Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Fewral sah. 8—13
  • Gökdäki Atamyz Ýehowany güýçli söýýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gökdäki Atamyz Ýehowany güýçli söýýäris
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWADAN DAŞLAŞMAŇ
  • GULAK ASYP, SÖÝÝÄNDIGIŇIZI GÖRKEZIŇ
  • BAŞGALARA ATAMYZY SÖÝMÄGE KÖMEK EDIŇ
  • ÝEHOWANY SÖÝÜP, BAGTLY ÝAŞAŇ
  • Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi güýçli söýýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowa Atamyzy we dogan-uýalary söýeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowa bolan söýgi suwa çümdürilmäge höweslendirýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Hudaýyň Rebbi... söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Fewral sah. 8—13

ÖWRENILÝÄN MAKALA 7

Gökdäki Atamyz Ýehowany güýçli söýýäris

«Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris» (1 Ýah. 4:19).

152-NJI AÝDYM Güýjüm, umydym hem daýanjym

MAZMUNYa

1, 2. Ýehowa maşgalasyna goşulmaga näme üçin we nädip mümkinçilik berdi?

ÝEHOWA bizi ruhy maşgalasyna goşulyp, özüne sežde etmäge çagyrdy. Gör, nähili ajaýyp çakylyk! Ruhy maşgalamyz özüni Hudaýa bagyş eden we onuň Oglunyň töleg gurbanyna iman edýän adamlardan ybarat. Biz bagtly maşgala. Biz häzirden manyly durmuşda ýaşaýarys. Gökde ýa ýerde ýaşamaga bolan umydymyz hem bize şatlyk berýär.

2 Ýehowa bizi güýçli söýýändigi üçin maşgalasyna goşulmaga mümkinçilik berdi (Ýah. 3:16). Hudaý biziň üçin gymmatly «töleg töledi» (1 Kor. 6:20). Töleg gurbany arkaly Ýehowa bize özi bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga ýol açdy. Biz älem-jahanda iň beýik şahsyýete «Atamyz» diýip ýüzlenmek hormatyna eýe bolduk. Geçen makalada aýdyşymyz ýaly, Ýehowa iň gowy Ata.

3. Biz haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly? («Ýehowa maňa üns berýärmikä?» diýen çarçuwa serediň.)

3 Mukaddes Kitaby ýazan bir adam ýaly, bizem: «Ýehowanyň maňa eden ähli ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin?» diýýändiris (Zeb. 116:12). Biz hiç haçan Ýehowanyň ýagşylygynyň öwezini dolup bilmeris. Ýöne Ýehowanyň bize bolan söýgüsi ony söýmäge höweslendirýär. Ýahýa resul: «Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris» diýip ýazdy (1 Ýah. 4:19). Gökdäki Atamyzy söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

Ýehowa maňa üns berýärmikä?

Bir aýal eýläk-beýläk geçip duran adamlaryň arasynda durup: «Allatagala maňa üns berýärmikä?» diýip oýlanýar

Belki-de, siz: «Ýer ýüzünde milliardlarça adamlar ýaşaýar, onda Ýehowa maňa üns bir berýärmikä?» diýýänsiňiz. Şu soragyň jogabyny başga-da ençeme gowy adamlaryň bilesi gelýär. Dawut patyşa: «Eý Ýehowa, adam ogluna nazar salaryň ýaly, başy ölümli adama üns bereriň ýaly, ol kimmişin?» diýdi (Zeb. 144:3). Dawut Ýehowanyň ony gowy tanaýandygyny bilýärdi (1 Tar. 17:16—18). Şu günlerem Ýehowa öz Sözi hem guramasy arkaly siziň oňa bolan söýgiňizi görýändigine ynandyrýar. Geliň, munuň şeýledigini görkezýän käbir pikirlere seredeliň:

  • Ýehowa size hatda dogulmazyňyzdan öň hem üns berýär (Zeb. 139:16).

  • Ýehowa siziň ýüregiňizi görýär we pikirleriňizi bilýär (1 Tar. 28:9).

  • Ýehowa her biriňiziň doga-dilegleriňizi aýratynlykda eşidýär (Zeb. 65:2).

