MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa berilýän sadakalar
Şu günler Ýehowa nädip sadaka berip bilýäris? (1Ýlz 29:5, 9, 14). Ýaşaýan ýerimizde we bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini goldamak üçin sadakalar berip bilýäris. Aşakda munuň birnäçe usullary görkezilýär.
INTERNET ARKALY BERILÝÄN WE GUTULARA ATYLÝAN PUL SADAKALARY:
- BÜTINDÜNÝÄ WAGYZ IŞI- filiallaryň we Beýtelden uzakda ýerleşýän terjimeçiler ofisleriniň gurluşyk hem-de abatlaýyş işleri - guramadaky mekdepler - uzak wagtly gulluk edýän mesihçiler - betbagtçylyk bolan ýerler - edebiýatlary çap etmek we elektron görnüşinde çykarmak, wideolary taýýarlamak 
- ÝERLI ÝYGNAGYŇ ZERURLYKLARY- Ýygnak jaýynyň bejeriş işleri üçin çykdajylar - ýygnagyň pul sadakalaryny filiala ugratmak babatdaky gelen karary: - Ýygnak jaýlarynyň we Kongresler köşgüniň bütindünýä gurluşygy 
- Bütindünýä kömek ediş çäresi 
- bütin dünýäde edilýän işler 
 
KONGRESLER
Siziň ýurduňyzda geçirilýän welaýat kongresinde berilýän sadakalar bütindünýä wagyz işine sarp edilýär. Welaýat, ýörite we halkara kongresleri bütindünýä işine berilýän sadakalaryň hasabyna geçirilýär.
Berilýän sadakalar bir ýeri kireýine almak, arassalamak hem abatlaýyş işlerini geçirmek we başga-da çykdajylar üçin sarp edilýär. Galan pul bolsa Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütindünýä işini goldamak üçin berilýär.