HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 1—3
Mesihçiler ýygnagyna mukaddes ruh inýär
B. e. 33-nji ýylynda Iýerusalimde geçirilen Pentikost baýramyna dürli ýurtdan ýehudylar gelýärler (Res 2:9—11). Olar bütin ömrüni ýat ýurtda geçirseler-de, Musanyň kanunyny berjaý edýärdiler (Ýer 44:1). Emma olaryň käbiriniň gepleýşi we garaýşy ýehudylaryňkydan tapawutlanýardy. Dürli milletden bolan 3 000-e golaý adam suwa çümdürilende, dürli-dürli adamdan ybarat bolan mesihçiler ýygnagy döredi. Medeniýetiniň tapawutlanýandygyna garamazdan, «olar bir maksat bilen her gün ybadathanada ýygnanyşýardylar» (Res 2:46).
Siz... ýürekden gyzyklanýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz?
daşary ýurtdan gelen adamlar bilen
ýygnagyňyzdaky daşary ýurtly dogan-uýalar bilen