HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 19, 20
On kümüş pul mysalyndan näme öwrenýäris?
Bu mysaldaky deňeşdirmeler nämäni aňladýar?
Hojaýyn — Isa
Gullar — Isanyň mesh edilen şägirtleri
Hojaýynyň gullaryna ynanan puly bolsa, hormatly borjy, ýagny şägirt taýýarlamaklygy aňladýar
Bu mysalda Isanyň mesh edilen şägirtlerine zalym guluň häsiýetlerini ösdürse, näme boljakdygy barada duýduryş berilýär. Isa şägirtleriniň wagtyny, güýjüni hem-de serişdelerini ulanyp, has köp şägirt taýýarlamagyny isleýär.
Men şägirt taýýarlanymda, mesh edilen wepaly mesihçilerden nädip görelde alyp bilerin?