Wagyz üçin teklip
◼ «Parahorlugy hiç haçan aýryp bolmajak ýaly görünýär. Siziň pikiriňizçe, ony näme üçin aýryp bolmaýar? (Jogap bersin). Men Hudaýyň Sözünden sizi gyzyklandyryp biljek bir aýady tapdym (Rimliler 3:23-i oka). Şu kitapda Mukaddes Ýazgylara görä, Hudaýyň parahorlugy nädip aýyrjakdygy düşündirilýär». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 8-nji babynyň 19—21-nji abzaslaryna esaslanyp pikir alşyň we ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Adamlaryň köpüsi ýaşaýşyň döreýşini ewolýusiýa taglymaty dogry düşündirýär diýip pikir edýärler, emma käbir adamlar muňa ynanmaýar. Siziň pikiriňizçe, ýaşaýyş nädip döredikä? (Jogap bersin). Alymlar ençeme ýyl barlag geçirip, ýaşaýyş diňe ýaşaýyşdan döreýär diýýärler. Bu Mukaddes Ýazgylarda aýdylan sözlere laýyk gelýär (Zebur 36:9-y oka)». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 13-nji babynyň 1, 2-nji abzaslaryna esaslanyp pikir alşyň we ikilenç idege gepleşiň.