Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/15 sah. 2—6
  • Ýas bilen bagly däp-dessurlara nähili garaýarsyňyz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýas bilen bagly däp-dessurlara nähili garaýarsyňyz?
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalalar üçin berlen sowgat
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Ene-atalar we çagalar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Siz maşgala okuwyny gyzykly geçirip bilermisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Maşgalaňyza Ýehowany unutmazlyga kömek ediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 8/15 sah. 2—6

Ýas bilen bagly däp-dessurlara nähili garaýarsyňyz?

1—3. Adamlar nähili kynçylyga duş gelýär, emma Ýehowa näme wada berýär?

1 Ynsan ýaradylandan bäri, ölüm adaty zada öwrülse-de, ol adama gaty agyr degýär. Seniň durmuşyňyň aýrylmaz bölegi bolan ýakyn adamyň indi ýokdugyna düşünmek uzak wagtlap hasrat çekdirýär we agyr ýitgi ýüregiňe ýara salýar.

2 Adamlaryň uýýan dinleri olaryň ölüm zerarly çekýän hasratyny ýeňletmegiň deregine, köplenç olara agyr ýük bolýar. Käbir ýurtlarda adamyň merhum ene-atasynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň ruhy ýaşaýar we ony razy etmek üçin käbir däpleri berjaý etmeli diýip gorkuzýarlar. Eger şol däpleri ýerine ýetirmeseler, merhumyň ruhy ajygyp-suwsaýarmyş ýa-da göründe dik oturýarmyş. Şeýle-de mesihçi maşgalada kimdir biri aradan çyksa, ýerli ýagdaýa görä, ýas eşigini geýmek ýa-da däp-dessura gatnaşmak babatda belli bir karara gelmeli bolýar.

3 Ýehowa tizden adamlary ölümiň getirýän elhenç hasratyndan dyndyrjakdygyny wada berýär (Ylh. 21:4). Häzir bolsa Ýehowa bize «ýolumyza nur» bolar ýaly Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary berdi (Zeb. 119:105). Käte biz edýän zadymyzyň dogrudygyna şübhelensek, Mukaddes Ýazgylar arkaly Ýehowanyň garaýşyny bileris (Iş. 30:21). Geliň, dogan-garyndaşy aýrylandygy sebäpli hasrat çekýän adamlara Mukaddes Ýazgylarda nähili görkezme berilýändigi barada bileliň.

4—7. Näme üçin merhumyň ýasy tutulýar?

4 Näme üçin merhumyň jaýlanjak gününe barylýar? Munuň birnäçe degerli sebäbi bar. Birinjiden, merhumyň dogan-garyndaşyna gynanjyňy bildirse bolýar. Mesihçiler hasrat çekýän adamlara, şol sanda imandaşlaryna hem göwünlik bermeli (Iş. 61:1, 2; 2 Kor. 1:3—5). Ölüm hemişe hasrat çekdirýär. Muňa garamazdan, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini bilmek, esasanam, bize ebedi ýaşamaga umyt bermek üçin ýekeje Ogluny gurban berip, söýgüsini görkezendigi teselli berýär. Merhumyň dogan-garyndaşlaryna diňe bir teselli beriji sözleri aýtman, eýsem, olaryň ýanynda ýöne bir oturyp hem göwünlik berip bolýar.

5 Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylardaky hakykat barada gürrüň berse bolýar. Köplenç jaýlanýan güni merhumyň Ýehowa ynanmaýan dogan-garyndaşlary, goňşulary, dost-ýarlary we işdeşleri barýar. Merhumyň jaýlanýan güni Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nutuk bilen çykyş edilende, olar ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygy, adamlaryň näme sebäpden ölýändigi we direlişe bolan umyt barada eşidip, köp peýdaly zady öwrenýärler. Şol sebäpli mesihçiniň iman etmeýän dogan-garyndaşy aradan çykanda, hatda ruhy taýdan kesel ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli öz janyna kast eden adamyň hem jaýlanmagyna dogan arassa ynsap bilen ýolbaşçylyk edip biler. Beýleki mesihçilerem ýasa baryp, hasrat çekýän dogana ýa-da uýa göwünlik berip biler.

6 Merhumyň jaýlanýan gününe barmagyň ýene bir peýdaly tarapyny Süleýman patyşa belläp geçdi. Ol: «Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar» diýdi (Wag. 7:2). Ölüm adamyň ömrüniň gysgadygy barada oýlandyrýar. Bu bize ýaşaýşy gymmat saýmaga kömek edýär. Sebäbi ölen adamlar hiç zat bilmeýär, duýmaýar, gepläp, şatlanyp ýa-da zähmet çekip bilmeýär.

