Kör adamlara Ýehowany tanamaga kömek ediň
1. Isa kör adamlara haýpy gelip näme etdi?
1 Isanyň ölümine birnäçe gün galypdy. Ol Erihadan çykyp barýarka, iki kör adam: «Eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryşdylar. Isa öňünde boljak agyr synaglar barada alada etse-de, aýak çekip, olary çagyrdy-da sagaltdy (Mat. 20:29—34). Biz Isanyň adamlara haýpy gelmeginden näme öwrenip bileris?
2. Biz kör adama duş gelsek oňa nädip wagyz edip bileris?
2 Kömek etmek. Eger siz kör adama duş gelseňiz, onuň bilen tanşyp, kömegiňizi teklip ediň. Şeýle adamlary öz bähbidine ulanýandyklary üçin, olar birbada ynanmazlygy mümkin. Emma siz özüňizi mähirli alyp barsaňyz we oňa ýürekden kömek edýändigiňizi görkezseňiz, ol biraz özüni arkaýyn duýar. Adamyň nähili derejede kördügini bilseňiz, nädip kömek edip bolýandygyny bilersiňiz. Kömek edensoň, oňa wagyz edip bilersiňiz. Zebur 146:8 ýa-da Işaýa 35:5, 6-njy aýatlary okap bermegi teklip ediň we Mukaddes Ýazgylar barada köpräk bilesi gelýändigini soraň. Şeýle-de siz oňa jw.org saýtymyzdaky audio ýazgylary berip bilersiňiz. («Kör adama kömek edeniňizde...» diýen çarçuwa serediň).
3. Ýaşaýan ýeriňizde kör adamlary nädip tapyp bolýar?
3 Kör adamlary gözlemek. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde kör adamlara seýrek duş gelýäris, sebäbi olar öýüne gelen nätanyş adam bilen gapynyň agzynda gepleşmäge çekinýär. Olara wagyz edip biler ýaly, «sorap-idemeli» (Mat. 10:11). Siziň gözi kör işgärleriňiz ýa-da klasdaşlaryňyz barmy? Onda olar bilen gürrüňdeş boluň. Tanyş-bilişleriňiziň maşgalasynda kör adam barmy? Onda olara Ýehowanyň Şaýatlarynyň kör adamlara kömek etmek isleýändigini düşündirip, audio ýazgylary getirip bermegi teklip ediň. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň tizden kör adamlaryň gözüni açjakdygy barada aýdylýandygyny düşündirseňiz, belki, olar sizi kör dogan-garyndaşy bilen tanyşdyrar.
4. Janet uýamyzyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
4 Gözi görmeýän Janet atly uýamyz kör adamlaryň ýaşaýan ýerine barýar. Ol bir gyz bilen tanşyp, gürrüňdeş bolýar. Janet uýamyz: «Isa körleriň gözüni açyp, gelejekde ähli adamlaryň gözüni açjakdygyny görkezdi» diýip düşündirdi. Janet uýamyz oňa Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okap berdi-de, Hudaýyň Patyşalygynda ähli kör adamlaryň gözüniň açyljakdygyny aýtdy. Gyz begenip: «Men öň hiç haçan kör adamlaryň gözleriniň açyljakdygyny eşitmedim» diýdi. Adamlaryň köpüsi kör adam özüniň ýa-da ata-babalarynyň eden günäsi üçin kör bolýandyr öýdýär. Janet gyza elektron poçtasy arkaly «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny iberdi we indi olar hepdede iki gezek Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär.
5. Biz Isa ýaly kör adamlaryň gözüni açyp bilmesek-de, olara nädip kömek edip bileris?
5 Elbetde, biz Isa ýaly körleriň gözüni açyp bilmeris. Emma bu dünýäniň taňrysynyň akyllaryny kütelden adamlaryna kömek edişimiz ýaly, göni manydaky kör adamlara-da Hudaýyň Sözündäki hakykaty düşündirip bileris (2 Kor. 4:4). Isa Eriha şäheriniň golaýynda iki kör adama «haýpy gelip», gözlerini açypdy (Mat. 20:34). Biziňem kör adamlara haýpymyz gelse, olara körleriň gözüni açjak Ýehowa Hudaý barada bilim almaga kömek edip begeneris.