Täze wagyzçylara öwredip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Isanyň täze şägirtleri tabşyrylan «ähli zatlary» berjaý etmegi, şol sanda adamlara hakykaty öwretmegi öwrenmeli (Mat. 28:19, 20). Ýygnaga täze gelip başlanlar Wagyz mekdebine gatnaşyp, eýýäm köp üstünlikler gazandylar we dogan-garyndaşlaryna hem-de dost-ýarlaryna resmi däl ýagdaýda wagyz edip bilýärler. Emma olaryň öwrenen zatlaryna minnetdarlygy artdygyça we Ýehowanyň hoş habary ähli adamlaryň eşitmegini isleýändigini bilip, wagyzçy bolasy gelýär (Rim. 10:13, 14).Olar çokundyrylmadyk wagyzçy bolansoň, gullukda özüni has ynamly duýup, ruhy taýdan öser ýaly kömek etmeli (Luka 6:40).
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäniňiz bilen öýden-öýe wagyz ediň we ony ikilenç idege ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyna alyp gidiň. Eger hiç kim bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeýän bolsaňyz, tejribesi az wagyzçy bilen gulluga gidiň.