HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 4, 5
Ýehowa iň gowy zadyňyzy beriň
Ysraýyllar Ýehowa Hudaý bilen parahatlygy saklamak üçin parahatlyk gurbanlygyny berýärdiler. Hatda olar garyp bolsa-da, Ýehowa ýaraýan gurbanlary berip bilýärdiler. Olar iň gowy zadyny sadaka berip, Ýehowany razy edip bilýärdiler. Meselem, olar Ýehowa un sadaka berip bilýärdiler, ýöne ol «iň gowy» undan bolmalydy. Adatça, «iň gowy» undan hormatlanýan myhmanlar üçin zat bişirilýärdi (1Ms 18:6). Şu günler biziň hem ýagdaýymyz çäkli bolsa-da, ýürekden berýän «öwgi gurbanlarymyzy» Ýehowa höwes bilen kabul edýär (Ýew 13:15).
Ýarawsyzlyk ýa garrylyk sebäpli Ýehowa öňkiňiz ýaly gulluk edip bilmeýän bolsaňyz, şu pikirler sizi nädip ruhlandyryp biler?