  • Ýehowa siziň hereketleriňize üns berýär (Nak. 27:11).

  • Ýehowa sizi aýratynlykda özüne ýakynlaşdyrýar (Ýah. 6:44).

  • Ýehowa sizi şeýle bir gowy tanaýar welin, siz aradan çykaýsaňyzam, ol sizi öňki bedeniňizde, öňki häsiýetleriňiz we ýatlamalaryňyz bilen direlder (Ýah. 11:21—26, 39—44; Res. 24:15).

ÝEHOWADAN DAŞLAŞMAŇ

Suratlar: 1) Uýa doga edýär we öňünde Mukaddes Kitaby açyk dur. 2) Ýaş doganymyza klasdaşlary çilim hödürleýär. 3) Doganymyz bir adama kitapçany görkezýär.

Yzygider doga edip, Hudaýa gulak asyp we başgalara ol hakda gürrüň berip, gökdäki Atamyz Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris (4—14-nji abzaslara serediň)

4. Ýakup 4:8-e görä Ýehowa bilen dostlaşar ýaly näme üçin tagalla etmeli?

4 Ýehowa biziň özi bilen dostlaşmagymyzy we gürleşmegimizi isleýär (Ýakup 4:8-i okaň). Ol bizi «hemişe doga etmäge» çagyrýar we her bir dogamyzy diňleýär (Rim. 12:12). Ýehowa bizi diňlemäge hemişe wagt tapýar we diňlemekden ýadamaýar. Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary okanymyzda, biz hem ony diňleýäris. Şeýle-de duşuşyklarda ünsli bolsak, ony diňläp bilýäris. Çaga ene-atasy bilen yzygiderli gürleşse, olara hasam ýakynlaşýar. Şonuň ýaly biz hem Ýehowa bilen ýakyndan dost bolmak üçin onuň bilen yzygiderli gürleşmeli.

Uýa doga edýär we öňünde Mukaddes Kitaby açyk dur.

5-nji abzasa serediň

5. Ýehowa has gowy doga etmek üçin näme edip bileris?

5 Hudaý bilen nädip gürleşýändigiňiz hakda oýlanyň. Ýehowa doga edenimizde, oňa ýüregimizi dökmegimizi isleýär (Zeb. 62:8). Şol sebäpli özümize şeýle sorag berip bileris: «Edýän dogalarym ýüzleý ýazylan hata meňzeýärmi ýa-da ýürekden ýazylan hata?» Elbetde, biziň barymyz Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýmäge we onuň bilen dostlugymyzy berk saklamaga jan edýäris. Şonuň üçinem doga-dileg etmegimizi dowam etmeli. Oňa ýüregimiziň töründe saklaýan zatlarymyzy aýtmaly. Onuň bilen şatlygymyzy hem gaýgymyzy paýlaşmaly. Hudaýdan kömek soramaga çekinmäň.

6. Gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy berkitmek üçin näme etmeli?

6 Gökdäki Atamyz bilen ýakyn dostlugymyzy goramak üçin oňa hemişe minnetdar bolmaly. Biz mezmurçynyň aýdan şu sözleri bilen ylalaşýarys: «Eý Ýehowa Hudaýym! Gudratly işleriň köpdür, bize eden ajaýyp işleriň, niýetleriň sanardan köpdür. Eý Alla, saňa taý geljek ýokdur! Seniň işleriň hakda gürrüň berip başlasam, olaryň soňuna çykyp bilmerin» (Zeb. 40:5). Biz ýöne bir minnetdar bolmak bilen çäklenmeli däl. Edýän işlerimiz we aýdýan sözlerimiz bilen Ýehowa minnetdarlygymyzy görkezmeli. Munuň üçin biz dünýädäki adamlardan tapawutlanmaly. Dünýäniň adamlary Hudaýyň olar üçin eden zatlaryna minnetdar bolmaýar. Adamlaryň gadyr bilmez bolmagy biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy görkezýär (2 Tim. 3:1, 2). Biz şeýle adamlar ýaly bolmak islemeýäris.

7. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär we näme üçin?

7 Ene-atalar çagalarynyň bir-biri bilen duşman däl-de, dost bolmagyny isleýär. Şonuň ýaly Ýehowa hem çagalarynyň agzybir bolmagyny isleýär. Bir-birimize bolan söýgimiz Isanyň şägirtleridigimizi subut edýär (Ýah. 13:35). Mezmurçy hem şeýle ýazdy: «Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zeb. 133:1). Dogan-uýalarymyzy söýenimizde, Ýehowany söýýändigimizi subut edýäris (1 Ýah. 4:20). Bir-birine «mähirli bolýan we rehim-şepagat edýän» dogan-uýalardan ybarat maşgalanyň agzasy bolmak nähili ajaýyp! (Efes. 4:32).

GULAK ASYP, SÖÝÝÄNDIGIŇIZI GÖRKEZIŇ

Ýaş doganymyz klasdaşlary çilim hödürlände, ýüz öwürýär.

8-nji abzasa serediň

8. 1 Ýahýa 5:3-e görä Ýehowa gulak asmagymyzyň esasy sebäbi näme?

8 Ýehowa çagalaryň ene-atasyna gulak asmagyny isleýär; ol biziňem özüne gulak asmagymyza garaşýar (Efes. 6:1). Ýehowa biziň gulak asmagymyza mynasyp, sebäbi ol biziň Ýaradyjymyz, ol bize ýaşaýyş berdi. Ýehowa islendik ene-atadan hem akyldar. Emma Ýehowa gulak asmagymyzyň esasy sebäbi: biz ony söýýäris (1 Ýahýa 5:3-i okaň). Ýehowa gulak asmaga ençeme sebäpler bolsa-da, ol bizi muny etmäge mejbur etmeýär. Ol bize erkinligi sowgat berdi, şol sebäpli oňa söýgi bilen gulak asanymyzda, ol juda begenýär.

9, 10. Hudaýyň kada-kanunlaryny bilmek we olar boýunça ýaşamak näme üçin wajyp?

9 Ene-atalar çagalaryny goramak isleýär. Şonuň üçin olara gorag boljak düzgünleri goýýarlar. Çagalar şol görkezmelere gulak asanda, ene-atasyna bil baglaýandygyny we hormat goýýandygyny görkezýär. Gökdäki Atamyzyň kada-kanunlaryny bilmek we şolar boýunça ýaşamak has wajyp. Şonda biz Ýehowany söýýändigimizi, oňa hormat goýýandygymyzy görkezýäris we peýda alýarys (Işa. 48:17, 18). Ýöne Ýehowadan we onuň kada-kanunlaryndan ýüz öwren adam özüne uly zyýan ýetirýär (Gal. 6:7, 8).

10 Ýehowa ýaramly ýaşanymyzda, biz özümizi beden, duýgy we ruhy taýdan goraýarys. Bize nämäniň peýdalydygyny Ýehowa bilýär. Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Awrora şeýle diýýär: «Ýehowa gulak assaň, durmuşyň gowulanar». Bu dogrudanam şeýle. Siz hem Ýehowanyň söýgi bilen berýän görkezmesine gulak asyp, peýda alypdyňyzmy?

11. Doga etmek bize nädip kömek edýär?

11 Gulak asmak kyn düşende, bize doga kömek edýär. Günälidigimiz üçin käwagt Ýehowa gulak asmak kyn bolýar; emma Hudaýa gulak asar ýaly hemişe elimizde baryny etmeli. Mezmurçy Hudaýa: «Mende saňa gulak asmaga isleg döret» diýip ýalbardy (Zeb. 51:12). Denise atly pioner uýamyz şeýle diýýär: «Ýehowanyň görkezmelerinden birine gulak asmak kyn düşende, men dogry hereket etmäge güýç soraýaryn». Ýehowanyň şeýle dogalara jogap berjekdigine ynamly bolup bileris (Luka 11:9—13).

BAŞGALARA ATAMYZY SÖÝMÄGE KÖMEK EDIŇ

12. Efesliler 5:1-e görä biz näme etmeli?

12 Efesliler 5:1-i okaň. «Söýgüli çagalar kimin» Hudaýdan görelde almak üçin jan etmeli. Biz başgalara söýgi, mähir bildirsek, bagyşlamaga taýyn bolsak, onuň göreldesine eýereris. Hudaýy tanamaýan adamlar gowy häsiýetlerimizi görse, belki-de, Ýehowa hakda öwrenmek islär (1 Pet. 2:12). Ene-atalar Ýehowadan görelde alyp, çagalary bilen özüni mähirli alyp barmaly. Şonda çagalaryna gökdäki Atasy Ýehowa ýakynlaşmak hasam aňsat bolar.

