Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp22 No. 1 sah. 4—5
  • Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýigrenç näme?
  • ÝIGRENÇ NÄDIP DÖREÝÄR?
  • ÝIGRENÇ NÄDIP ÝAÝRAÝAR?
  • ÝIGRENJIŇ KÖKI
  • Biz ýigrenji aýryp bileris!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Ýigrenç ebedilik ýok ediler!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Giriş
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
wp22 No. 1 sah. 4—5

Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär?

Biri-birini ýigrenýän adamlaryň sany näme üçin gitdigiçe köpelýär? Şu soragyň jogabyny bilmek üçin, ilki bilen ýigrenjiň nämedigine, onuň nädip dörändigine we nädip ýaýrandygyna düşünmeli.

Ýigrenç näme?

Bir adamy ýa-da tire-taýpany halamaýandygyň üçin döreýän ýakymsyz, erbet duýgy. Ýigrenmek gaharlanyp, derrew köşeşmegi aňlatmaýar.

ÝIGRENÇ NÄDIP DÖREÝÄR?

Adamlaryň bir-birini ýigrenmeginiň birnäçe sebäbi bar. Käbir adamlar erbet iş etmese-de, olary belli bir tire-taýpadan bolandygy üçin ýigrenýärler. Olar şol tire-taýpadaky adamlaryň hemmesini bir aýakdan sürüp ýaramaz, zyýan ýetirýän, hiç haçan düzelmejek adam hasaplaýarlar. Şeýle-de olara erbetlikde ýakasyny tanadyp ýören ýaly seredýärler, adam hasabynda görmeýärler. Köplenç ýigrenç duýgusy kemsidilen, adalatsyzlyk edilen ýa-da başga erbet ýagdaýlary başdan geçiren adamlaryň ýüreginde kök urýar.

ÝIGRENÇ NÄDIP ÝAÝRAÝAR?

Käbirleri hiç haçan görmedik, gatnaşmadyk adamlaryny hem ýigrenýär. Meselem, biri belli bir tiräni ýa milleti ýigrense, onuň garaýşy dogan-garyndaşlaryna-da, dost-ýarlaryna-da täsir edýär. Olaram şol tiräni ýa-da milleti ýigrenip başlaýarlar. Şeýdip, ýigrenç ýaýraýar.

Hawa, ýigrenjiň nädip ýaýraýandygyny bilseň, köp adamlaryň näme üçin biri-birini ýigrenýändigine düşünse bolýar. Ýöne adamlaryň bir-birini ýigrenmeginiň esasy sebäbi Mukaddes Kitapda aýdylýar.

ÝIGRENJIŇ KÖKI

Aýlaw görnüşdäki şekil ýigrenjiň nädip ýaýraýandygyny görkezýär. 1) Ýalan maglumata adamlaryň garaýşy, internet we täzelikler degişli. 2) Nätanyş medeniýet, tire-taýpa we din. 3) Üýtgeşiklikden, ýitirmekden we başyňa nämeleriň düşjekdigini bilmezlikden gorky. 4) Ýigrenje milletparazlyk, ala tutmak we zorluk-sütem etmek degişli.

ILKIBAŞDA ÝIGRENÇ KIMDE DÖREDI? Ilkibaşda Şeýtan Iblis diýilýän perişde Hudaýa garşy çykdy. Oňa «owal başdan ganhor» diýilýär. «Ýalançy we ýalanyň atasy» Şeýtan sebäpli ýigrenç, gahar-gazap ýaýraýar (Ýahýa 8:44; 1 Ýahýa 3:11, 12). Mukaddes Kitapda onuň «rehimsiz, zalym, gahar-gazaplydygy» aýdylýar (Eýýup 2:7; Ylham 12:9, 12, 17).

YNSAN GÜNÄLI BOLANDYGY ÜÇIN ÝIGRENÝÄR. Ilkinji ynsan Adam ata Şeýtanyň täsirine düşüp günä etdi. Şeýdip, ähli adamlara günä geçdi (Rimliler 5:12). Adamlar günäli bolandygy üçin biri-birini ýigrenýär. Adam atanyň nowbahar ogly Kabyl inisi Habyly ýigrenip, ony öldürdi (1 Ýahýa 3:12). Elbetde, köp adamlarda söýgi, rehimdarlyk ýaly gowy häsiýetlerem bar. Ýöne günäli bolandygy üçin ençeme adamlar görip we tekepbir bolýar, diňe özüni bilip ýaşaýar. Şeýle erbet häsiýetler bolandygy üçin adamlarda bir-birine bolan ýigrenç döreýär (2 Timoteos 3:1—5).

BIRINI HALAMASAŇ, OŇA ÝIGRENJIŇ HASAM ARTÝAR. Şu günler adamlaryň biri-birine bolan ýigrenji gün-günden artýar. Olaryň garaýşy, özüni alyp barşy başga adamlara-da täsir edýär. Birini halamasaň, ony ýigrenmek aňsat. Bütin dünýä Şeýtanyň elinde bolandygy üçin adamlar biri-birini ýek görýär, ala tutýar, kemsidýär, üstünden gülýär, ýaňsylaýar, elinden zadyny gaňryp alýar (1 Ýahýa 5:19).

Mukaddes Kitapda ýigrenjiň diňe bir nädip dörändigi däl-de, ony nädip aýryp bolýandygy hem aýdylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş