Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb20 Awgust sah. 3
  • Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, berk duruň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, berk duruň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • «Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmek. Batyrgaýlyk»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Biz batyrgaý bolup bileris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Maňa batyrgaýlyk ber
    Ýehowa aýdym aýdalyň
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
mwb20 Awgust sah. 3

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, berk duruň

NÄME ÜÇIN WAJYP? Tizden batyrgaýlygymyz synaljak gorkunç wakalar bolar; şonda Ýehowa öňküdenem köp bil baglamaly bolarys. Uly betbagtçylyk ýalan dinleriň ýok edilmegi bilen başlanar (Mat 24:21; Ylh 17:16, 17). Şol gowgaly döwürde, belki-de, höküm habaryny gorkman aýtmaly bolarys (Ylh 16:21). Şonda Mäjit ýurdundaky Äjit üstümize topular (Hyz 38:10—12, 14—16). Ýehowa hem halkyny goramak üçin, «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe» başlar (Ylh 16:14, 16). Şol wakalarda gorkmaz ýaly, häzirden imanymyz synalýan ýagdaýlarda Hudaýa wepaly bolmaly.

NÄDIP ETMELI?

  • Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşap, olary batyrgaýlyk bilen goramaly (Işa 5:20).

  • Imandaşlarymyz bilen bile sežde etmegi dowam etmeli (Ýew 10:24, 25).

  • Ýehowanyň guramasynyň üsti bilen berýän görkezmesine derrew eýermeli (Ýew 13:17).

  • Ýehowanyň geçmişde halkyny nädip halas edendigi hakda oýlanmaly (2Pe 2:9).

  • Ýehowa doga edip, bil baglamaly (Zb 112:7, 8).

«GELEJEKDE BATYRGAÝ BOLMAGY TALAP ETJEK WAKALAR» DIÝEN WIDEODAN BIR PARÇANY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Gelejekde batyrgaý bolmagy talap etjek wakalar» diýen wideodan bir parça. Ýygnak jaýynda uýamyz başga ýygnaga bellenendigini bilensoň, alada galýar.

    Wagyzçylar başga ýygnaga bellenendiklerini bilende, olaryň doganlara gulak asmaklygy nädip synaldy?

  • «Gelejekde batyrgaý bolmagy talap etjek wakalar» diýen wideodan bir parça. Şol uýa iki uýa bilen täze ýygnaga bellenendigi hakda gürrüň edýär.

    Biz gulak asyp, nädip batyrgaý bolup bilýäris?

  • «Gelejekde batyrgaý bolmagy talap etjek wakalar» diýen wideodan bir parça. Oglanjyk «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» kitabynda Armageddonyň suratyny görüp, aladaly oýlanýar

    Armageddonda biz näme üçin hasam batyrgaý bolmaly?

  • «Gelejekde batyrgaý bolmagy talap etjek wakalar» diýen wideodan bir parça. Ýehoşapat bilen halk Ýahudadan söweş meýdanyna gelip görende, birje duşmanam diri galmandyr.

    Gelejekde batyrgaý bolmaly ýagdaýlara häzirden taýýarlyk görüň

    Mukaddes Kitapdaky haýsy waka Ýehowanyň bizi halas etjekdigine imanymyzy hasam berkidýär? (2Tr 20:1—24).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş