Wagyz üçin teklip
◼ «Eger siz dünýädäki kynçylyklary çözüp bilen bolsaňyz haýsysyny çözerdiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň tizden diňe bir şol kynçylygy däl, eýsem ählisini çözjekdigi aýdylýar (Danyýel 2:44; Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22; Matta 7:21—23; 2 Petrus 3:7-nji aýatlaryň birini okaň). Bu kitapda Hudaýyň ýer ýüzünde özgerişikleri haçan we nädip etjekdigi düşündirilýär». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 4, 5-nji sahypalaryndaky suraty görkezip, gürrüňdeşligi dowam ediň.
◼ «Siziň pikiriňizçe, adamlar haçanam bolsa ýeter-ýetmezçilikden kösenmän, amatly jaýlarda ýaşarmyka? (Jogap bersin). Hudaýyň nämeleri etjekdigine üns beriň (Ylham 21:1—4-nji aýatlary okaň). Bu kitapda Hudaýyň wadalaryny nädip berjaý etjekdigi we adamlaryň aljak bereketleri barada aýdylýar». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 35-nji sahypasyndaky suraty görkezip, Jennetde aljak başga-da bereketlerimiz barada gürrüňdeşligi dowam ediň.