HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 21, 22
«Goý, Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun»
Pawlus mukaddes ruhuň ony görgi görjek şäheri Iýerusalime ýollaýandygyny bilýärdi (Res 20:22, 23). Şol sebäpli mesihçiler oňa ýagşy niýet bilen gitme diýip ýalbaranda, Pawlus: «Siz näme üçin aglap, meni gynandyrýarsyňyz?» diýýär (Res 21:13). Biz dogan-uýalaryň Ýehowa janaýamazlyk bilen edýän gullugynda yhlasyny gowşatmak islemeýäris.