HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Ýurduň ilatyny kowup çykaryň»
Ýehowa ysraýyllara ýerli halky wada edilen ýurtdan kowmagy tabşyrdy. Sebäbi olar ysraýyllary Ýehowadan daşlaşdyryp bilerdi (4Ms 33:52; w10 1/8 sah. 23)
Ýehowa ysraýyllara ak pata berip, ýurdy eýelemäge kömek etdi (4Ms 33:53)
Ysraýyllar betbagtçylyga uçramaz ýaly, duşmanlaryny doly ýok etmelidiler (4Ms 33:55, 56; w08 15/2 sah. 27, abz. 5, 6; it «Kengan»)
Bizem Ýehowany razy etmek üçin ruhy we ahlak taýdan zyýan ýetirýän ähli işlerden gaça durmaly (Ýak 1:21). Ýehowa bize şu dünýäniň hödürleýän ähli erbet zatlaryndan we günäli höweslerinden gaça durmaga güýç-kuwwat berer.