Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/15 sah. 2
  • Audioýazgylardan nädip peýdalanmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Audioýazgylardan nädip peýdalanmaly?
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň ses ýazgysy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Resmi web-sahypamyzy ulanyp, başga dilde gürleýän adama kömek ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Açlykdan halas bolmak
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Resmi web-sahypamyzy wagyzda ulanyň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 11/15 sah. 2

Audioýazgylardan nädip peýdalanmaly?

1. Edebiýatlarymyzdan başga ýene-de nämeden peýdalanyp bileris?

1 Köp adamlar jw.org saýtymyzdan «hakykat sözlerini» okap şatlyk tapýarlar (Wag. 12:10). Siz hem audioýazgylardan peýdalanýarsyňyzmy? Eger şeýtseňiz, web-saýtymyzdan köp maglumatlary diňläp bilersiňiz. Biz audioýazgylarymyzdan nädip peýdalanyp bileris?

2. Biz şahsy ýa-da maşgala okuwynda audioýazgylardan nädip peýdalanyp bileris?

2 Şahsy ýa-da maşgala okuwynda. Biz bir ýere gidenimizde ýa-da gündeki işleri edenimizde, Mukaddes Ýazgylaryň, žurnallaryň ýa-da başga edebiýatlaryň audioýazgylaryny diňlesek, wagtymyzy has-da peýdaly ulanmaga kömek eder (Efes. 5:15, 16). Biz maşgala okuwynda geçýän edebiýatymyzy yzarlap, onuň audioýazgysyny diňlesek, bu has-da gyzykly bolar. Eger biz şahsy okuwynda audioýazgylarymyzy diňlesek, has gowy okamaga we öwrenýän dilimizi gowulandyrmaga kömek eder.

3. Audioýazgylary kimlere peýdaly bolup biler?

3 Wagyzda. Biziň ýaşaýan ýerimizdäki adamlar okamagy kyn görüp, diňlemegi gowy görmekleri mümkin. Şeýle-de biz daşary ýurt dilinde gepleýänlere ýa-da hoş habary öz «ene dilinde» eşitmek isleýän adamlara duşup bileris (Res. iş. 2:6—8). Käbir medeniýetlerde diňlemeklik wajyp hasaplanylýar. Meselem, hmonglaryň medeniýetinde adamlar taryhyny nesilden-nesle geçer ýaly ýaşlara gürrüň berip, doly maglumaty aýdypdyrlar. Afrikada ýaşaýan adamlar hem her dürli hekaýalary diňlemegi gowy görüpdirler.

4. Biz adamlara kömek etmek üçin özümize nähili soraglary bermeli?

4 Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlara ene dilindäki audioýazgyny diňletmek peýdaly bolarmy? Ýa-da kimdir birine elektron poçta arkaly edebiýatlarymyzyň audioýazgysyny ibersek peýdaly bolar? Belki-de, haýsydyr bir edebiýatymyzyň audioýazgysyny ýükläp, soňra CD-diskine ýazdyryp ýa-da onuň çap edilen görnüşini gyzyklanýan adama berip bileris? Eger biz wagyzda kimdir birine kitabyň elektron görnüşini, broşýurany, žurnaly ýa-da kitapçany bersek, ony wagyz hasabatymyza ýazyp bileris. Audioýazgylar şahsy okuwyny geçirmek we Patyşalyk tohumyny ekmek üçin niýetlenip çykaryldy (1 Kor. 3:6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş