MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hudaýyň pikirini biljek boluň
Biz ähli zatda Ýehowany razy etmek isleýäris (Nak 27:11). Belli bir meselede anyk görkezme ýa tabşyryk bolmasa-da, karara gelenimizde Hudaýyň pikirini biljek bolmaly. Ýöne Ýehowanyň pikirini nädip bilse bolýar?
Mukaddes Kitaby her gün okaň. Mukaddes Kitaby okanymyzda, Ýehowa bilen gürrüňdeş bolýarys. Dogry hem erbet işleri eden adamlara Hudaýyň nähili garandygy we olara näme edendigi hakda oýlansak, Ýehowanyň garaýşyna has gowy düşüneris. Karara gelmeli bolanymyzda, mukaddes ruh prinsipleri we sapak edinmeli wakalary ýadymyza salýar (Ýah 14:26).
Gözleg geçiriň. Karara gelmänkäňiz, özüňize şeýle sorag beriň: «Şu meselede Mukaddes Kitapdaky haýsy aýatlar ýa-da wakalar Ýehowanyň pikirini bilmäge kömek edýär?» Doga edip, Ýehowadan kömek sorasaňyz, öz diliňizdäki edebiýatlardan gözleg geçirseňiz, kömek edäýjek prinsipleri taparsyňyz (Zb 25:4).
«BIZ ÇYDAMLY YLGAMALY. ÝOKUMLY IÝMITLERI IÝIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Uýa nähili kynçylyklara duş geldi?
Şeýle ýagdaýa düşseňiz, size näme kömek eder?
Edebiýatlardan gözleg geçirsek we şahsy okuwyny etsek, nähili karara geleris? (Ýew 5:13, 14).