MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Yzarlamalarda-da şatlygyňyzy ýitirmäň
Isa pygamber şägirtleriniň yzarlanjakdygyny aýtdy (Ýah 15:20). Elbetde, yzarlanlarynda käte gorkýarys, alada edýäris. Ýöne şonda-da şatlanyp bolýar (Mat 5:10—12; 1Pe 2:19, 20).
«„BIZ ŞATLANYP BILERIS“ — YZARLAMALARDA» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Konstantin Baženow dogan ýaly...
Mukaddes Kitaby näme üçin her gün okamaly?
näme üçin dogan-uýalara minnetdar bolmaly?a
hemişe doga etmek bize nädip güýç berýär?
Patyşalyk aýdymlaryny näme üçin ýat tutmaly?
nirede bolsagam näme üçin wagyz etmeli?
a Ýerli ýagdaýa görä, türmedäki dogan-uýalara hat iberip bilmesegem, olaryň her biriniň adyny tutup doga edip bileris.