HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | KOLOSLYLAR 1—4
Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryp, täze häsiýetlere geýniň
Mümkin, siz hakykata geleniňizde köp özgerişikleri edensiňiz. Edýän tagallalaryňyzy Ýehowanyň gymmat saýýandygyna ynamly bolup bilersiňiz (Ezk 33:11). Emma biz öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykaryp, täze häsiýetlere geýinmegimizi dowam etmeli. Aşakda getirilen soraglar nämäniň üstünde işlemelidigimizi bilmäge kömek eder:
Göwnüme degen adamdan henizem öýke-kine saklaýarynmy?
Işli ýa-da ýadaw mahalym hem sabyrlylygymy görkezýärinmi?
Ahlaksyz pikirler dörän badyna derrew aýyrmaga jan edýärinmi?
Başga milletden ýa-da tire-taýpadan bolan adamlary äsgermezçilik edýärinmi?
Ýakynda kimdir birine gaharlanyp, kemsidiji sözleri aýtdymmy?