7 Galyberse-de, Ýehowa Hudaýyň wepaly gullukçysyny jaýlanlarynda, onuň bütin ömrüne her hili kynçylyga garamazdan wepaly galandygyny belläp geçse bolýar (2 Şam. 1:26). Şeýtmek bilen, biz ony öwüp, arşa çykarmak islemeýäris. Gaýtam, onuň galdyran gowy göreldesi barada oýlanýarys. Pawlus resul hem: «Biz, siz ýalta bolman, gaýtam, wada edilenleri iman hem sabyr arkaly miras alanlardan görelde alyň» diýdi (Ýew. 6:11).

8—12. Käbir ýurtlarda merhuma hormat goýjak bolup näme edýärler, emma bu näme üçin nädogry?

8 Ýas tutmak däpleri. Dünýäde her dürli ýas tutmak däpleri bolandygy sebäpli, ýaşaýan ýeriňdäki däpleriň haýsysyna eýerse bolýandygyny nireden bilmeli?

9 Merhumy sylaýan, ýöne Hudaýy birinji orunda goýýan adam däbiň Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyna garşy gelmeýändigini barlap görmeli.

10 Käbir ýurtlarda adam ölensoň, ruhy ýaşaýar diýen nädogry düşünje bar. Şol sebäpli merhumyň jaýy jennet bolsun diýip, onuň hatyrasyna üçüni, ýedisini, jumalygyny, kyrkyny we ýylyny belläp, mal öldürip, sadaka berýärler we aýat-töwir okadýarlar.

11 Şeýle däp-dessurlar adam ölenden soň «ruhy» ýa-da «jany» ýaşaýar diýen ýalan taglymata esaslanýar. Emma Mukaddes Ýazgylarda diri adamyň özüne jan diýilýär we onuň ölenden soň «janynyň» ýa-da «ruhunyň» ýaşamaýandygy, gelejekde bolsa Hudaýyň olary direltjekdigi aýdylýar (Gel. çyk. 2:7; Wag. 9:5, 10; Ýahýa 5:28, 29; 11:24—26). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilýän adam ölmeýän ruh bilen bagly däplere eýerip bilmez ahyryn. Elbetde, merhuma hormat goýmak üçin, ýalan dini däp-dessurlary berjaý etmeli däl.

12 Käbir ýurtlarda merhumy mazarlyga jaýlamaga baranlarynda hem birnäçe däp-dessurlara eýerýärler. Meselem, jaýlamaga baran adamlar merhumy gömüp başlamankalar, hersi eli bilen bir gysym gum atýarlar. Eger ýaşaýan ýeriňizde «merhuma hormat goýmak» üçin edilýän başga-da däpler bar bolsa, olaryň näme aňladýandygyny biljek boluň.

13, 14. Siziň ýaşaýan ýeriňizde dul galan erkekdir aýallardan näme talap edilýär we Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýär?

13 Ýas tutmak. Käbir ýurtlarda dul galan erkekdir aýallardan birnäçe aýlap, käte bir ýyllap ýas eşigini geýmek, başyny örtüp ýas tutmak, şeýle-de käbir däplere eýerip, köp zatlardan saklanmak talap edilýär. Şeýle däpler Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna laýyk gelýärmi?

14 Adamlaryň köpüsi uzak wagtlap ýapyk reňkli eşik geýip ýas tutýandygyny görkezýärler. Emma Isa dosty Lazar aradan çykanda «gynanyp» aglasa-da, Injilde onuň ýas tutanda egin-eşigini üýtgedendigi barada aýdylmaýar. Ýogsam, şol döwürde ýehudylaryň arasynda ýas eşigini geýmek adaty zat bolupdyr (Ýahýa 11:35, 38). Elbetde, Isa ölenden soň şägirtleriniň gynanyp, oraza tutjakdygyny pygamberlik edipdi. Ýöne ol adamlar üçin däl-de, Hudaý üçin oraza tutmalydygyny aýtdy (Mar. 2:20; Mat. 6:16—18). Şeýlelikde, uzak wagtlap ýas eşigini geýip ýörmek ýa-da başga usullar bilen ýas tutýandygyňy görkezmek, Mukaddes Ýazgylara laýyk gelmeýär. Şonuň üçin mesihçiler «eşigi» bilen däl-de, «ýüregi» bilen ýas tutmaly (Ýowel 2:12, 13). Emma ýas tutulýan wagty mesihçiler owadan geýnip, adamlary büdretmeli däl (Wag. 3:1, 4).

15—18. Uzak wagtlap ýas tutmak Mukaddes Ýazgylara laýyk gelýärmi? Düşündiriň.

