HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 17, 18
Pespäller beýlekilere tälim berip, borçlary ynanýarlar
Tejribeli doganlar jogapkärli işleri ynanmak üçin, ýaş doganlara tälim berenlerinde, pespäl hem mähirli bolup, akyldarlyk bilen hereket edýärler. Nädip?
Köp jogapkärli işleri ýerine ýetirip biljek doganlary göz öňünde tutýarlar
Ynanylan ýumşy doly ýerine ýetirmek üçin nämäniň zerurdygyny düşündirýärler
Tabşyrylan işi ýerine ýetirmek üçin olara ýeterlik pul, gural we başga-da gerek bolan zatlary berýärler
Tabşyrylan işi ýerine ýetirişine soňuna çenli üns berýärler we şägirdine ynanýandygyny görkezýärler
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: men başgalara nähili jogapkärli işleri ynanyp bilerin?