HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 87—91
Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde galyň
Ýehowanyň «gizlin ýeri» ruhy taýdan goraýar
Şu günler Ýehowanyň «gizlin ýerinde» galmak üçin özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli.
Bu ýeri Hudaýa bil baglamaýan adamlar bilmeýär.
Ýehowanyň «gizlin ýerinde» galýan adamlaryň Hudaýa bolan imanyna, söýgüsine hiç kim we hiç zat howp salyp bilmeýär.
«Guş awçysy» bizi duzaga düşürjek bolýar
Seresap guşy duzaga düşürmek kyn.
Guş awçysy guşlaryň aýratynlyklaryny ünsli öwrenip, olary tutmak üçin duzaklary oýlap tapýar.
«Guş awçysy» Şeýtan Hudaýyň halkyny synlaýar we olara ruhy taýdan zyýan ýetirmek üçin duzaklary gurýar.
Şeýtan ölüme eltýän dört duzagy ulanýar:
Adamdan gorky
Baýlyga kowalaşmak
Erbet göwün açmalar
Agzalalyk