Wagyz üçin teklip
◼ «Biz adamlar bilen gysgaça pikir alyşýarys. Köp ata-eneler çagalarynyň Hudaýy söýmegini isleýärler. Siziň pikiriňizçe, olara Hudaýy söýmegi ata-enesi öwretmelimi ýa-da olaryň özi öwrenmeli?» (Jogap bersin). Soňra şeýle diýiň we azyndan bir aýady okaň: «Eger siziň çagalaryňyz Hudaýyň bardygyna we özlerini söýýändigine göz ýetirseler, ony söýüp bilerler. Olar Hudaýy söýüp biler ýaly, ol barada bilmeli (1 Ýahýa 4:8). Meselem, olar şu soraglaryň jogaplaryny bilmeli: Hudaý adamlary näme maksat bilen ýaratdy? Ol horluklara näme üçin ýol berýär? Hudaý gelejekde adamlar üçin nämeler eder? (Filipililer 1:9-y oka). Çagalaryňyza Hudaýy söýmegi öwretmek üçin ony ilki özüňiz söýmeli. Eger çagalaryňyz siziň Hudaýy söýýändiňizi görseler, olar hem sizden görelde alar» (Kanun taglymaty 6:5—7 we Süleýmanyň tymsallary 22:6-njy aýatlary oka). Adama sorag berip, ikilenç idege gepleşiň. Ikilenç idege baranyňyzda, oňa şu soragy beriň: «Siz çagalaryňyzyň ýüregine nädip täsir edip bilersiňiz?» (Jogap bersin). Soňra şeýle diýiň we azyndan bir aýady okaň: «Hudaýyň Sözi täsirli (Ýewreýler 4:12). Sizem çagalaryňyza Hudaýyň Sözündäki esasy taglymatlary öwredip bilersiňiz. Isa pygamber adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin olara sorag berýärdi we olary diňläp, aýatlary düşündirýärdi. Siz hem çagalaryňyzyň ýüregine täsir etmek üçin Isanyň öwredişinden görelde alyp bilersiňiz (Luka 24:15—19, 27, 32-nji aýatlary oka). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň adamlar bilen özüni nähili alyp barandygy baradaky wakalar çagalara ony tanamaga we söýmäge kömek edýär. Şu maksat bilen çykarylan edebiýatlary jw.org. web-saýtyndan tapyp bolýar» (2 Timoteos 3:16-ny oka). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 14-nji babyna esaslanyp, pikir alyşmak üçin ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Biz adamlar bilen Hudaý barada gysgaça pikir alyşýarys. Biz her bir adamyň Hudaý barada öz garaýşynyň bardygyna düşünýäris. Siziň pikiriňizçe, köp adamlar Hudaýy ýöne bir tebigy güýç hasaplaýarmy ýa-da öz aladalaryny edýän dosty? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylaryň şu aýadynda Hudaýyň biziň bilen nähili gatnaşykda bolmak isleýändigi aýdylýar (Ýakup 4:8-i oka). Bu kitapda Hudaýa ýakynlaşmak üçin üç sany talap barada aýdylýar». Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitabyň 17-nji babynyň 5—8-nji abzaslaryna esaslanyp, pikir alşyň. Ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Biz adamlar bilen saglyk meselesi barada pikir alyşýarys. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän hasabatyna görä, adamlaryň dörtden biri göwnüçökgünlige (depressiýa) düşýär. Siziň pikiriňizçe, şeýle keseller gitdigiçe köpelýärmi? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gelejekde ýer ýüzünde keselsiz we horluksyz ýaşaýşy wada berýändigi aýdylýar (Ylham 21:3, 4-i oka). Bu kitapda her bir adama şeýle kesellere döz gelmäge kömek edýän maslahatlar bar». Ikilenç idege gepleşiň.