Wagyzda Hudaýyň Sözüni okap beriň
Biz wagyzda Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okanymyzda Hudaýyň Sözüniň adama täsir etmegine ýol berýäris. Bu barada geçen ýylky bir günlük ýörite etrap kongresinde nygtalyp geçilipdi. Aýlanýan gözegçi «Wagyzda Hudaýyň Sözüni okap beriň» atly nutuk bilen çykyş etdi. Geliň, şol nutukdaky esasy pikirleri ýatlalyň.
Ýehowanyň sözi näme üçin biziňkiden has täsirli? (2 Tim. 3:16, 17)
Mukaddes Ýazgylar duýgularymyza, pikirlerimize, isleglerimize we özümizi alyp barşymyza nädip täsir edýär? (w12 15/ 6 sah. 27, abz. 7 serediň).
Biz wagyzda adama aýatlary okap berenimizde, ol Hudaýyň Sözüne hormat goýar ýaly, näme edip bileris? («Wagyz mekdebi» kitabynyň sah. 148, abz. 4, 5 we «Hudaýa gullugymyz» 2013 mart sah. 6, abz. 8 serediň).
Aýatlaryň esasynda gürrüňdeşlik etmek we olary düşündirmek näme üçin wajyp hem-de muny nädip etmeli? (Res. iş. 17:2, 3; «Wagyz mekdebi» kitabynyň sah. 154, abz. 4— sah. 156, abz. 4 serediň).