Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/15 sah. 3
  • Öwretmek üçin ulanýan gurallarymyz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Öwretmek üçin ulanýan gurallarymyz
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Hakykaty öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzy ökdelik bilen ulanyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • «Her kese» wagyz ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Gözleg geçirmäge niýetlenen esbaplar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 7/15 sah. 3

Öwretmek üçin ulanýan gurallarymyz

1. Mesihçileri näme üçin ussa meňzetse bolar?

1 Ussa her dürli gural ulanýar. Käbir gurallar aýratyn işleri etmek üçin, beýlekiler bolsa hemişe ulanylýar. Ökde ussa esasy gurallaryny hemişe ýanynda göterip, ussatlyk bilen ulanýar. Mukaddes Ýazgylarda ähli mesihçilere gulluga yhlasly gatnaşmak we «utanmajak işçi» bolmak maslahat berilýär (2 Tim. 2:15). Şägirt taýýarlamak üçin ulanýan iň esasy guralymyz näme? Hudaýyň Sözi (Mat. 28:19, 20). Şol sebäpli «hakykat sözüni dogry ulanar» ýaly tagalla etmeli. Emma adamlara hakykaty ökdelik bilen öwreder ýaly, başga-da köp gurallar bar. Mesihçileriň ählisi olary ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli (Sül. tym. 22:29).

2. Öwretmek üçin nähili esasy gurallar bar?

2 Öwretmek üçin ulanýan esasy gurallarymyz. Mukaddes Ýazgylardan başga ýene-de haýsy gurallary ulanmaly? Biz adamlara hakykaty, esasanam, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitap arkaly öwredýäris. Gyzyklanýan adam bilen bu kitaby geçensoň, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerer ýaly, onuň bilen «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaby geçýäris. Şol sebäpli bu iki kitaby ökdelik bilen ulanmaly. Şeýle-de ulanýan gurallarymyza käbir broşýuralaram degişli. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin, «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura esasy gural hökmünde ulanylýar. Ýaşaýan ýerimizde gowy okap bilmeýän adamlar bilen «Hudaýyň dosty» diýen broşýurany geçip bileris. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamy «Kim Hudaýyň islegini berjaý edýär» diýen broşýura arkaly gurama bilen tanyşdyryp bolýar. Şeýle-de şägirt taýýarlamak üçin «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» we «Patyşalyk zalynda näme edilýär?» atly wideorolikleri gural hökmünde ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli.

3. «Hudaýa gullugymyzyň» indiki sanlarynda näme öwrediler?

3 «Hudaýa gullugymyzyň» indiki sanlarynda şol gurallary, ýagny esasy edebiýatlary nädip ökdelik bilen ulanyp bolýandygy öwrediler. Biz şol gurallary ökdelik bilen ulanmaga jan etsek, «özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi, muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň» diýen maslahata eýereris (1 Tim. 4:16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş