MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýalan gürrüňleri ýaýratmakdan ägä boluň
Şu günler täzelikler radionyň, telewizoryň we internetiň üsti bilen millionlarça adamlara göz açyp-ýumasy salymda ýetýär. Hak Hudaý Ýehowa gulluk edýän adamlar ýalan maglumatlary asla ýaýratmak islemeýär (Zb 31:5; 2Ms 23:1). Eger özüň hakda gybat edilendigini eşideniňde, arkaňdan pyçak sanjylan ýaly duýýansyň. Biri barada gep-gürrüň aýtmazdan öň, onuň çyn ýa-da ýalandygyny anyklamak üçin şeýle soraglary beriň:
Muny ynamdar adam aýtdymy? Gürrüňi aýdan adam ynamdar bolsa-da, ähli ýagdaýy doly bilmezligi mümkin. Şeýle-de gürrüň dilden-dile geçip, üýtgäp bilýär. Adamlar gep-gürrüň edende, ýa goşup aýdýarlar, ýa-da käbir zatlary aýtmaýarlar. Şonuň üçin başdaky maglumaty anyk bilmeli we kimiň aýdandygyna üns bermeli. Elbetde, ýygnakdaky jogapkärli doganlar imandaşlarynyň aýdýan zatlaryna ynanýarlar, ýöne onuň ýoýulyp-ýoýulmandygyny anyklamaly
Töhmetmi? Käte adamyň ýa-da guramanyň abraýyny gaçyrmak üçin töhmet atýarlar. Şeýle gürrüňleri ýaýratmasak gowy bolar (Nak 18:8; Flp 4:8)
Bolan wakamy? Gyzykly we täsin wakalary diňläniňizde seresap boluň
«GYBAT ETMEKDEN NÄDIP GAÇA DURMALY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Nakyllar 12:18-e görä, aýdýan sözlerimiz adamlara nähili zyýan ýetirer?
Filipililer 2:4 bize adamlar hakda gürrüň edenimizde, seresap bolmaga nädip kömek edýär?
Birini ýaňsylap, ýaramaz zatlary aýdyp başlasalar näme etmeli?
Biriniň gürrüňini etmezden öň, özümize nähili soraglary bermeli?