MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýärsiňizmi?
Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýyň sözleri we habary bar (2Pe 1:20, 21). Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, bize gowy gelejek garaşýar. Tizden Hudaýyň Patyşalygy ähli adamlary gowy ýaşaýşa ýetirer. Mukaddes Kitaby okap, gökdäki Atamyz Ýehowanyň häsiýetleri barada hem köp zatlary bilýäris (Zb 86:15).
Ýehowanyň Sözüni gymmat saýmagymyza ençeme sebäpler bar. Ýöne biz ony her gün okaýarysmy? Öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanýarysmy? Şeýtsek, Hudaýyň beren sowgadynyň gadyryny bilýändigimizi görkezeris. Geliň, bizem: «Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin» diýen mezmurçy ýaly, Mukaddes Kitaby gymmat saýýandygymyzy iş ýüzünde görkezeliň (Zb 119:97).
«OLAR MUKADDES ÝAZGYLARYŇ GADYRYNY BILÝÄRDILER» DIÝEN WIDEONYŇ UILÝAM TINDAL HAKDA PARÇASYNY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Uilýam Tindal Mukaddes Kitabyň käbir parçalaryny näme üçin terjime etdi?
Tindal Mukaddes Kitabyň terjimesi üçin nähili tagallalary etdi?
Tindalyň terjimesi nädip Angliýa gizlin geçirildi?
Biz Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezip bileris?