Öwredýän adamlarymyzyň ýüregine nädip täsir etmeli?
1. Isanyň öwreden zatlary adamlara nähili täsir edýärdi?
1 Isa öwredende adamlaryň ýüregine täsir edýärdi. Bir sapar ol şägirtlerine Ýazgylary düşündirende, bu olaryň ýüregine «güýçli» täsir edipdi (Luka 24:32). Hudaýa gulak asmaklyk ilki bilen adamyň ýüreginde bolmaly. Biz adamlaryň ýüregine täsir edip, olara durmuşyny özgertmäge nädip kömek edip bileris? (Rim. 6:17).
2. Adamyň ýüregine täsir edip biler ýaly sypaýy we düşgür bolmagyň nähili ähmiýeti bar?
2 Sypaýy we düşgür boluň. Adamlara durmuşyny özgertmäge kömek etmek üçin, olara ýöne bir nämäniň dogry ýa nädogrydygyny aýtmaklyk ýeterlik däl. Dogrudan-da, olara öňki dini ynançlary bilen bagly böwetleri aýyrmak kyn bolýar. Biz şeýle adamlara kömek eder ýaly, ilki bilen, olaryň şol zatlara näme üçin ynanýandygyna we ýerine ýetirýändigine düşünmeli. Sypaýyçylykly, ýagny gowy saýlanan soraglar adamy ýüregindäki pikirini aýtmaga höweslendirer (Sül. tym. 20:5). Diňe şondan soň, biz Hudaýyň Sözünden onuň ýüregine täsir etjek maglumaty saýlap bileris. Şol sebäpli biz ony ünsli diňläp, sabyrly bolmaly (Sül. tym. 25:15). Adamlaryň ruhy ösüşiniň birmeňzeş bolmaýandygyny unutmaň. Olara pikirini üýtgetmäge we dogry karara gelmäge Ýehowanyň ruhunyň täsir etmegi üçin wagt gerek bolýar (Mar. 4:26—29).
3. Biz okuw geçýän adamlarymyza gowy häsiýetleri ösdürmäge nädip kömek edip bileris?
3 Gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek ediň. Ýehowanyň ýagşylygyny we söýgüsini görkezýän Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň kömegi bilen biz okuw geçýän adamlarymyza gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek edip bileris. Meselem, Zebur 139:1—4 ýa-da Luka 12:6, 7-nji aýatlar arkaly Hudaýyň her birimiz bilen ýürekden gyzyklanýandygyny görkezip bileris. Haçanda gyzyklanýan adam Ýehowanyň rehimdarlygyna minnetdar bolmagy öwrenende, onuň Hudaýa bolan söýgüsi we gorkusy artýar. Şeýle-de olar edýän işleriniň Ýehowa täsir edýändigini düşünseler, bu olary Oňa ýaraýan zatlary etmäge we hormat goýmaga höweslendirer (Zeb. 78:40, 41; Sül. tym. 23:15).
4. Biz adamlar öwredenimizde saýlamak erkinligine hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
4 Ýehowa tabşyryklaryny gulak asmaga hiç kimi mejbur etmeýär. Gaýtam, ol maslahatlaryna eýermegiň paýhaslydygyna düşünmäge kömek edýär (Iş. 48:17, 18). Bizem Ýehowadan görelde alyp, adamlara paýhasly karara gelmegi öwretmeli. Haçanda okuw geçýänler durmuşyny özgertmelidigine düşünenlerinde, bu olara ebedi peýda getirer (Rim. 12:2). Şeýle-de olaryň «ýürekleri barlaýan» Ýehowa bilen dostlugy berkär (Sül. tym. 17:3).