Mika pygamberden görelde alyň
1. Biz Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etjekdigine näme üçin ynanyp bileris?
1 «Zalym dünýä haçan ýok edilerkä?» Şeýle soragy Mika pygamber Ýahuda we on taýpaly Ysraýyl patyşalygyna Hudaýyň hökümini yglan edende beren bolmaly. Elbetde, ol pygamberlikleriň berjaý boljakdygyna ynanýardy. Mikanyň ýaşan döwründe, ýagny b. e. öň 740-njy ýylda Ýehowanyň Samariýa çykaran hökümi berjaý boldy (Mika 1:6, 7). B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edildi (Mika 3:12). Biz hem Ýehowanyň hökümine garaşyp, Mika pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?
2. Biz Ýehowanyň gününe garaşyp näme üçin we nädip sabyrly bolmaly?
2 Sabyrly boluň. Mika pygamber: «Men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn» diýdi (Mika 7:7). Elbetde, ol pygamberlikler berjaý bolýança el gowşuryp oturmady. Mika Ýehowanyň pygamberliklerini yglan edýärdi. Biz hem Ýehowanyň gününe garaşyp, «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelidiris» (2 Pet. 3:11, 12). Ýehowanyň sabyrlylygy adamlara toba etmäge mümkinçilik berýär (2 Pet. 3:9). Şol sebäpli biz hem Mika pygamberiň göreldesine eýerip, sabyrly bolmaly (Ýakup 5:10).
3. Biz näme üçin Ýehowadan mukaddes ruhuny dilemeli?
3 Ýehowanyň güýjüne bil baglaň. Mika pygambere kyn ýumuş berilýär, ýöne ol Ýehowanyň güýjüne bil baglaýar (Mika 3:8). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň güýjüne bil baglamak barada bize maslahat berilýär. Ýehowa tapdan düşenlere ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirer ýaly, jomartlyk bilen güýç berýär (Zeb. 84:6, 8; Iş. 40:28—31). Siz hem Hudaýa gulluk edeniňizde muňa göz ýetiren bolsaňyz gerek. Siz Ýehowanyň mukaddes ruhuny hemişe dileýärmisiňiz? (Luka 11:13).
4. Biz Hudaýymyzyň Ýehowadygyny her gün nädip subut edip bileris?
4 Mika pygamber Hudaýyň islegini berjaý etmegi birinji orunda goýýar. Ol azgyn adamlaryň arasynda ýaşasa-da, Hudaýa wepaly bolmagy berk ýüregine düwýär. Hawa, biziň hem Hudaýa bolan wepalylygymyz her gün synalýar. Şol sebäpli, geliň, «ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýermegi» berk ýüregimize düweliň! (Mika 4:5).