Doganymyz bir adama kitapçany görkezýär.

13-nji abzasa serediň

13. Batyrgaý bolmak üçin näme etmeli?

13 Kiçijik çagalaryň kakasy hakda begenip, gürrüň berişi ýaly, bizem gökdäki Atamyz Ýehowa barada başgalara gürrüň bermegi uly hormat hasaplaýarys. Dawut patyşanyň: «Ýehowa joşup alkyş aýdaryn» diýen sözleri biziňem ýüregimizde joşup durmaly (Zeb. 34:2). Ýöne Ýehowa hakda aýtmaga utanýan bolsak näme?! Nädip batyrgaý bolup bileris? Adamlara Ýehowany tanamaga kömek edenimizde, Onuň özüni bagtly duýjakdygy we ol hakda bilim alan adamlaryň durmuşynyň nähili gowy boljakdygy barada oýlansak, asla gorkmarys. Ýehowa I asyrdaky mesihçilere batyrgaý bolmaga kömek edişi ýaly, bize-de batyrgaýlyk berer (1 Sel. 2:2).

14. Şägirt taýýarlamak işi näme üçin wajyp?

14 Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar. Şonuň üçin başgalary ala tutman, söýgimizi bildirsek, ol begenýär (Res. 10:34, 35). Söýgimizi bildirmegiň bir usuly adamlara hoş habary wagyz etmek (Mat. 28:19, 20). Munuň nähili peýdasy bar? Hoş habary kabul eden adamlar häzirden durmuşyny gowulandyrýar we gelejekde ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe bolup bilýär (1 Tim. 4:16).

ÝEHOWANY SÖÝÜP, BAGTLY ÝAŞAŇ

15, 16. Bagtly bolmaga bizde nähili sebäpler bar?

15 Ýehowa söýgüden doly ata hökmünde maşgalasynyň bagtly bolmagyny isleýär (Işa. 65:14). Şonuň üçin kynçylyklara duşsak-da, häzirden bagtly ýaşamaga bizde köp sebäpler bar. Meselem, gökdäki Atamyzyň bizi güýçli söýýändigini bilýäris. Mukaddes Kitapdan dogry bilim alýarys (Ýer. 15:16). Ýehowany, onuň kada-kanunlaryny we bir-birini söýýän agzybir ruhy maşgalamyz bar (Zeb. 106:4, 5).

16 Dogrudan-da, biz özümizi bagtly duýýarys, sebäbi gelejekde has gowy ýaşaýşyň boljakdygyna umyt edýäris. Biz tizden Ýehowanyň ähli erbetligi aýyrjakdygyny we Patyşalygynyň saýasynda ýer ýüzünde Jenneti dikeltjekdigini bilýäris. Şeýle-de ölen adamlaryň direlip, ýakynlaryna, maşgalasyna gowuşjakdygyna umyt edýäris (Ýah. 5:28, 29). Şonda şatlyk, gülki höküm sürer! Esasy zat bolsa, biz adamlaryň hem perişdeleriň bilelikde söýgüden doly Atamyza öwgi, alkyş aýdyp, sežde etjek döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, sebäbi Ýehowa muňa mynasyp!

ÝADYŇYZDAMY?

  • Näme üçin yzygider doga etmeli?

  • Näme üçin Ýehowa gulak asmaly?

  • Näme üçin başgalara gökdäki Atamyz hakda gürrüň bermeli?

112-NJI AÝDYM Beýik Hudaý — Ýehowa

a Ýehowa Atamyzyň bizi güýçli söýýändigini bilýäris; ol bizi ruhy maşgalasyna kabul etdi. Şonuň üçin biz hem ony söýmeli. Aladaçyl Atamyzy söýýändigimizi nädip görkezip bileris? Şu makalada Atamyza söýgimizi görkezmäge kömek etjek käbir maslahatlara serederis.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş