bilen gyzyklanmaýandygyny aýdýar. Emma uýa ruhdan düşmeýär we oňa «Durmuşdan nädip kanagat tapmaly?» (rus.) diýen broşýurany eltip berýär. Şonda uýa oňa şeýle diýýär: «Siz Hudaýa ynanmaýaryn diýdiňiz, ýöne men siziň çagalaryňyzy ýeke terbiýeleýändigiňiz barada oýlandym». Uýa onuň bilen broşýuranyň 4-nji sahypasynyň 6-njy abzasynda aýdylýan gowy maslahatlary nireden tapyp bolýandygy barada gürrüň edýär. Soňra uýa oňa ikinji bölümdäki çagalary terbiýelemek barada berilýän maslahatlary okamagy teklip edýär. Ol aýal broşýurany höwes bilen alýar.