2015-nji ýylyň Wagyz mekdebi duşuşygy öwretmek ukybymyzy kämilleşdirmäge kömek eder
1 Mezmurçy Dawut: «Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb, meniň Gaýam, Halasgärim» diýdi (Zeb. 19:14). Bizem aýdýan sözlerimiziň Ýehowa ýaramly bolmagyny isleýäris. Sebäbi ýygnakda we wagyzda hakykaty aýtmak biziň üçin uly hormat. Ýehowa bize Wagyz mekdebi arkaly wagyz etmegi öwredýär. Bu mekdep bütin dünýäde 111 müňden gowrak ýygnakda her hepde geçirilýär. Wagyz mekdebi ýeriň ähli künjegindäki dogan-uýalaryň aslyna garamazdan, hoş habary ökdelik bilen wagyz etmäge, ynandyryp öwretmäge, sypaýy we batyrgaý bolmaga kömek edýär (Res. iş. 19:8; Kol. 4:6).
2 2015-nji ýylyň Wagyz mekdebiniň meýilnamasynda «Hudaýyň Sözünden öwrenýäris» atly broşýuradan, «Hudaýyň söýgüsi» kitabyndan we «Edebiýatlar boýunça gollanmadan» temalar bolar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary okamak we 1-nji ýumuş üçin berlen wagt üýtgedildi. Mekdebe girizilen täze özgerişiklere we görkezmelere şu aşakdaky abzaslarda serederis.
3 Mukaddes Ýazgylary okamak. Bu bölümi alyp barýan dogan iki minutda Mukaddes Ýazgylaryň şol hepde-de okalmaly baplaryndan gyzykly we peýdaly bir pikiri aýdar. Ol gowy taýýarlansa, berlen wagtyň çäginden çykman ýygnakdaky dogan-uýalar bilen peýdaly pikiri paýlaşyp biler. Galan alty minutda bolsa, diňleýjiler okan baplaryndan tapan gyzykly we peýdaly pikirlerini gysgaça 30 sekuntda ýa-da ondan az wagtda gürrüň bermeli. Manyly peýdaly pikiri otuz sekuntda aýtmak üçin gowy taýýarlyk görmeli. Bu bolsa bize kämilleşmäge kömek edýär we ýygnakdaky başga dogan-uýalara-da peýdaly pikirleri aýtmaga mümkinçilik berýär.
4 1-nji ýumuş. Mukaddes Ýazgylardaky aýatlary okamak üçin üç minut ýa-da ondan az wagt berilýär. Bu ýumşy alan dogan düşnükli, labyzly, çalt we basymy dogry goýup, gerekli ýerinde säginip okamak üçin, öňünden birnäçe gezek sesli okap taýýarlyk görmeli. Ýehowanyň her bir gullukçysy gowy okamaga jan edýär. Sebäbi bu biziň seždämizde esasy orun tutýar. Biz çagalarymyzyň köpüsiniň gowy okaýandygyna örän begenýäris! Çagalaryny gowy okamaga höweslendirýän ene-atalar öwgä mynasypdyr.
5 2-nji ýumuş. Bu bäş minutlyk ýumuş uýalara berilýär. Olar ýumşy tema görä taýýarlamaly. Olar «Hudaýyň Sözünden öwrenýäris» diýen broşýuradan berlen temany wagyzda hakyky bolşy we ýygnagyň territoriýasynda peýdaly bolar ýaly görkezmeli. «Edebiýatlar boýunça gollanmadan» Hudaýyň gadymy gullukçysy barada ýumuş berlende, uýa ol barada maglumat tapmaly we oňa degişli aýatlary saýlap, onuň mysalyndan näme öwrenip bolýandygyny görkezmeli. Tema bilen bagly goşmaça aýatlary hem ulansa bolýar. Onuň kömekçisini mekdebiň gözegçisi belleýär.
6 3-nji ýumuş. Bu bäş minutlyk ýumuş dogana ýa-da uýa berilýär. Uýa berlende, ol ony 2-nji ýumuş ýaly taýýarlamaly. Dogana «Edebiýatlar boýunça gollanmadan» tema berlende, ol diňleýjileri göz öňünde tutup, nutuk bilen çykyş etmeli. Ol temany düşündirip, oňa degişli aýatlary getirmeli we Hudaýyň gadymy gullukçysynyň mysalyndan näme öwrenip bolýandygyny görkezmeli.
7 3-nji ýumşy alýan dogan üçin täze görkezme. Dogana «Hudaýyň Sözünden öwrenýäris» atly broşýuradan ýa-da «Hudaýyň söýgüsi» kitabyndan tema berlende, ol ony maşgala okuwyny geçýän ýa-da wagyz edýän ýaly sahnalaşdyrmaly. Köplenç onuň kömekçisini we şertini mekdebiň gözegçisi belleýär. Kömekçi edip onuň maşgala agzalaryny ýa-da dogany bellemeli. Ol tema degişli Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri düşündirmek üçin goşmaça aýatlary hem getirse bolar. Käwagt bu ýumşy ýaşuly hem taýýarlap biler. Şonda kömekçisini we şertini ýaşulynyň özi saýlaýar. Ýygnakdaky dogan-uýalar ýaşulynyň maşgala agzalary ýa-da ýygnakdaky dogan bilen öwretmek tärini görkezýändigini görüp ruhlanar.
Maslahaty kabul edip, oňa eýerseňiz ruhy taýdan ösersiňiz
8 Maslahat. Mekdebiň gözegçisi okuwçy çykyş edensoň, iki minutda «Wagyz mekdebi» kitabyna salgylanyp, çykyşyň gowy taraplaryny aýdyp minnetdarlyk bildirer. Ol okuwçynyň haýsy sapagyň üstünde işländigini öňünden däl-de, çykyş edensoň aýdyp, ýürekden öwer we nämeleri gowy ýerine ýetirendigini nygtap geçer ýa-da ýumşaklyk bilen şol sapagy ýene-de bir gezek almalydygyny aýdar.
9 Okuw blankasy «Wagyz mekdebi» kitabynyň 79—81 sahypalarynda ýerleşýär. Okuwçy ýumuş bilen çykyş edensoň, mekdebiň gözegçisi onuň kitabynda bellikler edip, berlen sapagy nädip ýerine ýetirendigini ikiçäk aýdar. Maslahaty ýygnak duşuşygyndan soň ýa-da başga wagt berip biler. Wagyzça ikiçäk berilýän maslahat oňa ruhy taýdan ösmäge kömek eder (1 Tim. 4:15).
10 Çykyş edýän dogan ýa-da uýa berlen wagtyň çäginden çyksa, mekdebiň gözegçisi ýa-da onuň ýerine bellenen dogan yşarat edip ýumşy tamamlamalydygyny duýdurar. Duýduryş berlende okuwçy çykyşyny tamamlamalydygyna düşünmeli («Wagyz mekdebi» sah. 282, abz. 4 serediň).
11 Talaplara laýyk gelýänleriň ählisini Wagyz mekdebine ýazylmaga höweslendiriň («Wagyz mekdebi» sah. 282, abz. 6 serediň). Ýehowanyň halky Wagyz mekdebinde okap, Hudaýyň hoş habaryny ynamly we mähir bilen wagyz edip, hakykaty öwredip bilýärler. Wagyz mekdebinde okasak, Ýehowany şöhratlandyryp, begendireris! (Zeb. 148:12, 13; Iş. 50:4).