Sowally bukja
◼ Ýygnakdan merhumy jaýlamaga kömek etmegi haýyş edenlerinde, şu aşakdaky soraglar ýüze çykmagy mümkin:
Adam jaýlananda nutuk bilen kim çykyş etmeli? Muny merhumyň dogan-garyndaşlary çözýär. Olar suwda çokundyrylan göreldeli dogany saýlap bilerler. Eger olar ýaşulular maslahatyndan nutuk bilen çykyş etjek dogany saýlamagy haýyş etseler, olar gurama tarapyndan berilýän nutuk bilen çykyş etjek ýaşulyny saýlarlar. Nutukda merhumy çendenaşa öwmän, onuň gowy häsiýetlerini belläp geçse bolar.
Patyşalyk zalyny ulansa bolýarmy? Ýaşulular maslahaty rugsat berse we bu ýygnak duşuşyklarynyň geçirilmegine päsgel bermese, ulansa bolýar. Eger merhum ýygnagyň göreldeli agzasy ýa-da ýygnagyň göreldeli agzasynyň kämillik ýaşyna ýetmedik çagasy bolsa, Patyşalyk zalyny ulanyp bolýar. Emma merhum mesihçilere ýaraşmaýan häsiýetleri bilen ýa-da başga bir sebäplere görä ýygnagyň abraýyny bozan bolsa, ýaşulular zaly ulanmagy rugsat bermezligi mümkin.
Patyşalyk zallary köplenç mesihçi bolmadyk merhumlary jaýlamak üçin ulanylmaýar. Emma onuň dogan-garyndaşlary suwda çokundyrylan, yhlasly wagyzçy bolup, ýygnak merhumy gowy, dogruçyl, hakykata garşy bolmadyk, ahlak taýdan arassa ýaşan adam hökmünde tanan bolsalar we onuň jaýlanmagy ýalan dini däp-dessurlar bilen baglanyşykly bolmasa, Patyşalyk zaly berilmegi mümkin.
Patyşalyk zalyna tabydy getirmegiň ýerlikli ýa-da ýerliksiz boljakdygyny ýaşulular çözýär. Eger ýerlikli bolsa, olar rugsat berip biler.
Mesihçi bolmadyk adamy jaýlamak babatda näme diýse bolar? Eger merhum göreldeli bolan bolsa, dogan onuň öýünde ýa-da öwlüýäde Mukaddes Ýazgylaryň esasynda teselli beriji nutuk bilen çykyş edip biler. Eger ol ahlaksyzlyk edip, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşamadyk bolsa, ýygnak merhumy jaýlamaga kömek etmez. Elbetde, dogan molla çagyrylan we ýalan dini däp-dessurlar berjaý edilýän ýerde nutuk bilen çykyş etmez.
Eger merhum ýygnak gatnaşygyndan kesilen bolsa näme etmeli? Köplenç ýygnak onuň jaýlanmagyna goşulmaýar. Şeýle ýagdaýda Patyşalyk zaly berilmeýär. Eger ol toba edýändigini iş ýüzünde görkezip, ýygnaga dolanmaga isleg bildiren bolsa, onda dogan ynsabyna görä onuň öýünde ýa-da öwlüýäde mesihçi bolmadyk dogan-garyndaşlaryna şaýatlyk etmek we teselli bermek üçin Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nutuk bilen çykyş edip biler. Emma ol şeýle karara gelmezden öň, ýaşulular maslahatyndan maslahat sorasa paýhasly bolar. Eger onuň nutuk bilen çykyş etmegi ýerliksiz hasaplansa, merhumyň dogan-garyndaşlaryndan bolan dogan teselli berýän nutuk bilen çykyş edip biler.