Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Maý sah. 9
  • «Soňky günleriň» soňky sagatlaryna taýyn boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Soňky günleriň» soňky sagatlaryna taýyn boluň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Sen taýýarmy?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Ýurtda dawa-jenjel tursa näme etmeli?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Siz ykdysady kynçylyklara taýýarmy?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Siz tebigy betbagtçylyga taýynmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2007
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Maý sah. 9
Bir maşgala ilkinji kömek üçin gerek bolan zatlary, tiz zaýalanmaýan iýmitleri we suw taýýarlaýar.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Soňky günleriň» soňky sagatlaryna taýyn boluň

«Soňky günleriň» soňky sagatlarynda ýaşaýandygymyz üçin ýagdaýyň hasam kynlaşjakdygyny bilýäris (2Tm 3:1; Mat 24:8). Tebigy betbagtçylyk bolanda, Ýehowa halkyna wagtly-wagtynda görkezme berip durýar. Biziň halas bolmagymyz berilýän görkezmelere häzirden gulak asyşymyza bagly. Biz, esasanam, ruhy taýdan taýýar bolmaly we gerek-ýarak zatlary taýynlap goýmaly (Luk 16:10).

  • Ruhy taýdan taýýar boluň: Mukaddes Kitaby yzygiderli okap, şahsy okuwyny wagtly-wagtynda geçiriň. Wagzyň dürli görnüşlerine gatnaşyň. Ýygnakdaky dogan-uýalar bilen wagtlaýynça görşüp bilmeseňiz-de howsala düşmäň (Işa 30:15). Dogan-uýalar ýanyňyzda bolmasa-da, Ýehowa bilen Isa hemişe ýanyňyzda (od sah. 162, abz. 15—17).

  • Öňünden taýýarlyk görüň: her bir dogan-uýa iki-üç hepdä ýeter ýaly, tiz zaýalanmaýan iýmitleri, ýeterlik suwy, dermanlary we şuňa meňzeş başga-da zatlary sumka salyp goýmaly (Nak 22:3; g17.5 sah. 4).

«SEN TEBIGY BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARMY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Sen tebigy betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideodan bir parça. Dogan Mukaddes Kitaby okaýar.

    Tebigy betbagtçylyga ruhy taýdan nädip taýýarlyk görüp bileris?

  • «Sen tebigy betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideodan bir parça. Suratda ätiýaçlyk sumkasy, habarlaşmak üçin telefon belgiler we barmaly ýeriň kartasy görkezilen.

    Näme üçin...

    • ýygnak ýaşululary bilen habarlaşyp durmaly?

    • gerekli zatlary taýýarlap goýmaly?

    • ýaşaýan ýerimizde bolup biläýjek tebigy betbagtçylyklar barada bilmeli?

  • «Sen tebigy betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideodan bir parça. Suratlar: tebigy betbagtçylyga uçranlara kömek etmegiň usullary: 1) dogan olar üçin doga edýär. 2) Doganlar olara kömek edýärler. 3) Dogan pul sadakasyny berýär.

    Biz tebigy betbagtçylyga uçranlara haýsy üç ýol bilen kömek edip bileris?

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Koronawirus keseli bilen dörejek kynçylyklara nädip öňünden taýýarlanyp bilerin?»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş