Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Oktýabr sah. 13—19
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GOÝ, MUKADDES KITAP ÖWRETSIN!
  • YHLASLY WE YNAMLY ÖWREDIŇ
  • DOGAN-UÝALAR BILEN DOSTLAŞMAGA KÖMEK EDIŇ
  • SUWA ÇÜMDÜRILMEGIŇ WAJYPDYGYNY AÝDYŇ
  • RUHY TAÝDAN ÖSÝÄNDIGINI NÄDIP BILMELI?
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere suwa çümdürilmäge kömek edeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Oktýabr sah. 13—19

ÖWRENILÝÄN MAKALA 42

Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)

«Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol» (1 Tim. 4:16).

77-NJI AÝDYM Garaňky dünýäde ýagtylyk

MAZMUNYa

1. Haýsy iş adamlaryň janyny halas edýär?

ŞÄGIRT taýýarlamak işi adamlaryň janyny halas edýär. Näme üçin? Isa pygamber şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň» (Mat. 28:19, 20). Suwa çümdürilmek wajypmy? Hawa, diňe suwa çümdürilen adam halas bolup bilýär. Şeýle-de ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin Isa pygamberiň janyny töleg gurbany hökmünde berendigine we direlendigine iman etmeli. Şol sebäpli Petrus resul mesihçilere: «Siz suwa çümdürilip, Isa Mesihiň direlmegi bilen halas bolýarsyňyz» diýdi (1 Pet. 3:21). Şeýlelikde, suwa çümdürilip, şägirt bolan adam halas bolup bilýär.

2. 2 Timoteos 4:1, 2-nji aýatlar bizi näme etmäge höweslendirýär?

2 Biz şägirt taýýarlamak üçin «ökdelik bilen öwretmeli» (2 Timoteos 4:1, 2-nji aýatlary okaň). Näme üçin? Isa şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň. Olara... öwrediň». Pawlus resul hem şeýle diýdi: «Öwredişiňe hemişe ünsli bol. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:16). Öwretmek şägirt taýýarlamak işi bilen berk baglanyşykly bolandygy üçin, biz ökde mugallym bolar ýaly elimizde baryny etmeli.

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde millionlarça adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler. Biz geçen makaladan okuw geçýänlere suwa çümdürilip, Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek üçin näme etmelidigi barada bildik. Şu makalada mugallymlar üçin zerur bolan bäş maslahat hakda gürrüň ederis.

GOÝ, MUKADDES KITAP ÖWRETSIN!

Suratlar: 1) uýa bir gelin bilen sapak geçýär. Uýa ellerini hereketlendirip, joşup gepleýär. Mukaddes Kitap stoluň üstünde ters ýüzüne düňderilip goýlan. Garry uýa bilen gelin geň galyp seredýärler. 2) Soňra çaýhanada ýaş uýa tejribeli uýanyň ökdelik bilen öwretmek babatda berýän maslahatlaryny ünsli diňleýär.

Mukaddes Kitap esasynda ökdelik bilen sapak geçer ýaly tejribeli wagyzçydan maslahat soraň (4—6-njy abzaslara serediň).f

4. Mukaddes Kitap okuwyny geçirýän nämeden seresap bolmaly? (Çykgyda serediň).

4 Biz Mukaddes Kitabyň hakykat bilimini gowy görýändigimiz üçin köp zatlary gürrüň berip oturýandyrys. Emma «Garawul diňi» ýa-da «Mukaddes Kitaby öwrenmek» duşuşygyny alyp barýan dogan, ýa-da Mukaddes Kitap okuwyny geçirýän wagyzçy köp geplemekden seresap bolmaly. Okuw geçirýän wagyzçy Mukaddes Kitap arkaly öwretmeli. Munuň üçin ol özüne erk etmeli we aýat ýa-da tema hakda bilýän ähli zadyny gürrüň bermeli dälb (Ýah. 16:12). Siz suwa çümdürilen wagtyňyz Mukaddes Kitapdan köp zatlary bilýärdiňizmi ýa-da şu wagt bilýärsiňiz? Elbetde, siz diňe esasy taglymatlary bilýärdiňiz, indi bolsa bilimiňiz has-da artdy (Ýew. 6:1). Munuň üçin siz birnäçe ýyl bilim alansyňyz. Şol sebäpli okuw geçýäniňize-de bir günde hemme zady öwretjek bolmaň.

5. a) 1 Selanikliler 2:13 görä, okuw geçýän adam nämä düşünmeli? b) Biz okuw geçýäne pikirini aýtmaga nädip höweslendirmeli?

5 Biz okuw geçýän adama Hudaýyň Sözünden bilim alýandygyna düşünmäge kömek etmeli (1 Selanikliler 2:13-i okaň). Nädip? Okuw geçýän adamy öwrenen zatlary hakda pikirini aýtmaga höweslendiriň. Mukaddes Kitapdan aýat okanyňyzda, özüňiz düşündirmän, onuň pikirini soraň. Hudaýyň Sözüniň oňa nähili peýda berýändigini görmäge kömek ediň. Okaýan aýatlaryna nähili düşünýändigini bilmek üçin soraglary beriň (Luka 10:25—28). Meselem: «Şu aýatdan Ýehowanyň haýsy häsiýetini gördüňiz? Mukaddes Kitapdaky şu maslahatyň nähili peýdasy bar? Siz bilen zadyňyza nähili garaýarsyňyz?» (Nak. 20:5). Okuw geçýäne köp bilim almak däl-de, öwrenen zatlaryny gymmat saýmak we durmuşynda ulanmak wajypdyr.

6. Mukaddes Kitap okuwyny tejribeli wagyzçylar bilen geçirseňiz näme üçin gowy bolar?

6 Siz Mukaddes Kitap okuwyny tejribeli wagyzçylar bilen geçirseňiz gowy bolar. Şonda olardan okuw geçirişiňiz we Mukaddes Kitap arkaly öwredişiňiz hakda näme pikir edýändigini sorap bilersiňiz. Elbetde, ökde mugallym bolmak üçin pesgöwünli bolmaly (Resullar 18:24—26-njy aýatlary deňeşdiriň). Şeýle-de wagyzçydan okuw geçýäniňiz hakda näme pikir edýändigini soraň. Eger siz bir hepde ýa-da ondanam köp wagt bir ýere gitmekçi bolsaňyz, wagyzçydan sapak geçirmegini haýyş edip bilersiňiz. Şonda gyzyklanýan sapagyny yzygider geçip, Hudaýyň Sözüni öwrenmegiň wajypdygyna düşüner. Siz: «Ol menden başga hiç kim bilen sapak geçmeli däl» diýip pikir etmäň. Esasy zat, okuw geçýän adama yzygiderli sapak geçirilmegi üçin elimizde baryny etmeli.

YHLASLY WE YNAMLY ÖWREDIŇ

Suratlar: 1) uýa sapak geçýän gelne bir uýa hakda wideo görkezýär. 2) Okuw geçýän gelin bilen zatlaryny ärine gürrüň berýär.

Okuw geçýäniňiz Mukaddes Kitabyň kanunlaryna eýerer ýaly, dogan-uýalar bilen bolan wakalary gürrüň beriň (7—9-njy abzaslara serediň).g

7. Okuw geçýäne hakykat biliminiň gadyryny bilmäge näme kömek eder?

7 Okuw geçýäniňiz siziň özüňiziň Mukaddes Kitapdaky hakykata ýürekden ynanýandygyňyzy görmeli (1 Sel. 1:5). Şonda ol hakykat biliminiň gadyryny biler. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň size nähili peýda berýändigi hakda gürrüň beriň. Şeýle etseňiz, okuw geçýäniňiz Hudaýyň Sözündäki maslahatlaryň özüne-de peýdaly boljakdygyna düşüner.

8. Okuw geçýäne kömek etmek üçin ýene-de näme etmeli?

8 Sapak geçýän wagtyňyz gyzyklanýanyň başyndan geçirýän kynçylyklaryna meňzeş wakalary gürrüň beriň. Ýa-da şeýle kynçylyklara döz gelen dogan-uýalary okuwa çagyryň. Ýa-da jw.org saýtyndaky «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär»c diýen bölüminden gyzykly wakalary görkeziň. Şeýle makalalar we wideolar okuw geçýäniňize Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna gulak asmagyň peýdalydygyna düşünmäge kömek eder.

9. Okuw geçýän adamy bilen zatlaryny garyndaşlaryna we dostlaryna gürrüň bermäge nädip höweslendirmeli?

9 Okuw geçýäniňiz maşgala guranmy? Ýanýoldaşy hem okuw geçýärmi? Eger geçmeýän bolsa, ýanýoldaşyna sapagy diňlemegi teklip ediň. Okuw geçýäni bilen zatlaryny dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna gürrüň bermäge höweslendiriň (Ýah. 1:40—45). Belki-de, oňa şeýle soraglary berersiňiz: «Şu pikiri dogan-garyndaşlaryňyza nädip düşündirersiňiz? Dostlaryňyza haýsy aýat arkaly düşündirip bilersiňiz?» Şeýdip, siz okuw geçýäne ökde mugallym bolmaga kömek edersiňiz. Ol Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşap başlanda, suwa çümdürilmedik wagyzçy hökmünde dogan-uýalar bilen gulluk edip biler. Siz ondan tanyş-bilişleriniň arasynda Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýänleriň bardygyny soraň. Eger bar bolsa, onuň bilen tanşyp, okuw geçmegi teklip ediň. Oňa «Mukaddes Kitap okuwy nädip geçirilýär?» diýen wideony görkeziňd.

DOGAN-UÝALAR BILEN DOSTLAŞMAGA KÖMEK EDIŇ

Suratlar: 1) uýa okuw geçýän gelni Ýygnak jaýynda bir uýa bilen tanyşdyrýar. 2) Uýa okuw geçýän gelni we onuň äri bilen ýygnakda tanyşdyran uýanyň öýünde myhmançylykda otyrlar.

Okuw geçýäniňize dogan-uýalar bilen dostlaşmaga kömek ediň (10, 11-nji abzaslara serediň).h

10. 1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlara görä, okuw geçýäniň nädip aladasyny etmeli?

10 Siz okuw geçýäniňiziň ýürekden aladasyny etmeli. Oňa dogan ýa-da uýa hökmünde garaň (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Elbetde, oňa öňki dost-ýarlary bilen gatnaşygyny goýmak we Ýehowa gulluk etmek üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmek aňsat düşmez. Şol sebäpli okuw geçýäne dogan-uýalar bilen dostlaşmaga kömek ediň. Başda onuň bilen özüňiz dost boluň; diňe bir okuw geçmek bilen çäklenmän, oňa jaň ediň, hat ýazyň ýa-da tiz-tizden habar alyp duruň. Şonda ol özüniň aladasynyň edilýändigini duýar.

11. Okuw geçýäni näme üçin dogan-uýalar bilen tanyşdyrmaly?

11 «Gawun gawundan reňk alar» diýlipdir. Edil şonuň ýaly, okuw geçýän adam hem dogan-uýalardan görelde alýar. Ony dogan-uýalar bilen tanyşdyrsak, Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýäris. Sebäbi olar okuw geçýäni ruhy we duýgy taýdan goldap bilýärler. Biz okuw geçýän adamyň özüni bütindünýä doganlygyň agzasy ýaly duýmagyny isleýäris. Şeýle-de onuň agzybir we birek-biregi söýýän adamlaryň arasyna goşulmagyna garaşýarys. Şonda oňa Ýehowa sežde etmeýänler bilen gatnaşygyny goýmak aňsat düşer (Nak. 13:20). Öňki dostlary ondan ýüz öwürse-de, Ýehowanyň guramasynda oňa wepaly dostlar garaşýar (Mar. 10:29, 30; 1 Pet. 4:4).

SUWA ÇÜMDÜRILMEGIŇ WAJYPDYGYNY AÝDYŇ

Okuw geçýän gelin suwa çümdürilip çykýar. Onuň äri, sapak geçen uýa we birnäçe dogan-uýalar begenip çapak çalýarlar.

Okuw geçýän aýgytly ädimleri ätse, suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolar (12, 13-nji abzaslara serediň).

12. Okuw geçýäne özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek hakda näme üçin aýtmaly?

12 Okuw geçýäniňize özüni Hudaýa bagyş etmegiň we suwa çümdürilmegiň wajypdygyny aýtmaga çekinmäň. Sebäbi biz onuň suwa çümdürilip, Isa Mesihiň şägirdi bolmagyny isleýäris. Eger gyzyklanýan adam birnäçe aýdan bäri Mukaddes Kitapdan sapak geçip, ýygnak duşuşyklaryna barýan bolsa, Ýehowanyň Şaýady bolmagyň wajypdygyna düşünmeli.

13. Okuw geçýän suwa çümdürilmek üçin nähili ädimleri ätmeli?

13 Okuw geçýän suwa çümdürilmek üçin nähili aýgytly ädimleri ätmeli? Ilki bilen, ol Ýehowany tanamaly, söýmeli we oňa iman etmeli (Ýah. 3:16; 17:3). Ol Ýehowa we dogan-uýalar bilen dostlaşmaly (Ýew. 10:24, 25; Ýak. 4:8). Eden günälerine toba edip, erbet endiklerini goýmaly (Res. 3:19). Şeýle-de ol iman edýän zatlary hakda adamlara gürrüň bermeli (2 Kor. 4:13). Şu ädimleri ädensoň, ol özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýär (1 Pet. 3:21; 4:2). Şol gün ählimiz üçin iň şatlykly gün bolýar. Okuw geçýäniňiz maksadyna ýetmek üçin ädimler ädende, ony ýürekden öwüň we ruhy taýdan ösmäge höweslendiriň.

RUHY TAÝDAN ÖSÝÄNDIGINI NÄDIP BILMELI?

14. Okuw geçýäniň ruhy taýdan ösýändigini nädip anyklamaly?

14 Biz okuw geçýän adama özüni Hudaýa bagyş edip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek edenimizde sabyrly bolmaly. Emma onuň Ýehowa gulluk etmek isleýändigini ýa islemeýändigini anyklamaly. Ol Isa Mesihiň tabşyryklaryna gulak asmaga jan edýärmi? Ýa-da diňe Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi halaýar?

15. Okuw geçýäniň ruhy taýdan ösýändigini anyklamak üçin özümize nähili soraglary bermeli?

15 Okuw geçýän adamyň ruhy taýdan ösýändigini bilmek üçin özüňize şeýle soraglary beriň: ol Ýehowa doga edýärmi? Hudaýa aladasyny aýdýarmy? (Zeb. 116:1, 2). Mukaddes Kitaby okamagy halaýarmy? (Zeb. 119:97). Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barýarmy? (Zeb. 22:22). Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşaýarmy? (Zeb. 119:112). Dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna Ýehowa barada gürrüň berýärmi? (Zeb. 9:1). Aslynda, ol Ýehowanyň Şaýady bolmak isleýärmi? (Zeb. 40:8). Eger okuw geçýän adam şulary etmeýän bolsa, onda sebäbini anyklaň we onuň bilen açyk hem mähirli gepleşiňe.

16. Haýsy sebäplere görä okuw geçmeli däl?

16 Biz gyzyklanýan adam bilen sapagy geçmelimi ýa geçmeli däldigi hakda wagtal-wagtal oýlanmaly. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Ol sapaga taýýarlyk görýärmi? Ýygnak duşuşyklaryna barasy gelýärmi? Erbet endiklerini taşladymy? Ýalan dine uýmagyny goýdumy?» Eger şu soraglaryň ählisine «ýok» diýip-de, okuw geçmegi dowam etseňiz, suwa girmek islemeýän adama mejburlyk bilen ýüzmegi öwredýän ýaly bolarsyňyz. Eger ol bilen zatlaryny gymmat saýmasa, durmuşyny üýtgetmek islemese, şeýle adam bilen sapak geçmek nämä gerek?!

17. 1 Timoteos 4:16 görä, biz tabşyrylan işi nädip ýerine ýetirmeli?

17 Biz şägirt taýýarlamak işine jogapkärli garaýarys we okuw geçýänlerimize Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek isleýäris. Şonuň üçin adamlara Mukaddes Kitabyň esasynda sapak geçenimizde, yhlasly we ynamly öwredeliň. Okuw geçýänlere dogan-uýalar bilen dostlaşmaga kömek edeliň. Olara özüni Hudaýa bagyş etmegiň we suwa çümdürilmegiň wajypdygyny aýdalyň. Okuw geçýänleriň ruhy taýdan ösýändigini anyklalyň (13-nji sahypadaky «Okuw geçýäne Isanyň şägirdi bolmaga nädip kömek etmeli?» diýen çarçuwa serediň). Biz adamlary halas etmek işine gatnaşyp, köp şatlyk tapýarys! Geliň, Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek edeliň!

Uýa gelin bilen begenip okuw geçýär.

Okuw geçýäne Isanyň şägirdi bolmaga nädip kömek etmeli?

  1. 1. Goý, Mukaddes Kitap öwretsin!

    • Köp geplemez ýaly özüňize erk ediň

    • Sapagy ökdelik bilen geçirmek üçin tejribeli wagyzçylardan maslahat soraň

  2. 2. Yhlasly we ynamly öwrediň

    • Okuw geçýäniňiz siziň Mukaddes Kitapdaky hakykatlara ýürekden ynanýandygyňyzy görsün

    • Mukaddes Kitabyň kömegi bilen durmuşyny özgerden dogan-uýalar hakda gürrüň beriň

    • Bilen zatlaryny adamlara gürrüň bermäge höweslendiriň

  3. 3. Dogan-uýalar bilen dostlaşmaga kömek ediň

    • Ýürekden aladasyny edýändigiňizi görkeziň

    • Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etjek dogan-uýalar bilen tanyşdyryň

    • Özüni bütindünýä doganlygyň agzasy ýaly duýmaga kömek ediň

  4. 4. Suwa çümdürilmegiň wajypdygyny aýdyň

    • Suwa çümdürilmek üçin aýgytly ädimleri ätmäge kömek ediň

    • Ýürekden öwüň

  5. 5. Ruhy taýdan ösýändigini biliň

    • Ýehowa gulluk etmek isleýändigini anyklaň

    • Okuw geçýän ruhy taýdan ösmeýän bolsa, onuň bilen açyk hem mähirli gepleşiň

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Sapak geçirýän näme üçin köp geplemeli däl?

  • Okuw geçýän adamy dogan-uýalar bilen näme üçin tanyşdyrmaly?

  • Okuw geçýäne özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmegiň wajypdygyny näme üçin aýtmaly?

79-NJY AÝDYM Şägirtlere berk durmaga kömek ediň

a Ýehowa bize hormatly işi tabşyrdy. Biz adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip, Ýehowany razy edip ýaşamaga we durmuşyny özgertmäge kömek edýäris. Şu makalada öwretmek ukybymyzy gowulandyrmak üçin ýene näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

b «Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, şu ýalňyşlary goýbermäň» atly makala serediň (mwb16.09).

c BIZ BARADA > BAŞDAN GEÇIRENLERI diýen bölüme giriň.

d JW Library® programmasynyň AUDIO WE WIDEO > DUŞUŞYKLARYMYZ WE WAGYZ > WAGYZ ÜÇIN GOLLANMALAR diýen bölümine giriň.

e «Ýehowa bolan söýgi suwa çümdürilmäge höweslendirýär» we «Siz suwa çümdürilmäge taýynmy?» diýen makalalary okaň (w20.03).

f SURAT: tejribeli uýa sapakdan soň ýaş uýa köp geplemezligi maslahat berýär.

g SURAT: okuw geçýän ýagşy aýal bolmak üçin nähili häsiýetleriň gerekdigini bilýär we ärine gürrüň berýär.

h SURAT: okuw geçýän gelin ýygnakda tanşan uýanyň öýüne äri bilen myhmançylyga barýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş