Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb19 Iýun sah. 8
  • Şahsy okuwyňyzy has köp peýda alar ýaly geçiriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şahsy okuwyňyzy has köp peýda alar ýaly geçiriň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Meňzeş maglumat
  • Okuwyň berýän sylagy
    Wagyz mekdebi
  • Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmegiň nähili peýdasy bar?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Mukaddes Ýazgylar okuwy has gyzykly we peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
mwb19 Iýun sah. 8

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Şahsy okuwyny has köp peýda alar ýaly edip geçiriň

NÄME ÜÇIN WAJYP? Hudaýyň Sözüni özbaşdak öwrensek, «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünip bileris» (Ef 3:18). Şeýle-de şahsy okuwyny geçirmek zalym dünýäde aýypsyz hem çirksiz bolmaga we «ýaşaýyş sözüne berk ýapyşmaga» kömek edýär (Fp 2:15, 16). Hudaýyň Sözüni özbaşdak öwrenenimizde, özümize degişli maglumatlary saýlap bilýäris. Mukaddes Ýazgylary okanymyzda we öwrenenimizde köpräk peýda alar ýaly näme edip bileris?

NÄDIP ETMELI?

  • Mukaddes Ýazgylary elektron ýa-da çap edilen görnüşinde okasaňyz-da, aýatlaryň aşagyny çyzyň ýa bellik ediň.

  • Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, özüňize şeýle soraglary beriň: «Kim? Näme? Haçan? Nirede? Näme üçin? Nädip?»

  • Köpräk maglumat toplaň. Munuň üçin gurallary ulanyp, tema ýa-da aýat boýunça gözleg geçiriň.

  • Okan zatlaryňyzy durmuşyňyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň.

  • Öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň (Lk 6:47, 48).

«ÇUŇŇUR ŞAHSY OKUWYNY GEÇIRIP, HUDAÝYŇ SÖZÜNE BERK ÝAPYŞYŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Käbir dogan-uýalar şahsy okuwy barada näme diýýär?

  • Biz şahsy okuwyny näme üçin her gezek doga edip başlamaly?

  • Okaýan zatlarymyza has gowy düşünmäge näme kömek edýär?

  • Mukaddes Ýazgylary öwrenenimizde nähili bellikler edip bilýäris?

  • Hudaýyň Sözüni öwrenenimizde näme üçin oýlanmak örän wajyp?

  • Öwrenenimizden soň näme etmeli?

Uýa çuňňur şahsy okuwyny geçirýär; dogan Mukaddes Ýazgylaryna bellik edýär; uýa iki adam bilen Mukaddes Ýazgylarynda eden bellikleri bilen paýlaşýar; dogan doga edýär

«Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» (Zb 119:97).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş