Habakkuk pygamberden görelde alyň
1. Näme üçin bizde-de Habakkuk pygamberiňki ýaly duýgularyň bolmagy mümkin?
1 Biz gitdigiçe erbetleşýän zalym dünýäde ýaşaýarys. Şol sebäpli bizde-de Habakkuk pygamberiňki ýaly duýgularyň bolmagy mümkin. Ol Ýehowadan: «Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň?» diýip sorady (Hab. 1:3; 2 Tim. 3:1, 13). Biz Habakkuk pygamberiň aýdan habary we wepalylygy barada oýlansak, Ýehowanyň höküm gününe sabyrly garaşyp bileris (2 Pet. 3:7).
2. Biz Hudaýa wepalylygymyzy nädip görkezip bileris?
2 Wepalylyk. Habakkuk pygamber öz-özüne haýpy gelip, gowşamagyň deregine, ruhy taýdan oýa bolup, yhlasly gulluk etdi (Hab. 2:1). Ýehowa oňa Sözüniň öz wagtynda berjaý boljakdygyny we «dogruçylyň iman bilen ýaşajakdygyny» aýtdy (Hab. 2:2—4). Soňky günlerde ýaşaýan mesihçiler mundan näme öwrenip biler? Dünýäniň soňunyň haçan boljakdygyny däl-de, onuň hökman geljegini bilmek örän wajyp. Hudaýa iman etmeklik bizi oýa bolmaga we gullugy birinji orunda goýmaga höweslendirýär (Ýew. 10:38, 39).
3. Biz näme üçin Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmeli?
3 Ýehowanyň berýän şatlygy. Magok ýurdundaky Gog Ýehowanyň halkyna topulanda, biziň imanymyz synalar (Ezek. 38:2, 10—12). Bu söweş ähli adamlara, hatda ýeňenlere-de kynçylyk döreder. Iýmit ýetmezçilik eder, käbirleri emlägiňden mahrum bolar we ýaşaýyş şertleri erbetleşer. Biz şol kynçylyk döwri näme ederis? Habakkuk pygamber kynçylyklaryň boljagyny bilse-de, Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmegi ýüregine düwdi (Hab. 3:16—19). Ýehowanyň berýän şatlygy bize-de gelejekdäki synaglara çydamaga kömek eder (Neh. 8:10; Ýew. 12:2).
4. Biz nädip häzirden şatlanyp bileris?
4 Ýehowanyň gününde halas boljak adamlar Hudaý barada bilim almagyny dowam eder (Hab. 2:14). Direlen adamlar hem Ýehowa barada bilim alarlar. Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Ýehowa we onuň ajaýyp işleri barada hemişe wagyz edeliň! (Zeb. 34:1; 71:17).