15 Elbetde, mesihçi ýakynyny ýitirende, biraz wagtlap, sada geýner we käbir zatlary etmekden saklanar (2 Şam. 13:19; 2 Pat. 6:30). Emma bu Mukaddes Ýazgylaryň ölüler babatdaky taglymatyna laýyk gelmeýän däplere eýerip, ýas eşigini uzak wagtlap geýmegi aňlatmaýar.

16 Maşgala agzalarynyň biri aradan çykanda, şady-horramlygyň ýa-da gülmegiň wagty däl. Paýhasly Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr. Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar. Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr» (Wag. 7:1—3).

17 Uzak wagtlap ýas tutup, gam-gussa çekmekligiň halys tapdan düşürýändigini ýatda saklasak gowy bolar. Aradan çykan ýakynyň üçin gynananyňda, çendenaşa lapykeç bolmaly däl. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi şägirtlerine doga etmekligi aýtdy. Emma olary Isanyň ölmelidigi şeýle gynandyrdy welin, uklap galdylar (Luka 22:45, 46). Soňra Isa tussag edilende, şägirtler ony taşlap gitdiler. Isa direlip şägirtlerine birnäçe gezek görnenden soň, olar ýene-de öňküsi ýaly yhlasly we şadyýan gulluk etdiler.

18 Direliş baradaky ajaýyp umyt bize hem gaýgy-gama batmazlyga kömek edýär. Pawlus resul şeýle diýýär: «Doganlar, beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmezligiňiz üçin, ölen imanlylar hakda siziň maglumatsyz bolmagyňyzy islemeýäris. Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Ine şeýle-de, Hudaý Isa bagly bolup ölenleri hem Onuň bilen bile yzlaryna getirer. Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň» (1 Sel. 4:13, 14, 18).

19. Däp-dessurlar babatda nämeleri göz öňünde tutmaly?

19 Nämäni bilmek wajyp? Ýas tutmak bilen bagly bütin ýer ýüzünde ýaýran her dürli däp-dessurlary we olaryň nädip hem-de näme üçin dörändigini kim bilýär? Eger mesihçi olar barada gowy oýlansa, haýsy däplere eýerse bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny biler. Meselem, däbiň nädip dörändigini hemmeler bilýärmi ýa-da onuň häzirki manysy Hudaýyň Sözüne garşy gelýärmi? Şol däbe eýermek mesihçiniň Mukaddes Ýazgylara esaslanan umydyna garşy gelýärmi? Belli bir däbe eýermeklik ýa eýermezlik başga birini öýkeledip ýa-da büdredip bilermi? Dogan ýa-da uýa ýaşaýan ýerindäki aradan çykan mesihçiniň patasynda nämä üns berdi? Bu babatda onuň ynsaby näme diýýär?

20, 21. Mesihçiler nähili synaglara duş gelýärler we näme üçin şeýle ýagdaýlarda berk durmaly?

20 Mesihçi dul aýallar şeýle däpleri berjaý etmeseler, käwagt dogan-garyndaşlary we goňşulary olaryň üstüne betbagtçylygyň injekdigini ýa-da ölen adamsynyň ruhy gamgyn bolup, olara howp saljakdygyny aýdyp gorkuzýarlar. Şeýle yrymçyl adamlar ýagyş ýagmaz we ýer hasyl bermez öýdüp gorkýarlar. Bir dul aýal şol däbe eýermänsoň, ogly oňa: «Kakamyň ruhy razy bolmaz» diýýär. Başga bir ýerde bir taýpanyň baştutany Ýehowanyň Şaýatlaryny obadan kowjakdygyny aýdyp gorkuzýar! Şol ýerde ýaşaýan adamlaryň käbiri şeýle bir gaharlanýar welin, mesihçileriň ýygnak geçirýän ýerini lom hem-de palta bilen ýumurdylar. Ýene bir ýerde bolsa, taýpada tertip-düzgüne gözegçilik edýän adamlar mesihçi dul aýaly ýalaňaçlap, ony zalymlyk bilen gamçyladylar.

21 Bu mesihçi dul aýallar dogan-garyndaşlarynyň aýdanyny näme üçin etmediler? Belki, siz «hormat» hökmünde käbir ýerli däpleri berjaý etmegi nädogry hasaplaýan dälsiňiz. Käbir ýagdaýlarda, dogrudan-da, şeýle bolmagy mümkin. Emma «ata-babalarynyň ruhuny» razy etmek üçin däp-dessurlary berjaý edýän mesihçä nähili garamaly? Gadymy döwürde şeýle işler bilen meşgullanýan adama ysraýyl halkynyň ýa-da I asyrdaky mesihçileriň agzasy bolmaga rugsat berilmändir (Kan. tag. 13:12—15; 18:9—13; 2 Kor. 6:14—18; 2 Ýahýa 9, 10).

22—24. Ýalan dini däplere eýermek näme üçin nädogry?

22 Geliň, munuň birnäçe sebäbine seredeliň. Ilki bilen, şeýle däp-dessurlaryň islendik birine eýerýän adam ýalan dini goldaýar we onuň ýaýramagyna goşant goşýar. Şeýtmek bilen, ol henizem ýalan dinden çykmandygyny görkezýär (Ylh. 18:4).

23 Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylary öwretmek bilen tanalýarlar. Meselem, olar ölen adamyň oýlanyp bilmeýändigi, dowzahda ýanmaýandygy, ruhy çykyp, ýer ýüzünde aýlanyp ýörmeýändigi we yzynda galan ýakynlaryna zyýan ýetirmeýändigi barada öwredýärler. Mukaddes Ýazgylarda: «Ölüler hiç zat bilýän däldir» diýilýär (Wag. 9:5). Bu taglymat millionlarça adamlara teselli berýär. Şol sebäpli köp adamlar mesihçileriň ölüleriň ruhuny razy etmek üçin edilýän däp-dessurlara gatnaşmaýandygyny bilýärler.

24 Eger-de mesihçiler garyndaşlarynyň ýa-da goňşularynyň täsirine düşüp, ýas tutmak meselesinde ýalan diniň däp-dessurlaryna gatnaşsa näme? Olaryň goňşulary wagyz edýän zatlaryna özleri-de ynanmaýar diýmezmi? Belki, olar mesihçini başga ýagdaýlarda-da ýalan dini däp-dessurlara gatnaşmaga yrarlar? Muňa hiç hili şübhe ýok. Şeýlelikde, olaryň eden köp gowy işleri göze görünmez we adamlary büdreder (Mat. 18:6; 2 Kor. 6:3).

25—27. Ýalan dini däp-dessurlara eýermegini dowam edýän mesihçilere nähili çäre görülýär we näme üçin?

25 Ýygnak ýaşululary we dogan-uýalar ýaňy-ýakynda ýakynyny ýitiren adama goldaw bermek üçin elinde baryny edýärler. Olar oňa hakykatda berk durmaga we ýalan dini däp-dessurlara gatnaşmazlyk üçin gerekli kömegi bererler (2 Korintoslylar 1:3, 4-nji aýatlary deňeşdiriň).

26 Eger mesihçi kömek berilýändigine garamazdan, ýas tutmak meselesinde ýalan dini däp-dessurlara gatnaşyp başlasa näme? Ýygnak ýaşululary onuň bilen özüni mähirli alyp barar. Pawlus resul: «Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret» diýýär (Gal. 6:1). Ýaşulular başda günä eden adamy dogry ýola getirmek üçin elinden gelen kömegi berýärler. Emma käbir ýagdaýlarda hasrat çekýän adam gaýgy-alada we adamlardan gorky sebäpli günä edýär.

27 Emma mesihçi ýas tutmak meselesinde ýalan dini däp-dessurlara gatnaşýan bolsa we berilýän kömegi kabul etmän, kesirlik bilen Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän taglymatlara eýermegini dowam etse näme? Daş-töwerekdäki adamlary büdretmezlik üçin ýa-da şeýle nädogry işleri beýleki dogan-uýalaram etmez ýaly ýaşulular oňa çäre görerler. Merhum ata-babalaryna sežde edýän islendik dogan ýa-da uýa mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýar we bu barada ýygnakda bildiriş edilýär (1 Kor. 5:13).

28. Ýehowa wepaly galýan mesihçiler nähili sylag alarlar?

28 Mesihçiler Ýehowanyň ýolundan ýöremegini dowam etseler, iň soňy ebedi ýaşaýyş sylagyny aljakdygyny bilýärler (Iş. 30:21). Şeýtan olary duzaga düşürmek we bu ýoldan sowmak üçin, mekirlik hem-de hilegärlik bilen her dürli usullary dyngysyz ulanýar (1 Pet. 5:8, 9). Ol ýakynynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän adamyň ejizleýändigini bilýär. Muňa garamazdan, synaglar nähili güýçli bolsa-da, mesihçiler ähli zatda Ýehowa wepaly galmagy ýüregine berk düwýärler. Olar ähli zatda bolşy ýaly, şeýle ýagdaýlarda-da «adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly» (Res. iş. 5:29). Şeýlelikde, olar Ýehowa Hudaýa ýürekden wepalydygyny subut edip, ölümsiz hem-de agysyz täze dünýäde ýaşajakdygyna doly ynanyp bilerler (Ylh. 21:4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş