Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Dekabr sah. 2—7
  • Bize ebedi ýaşaýyş garaşýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bize ebedi ýaşaýyş garaşýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA EBEDILIK HUDAÝ
  • ÝEHOWANYŇ ILKIBAŞDAKY NIÝETI
  • ÝEHOWA NIÝETINDEN DÄNMEDI
  • BIZE AJAÝYP GELEJEK GARAŞÝAR
  • Ýehowanyň perzendi boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sen Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşap bilersiň
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — bu mesihçileriň umydymy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Dekabr sah. 2—7

49-NJY MAKALA

Bize ebedi ýaşaýyş garaşýar

«Ebedi ýaşaýşy alyň» (Ýah. 17:3).

147-NJI AÝDYM Hudaý ebedi ýaşaýşy wada berýär

MAZMUNYa

1. Ýehowanyň beren wadasy hakda näme üçin oýlanmaly?

HAK HUDAÝ ÝEHOWA wepaly bendelerini söýýär we olardan jyda düşmek islemeýär. Şol sebäpli gökdäki Atamyz ýer ýüzündäki ogul-gyzlaryna «ebedi ýaşaýşy» wada berýär (Rim. 6:23). Hudaýyň şu wadasy hakda oýlansak, Ony ýürekden söýeris we her gün razy edip ýaşamak isläris.

2. Hudaýyň wadasyna ynanmak näme üçin wajyp?

2 Biz Allatagalanyň ebedi ýaşaýyş hakdaky wadasyna ýürekden ynansak agyr synaglarda wepaly bolarys. Duşmanlarymyz bizi öldürjek diýip haýbat atsa-da, imandan dänmeris. Sebäbi Ýehowa wepaly bolup aradan çyksak, Ol bizi direlder we ebedi ýaşaýşy peşgeş berer (Ýah. 5:28, 29; 1 Kor. 15:55—58; Ýew. 2:15). Geliň, adamlaryň ebedi ýaşamak üçin ýaradylandygyny subut edýän käbir delillere seredeliň.

ÝEHOWA EBEDILIK HUDAÝ

3. Ýehowanyň bizi ebedi ýaşadyp biljekdigine näme üçin ynamly bolup bileris? (Zebur 102:12, 24, 27).

3 Ýehowa ähli adamlary ebedi ýaşadyp bilýär, sebäbi Ol janly-jandarlara ýaşaýyş beren we ebedi ýaşaýan Hudaýdyr (Zeb. 36:9). Mukaddes Kitapda munuň şeýledigini subut edýän ençeme aýatlar bar. Zebur 90:2-de mezmurçy Ýehowany wasp edip: «Sen ýeke-täk Hudaýsyň, ebedilik barsyň» diýýär. Zebur 102-nji bapda bolsa: «Ýyllaryň asla tükenmez» diýilýär (Zebur 102:12, 24, 27-nji aýatlary okaň). Habakuk pygamber hem: «Ýehowa, sen gadymdan bäri barsyň! Mukaddes Hudaýym, sen hiç haçan ölümi datmarsyň» diýýär (Hab. 1:12).

4. Ýehowanyň ebedi ýaşaýandygyna doly düşünmek kyn bolsa biynjalyk bolmalymy? Düşündiriň.

4 Käbir adamlara hak Allanyň «başlangyjynyň we soňunyň» ýokdugy bilen ylalaşmak kyn bolýar (Işa. 40:28). Gadymy döwürlerde ýaşan hudaýhon adam Alyhuw: «Hudaýyň beýikligine ynsan düşünmez, ýaşan ýyllaryny sanap bilmez» diýdi (Eýp. 36:26). Ýöne adamlaryň bir zada akyl ýetirip bilmezligi şol zadyň ýokdugyny aňlatmaýar. Biz elektrik energiýasynyň käbir enjamlary nädip işledýändigine düşünmeýäris, ýöne bu onuň ýokdugyny aňlatmaýar. Edil şonuň ýaly, bize Ýehowanyň ebedilik ýaşaýandygyna doly düşünmek kyn bolýar, emma bu Hudaýyň ebedilik ýaşamaýandygyny aňlatmaýar. Adamlar muňa düşünse-de, düşünmese-de Beýik Ýaradyjymyz ebedilik ýaşaýar (Rim. 11:33—36). Ýehowa älem-jahanda hiç zat, Aý, ýyldyzlar we Gün ýaradylmazyndan öň hem bardy. Mukaddes Kitapda: «Alla gudraty bilen Ýeri... ýaradandyr, düşünjesi bilen gök gümmezini ýaýandyr» diýilýär (Ýer. 51:15; Res. 17:24). Geliň, adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygyny subut edýän ýene bir delile seredeliň.

ÝEHOWANYŇ ILKIBAŞDAKY NIÝETI

5. Adam ata bilen How enä nähili gelejek garaşýardy?

5 Ýehowa janly-jandarlaryň arasyndan diňe ynsanyň ebedi ýaşamagyny isledi. Ýöne Ol Adam ata: «Ýagşy-ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden iýme, ondan iýen günüň hökman ölersiň» diýip duýdurdy (1 Mus. 2:17). Adam ata bilen How ene Ýehowa gulak asan bolsadylar, olar hiç haçan ölmezdiler. Belki, Ýehowa wagtyň geçmegi bilen olara ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýmäge rugsat ederdi we ebedi ýaşatjakdygyna kepil geçerdib (1 Mus. 3:22).

Mukaddes Kitapda «ebedilik» sözüniň ulanylyşy

Ýewreý dilindäki «olam» sözi köplenç «ebedilik» diýip terjime edilýär. Mukaddes Kitapda şu söz gadymy döwürlerde bar bolan, uzak gelejege çenli dowam edýän, başlangyjy ýa-da soňy görkezilmedik zady düşündirmek üçin ulanylýar (Ýuşa 24:2; Zeb. 24:7, 9). Şeýle-de bu söz tükeniksizligi aňladýar. Meselem, ebedilik Hudaý Ýehowanyň ne başlangyjy, ne-de soňy bar (Zeb. 102:12, 24, 27). «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» şu ýewreý sözi gürrüň edilýän waka görä, «ebedi, ebedilik, müdimilik, hemişe ýa-da baky» diýip terjime edilýär.

6, 7. a) Hudaýyň ynsany ebedi ýaşamak üçin ýaradandygyny ýene näme subut edýär? b) Siz Jennetde näme etmek isleýärsiňiz? (Surata serediň).

6 Alymlaryň barlaglaryna görä, ynsan beýnisi bir adamyň ömründen has köp maglumaty özünde saklap bilýär. 2010-njy ýylda çykan bir ylmy žurnalda aýdylmagyna görä, «ynsan beýnisine üç million sagatlyk wideonyň ýazgysyna barabar maglumaty ýerleşdirip bolýar. Şol wideony görmek üçin 300 ýyldan gowrak wagt gerek». Görşümiz ýaly, ynsan beýnisi biziň pikir edişimizden has köp maglumaty ýatda saklap bilýär. Diýmek, Ýehowa adamlary 70 ýa-da 80 ýyl däl-de, has köp ýaşamak üçin ýaradypdyr (Zeb. 90:10).

7 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ynsanyň kalbyna «ebedi ýaşamak islegini guýandygy» ýazylan (Nes. 3:11). Şonuň üçin biziň uzak ömür sürüp bagtly ýaşasymyz gelýär. Şeýle-de Mukaddes Kitapda ölüm duşman bilen deňeşdirilýär (1 Kor. 15:26). Eger biz kesellesek, syrkawlasak däri-derman içmän ýaşaýyşdan umydymyzy üzýärismi? Elbetde, ýok! Gaýtam keselimizden gutulmak üçin lukmana görünýäris we bejergi alýarys. Jan bir süýji zat. Şol sebäpli uzak ýaşamak üçin elimizde baryny edip, howpsuzlyk çärelerini görýäris. Şeýle-de ýaş bolsun, garry bolsun, dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda ýüregimiz para-para bolýar (Ýah. 11:32, 33). Ýaradan hak Alla adamlary ebedi ýaşatmak islemedik bolsa, olaryň kalbyna ebedilik duýgusyny guýmazdy we beýnisini täsin tärde ýaratmazdy. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adamlary ebedi ýaşamak üçin ýaradandygyny we ilkibaşdaky niýetinden dänmändigine subut edýän başga-da deliller bar. Geliň, Ýehowanyň geçmişde we häzir edýän işlerine seredeliň.

Surat: garry doganyň öňünde birtopar dermanlar bar, ýöne ol şonda-da Mukaddes Kitaby okaýar we täze dünýäde tut ýaly sagdyn bolup, etjek işlerini göz öňüne getirýär. 1) Ol hezil edip gaýykda ýüzýär. 2) Ol surat çekýär. 3) Ol şaglawugyň ýanynda gezelenç edýär.

Bize ebedi ýaşaýyş garaşýar. Biz Jennetde etjek işlerimiz hakda oýlanyp örän ruhlanýarys (7-nji abzasa serediň)c.

ÝEHOWA NIÝETINDEN DÄNMEDI

8. Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetinden dänmändigini Işaýa 55:11 nädip subut edýär?

8 Adam ata bilen How ene günä edip, bütin adamzat nesline ölümi miras goýdy. Ýöne Ýehowa niýetinden el çekmedi (Işaýa 55:11-i okaň). Ýehowa akýürekli adamlaryň ebedi ýaşap, bagtly ömür sürmegini isleýär. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Sebäbi Ýehowa adamlary ebedi ýaşatmagy wada berdi we geçmişde ençeme adamlary direltdi.

9. Ýehowa näme wada berdi? (Danyýar 12:2, 13).

9 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigi we gelejekde ebedi ýaşatjakdygy wada berilýär (Res. 24:15; Tit. 1:1, 2). Gadymy döwürde ençeme pygamberler Ýehowanyň wadasyna ýürekden ynanýardylar. Meselem, Eýýup pygamber Ýehowanyň ölen adamlary direltmek isleýändigini we olary göresi gelýändigini aýdýar (Eýp. 14:14, 15). Danyýar pygamber hem: «Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar... ebedi ýaşaýşa gowşar» diýip ýazdy (Zeb. 37:29; Danyýar 12:2, 13-nji aýatlary okaň). I asyrdaky ýehudylar hem Ýehowanyň ebedi ýaşaýşy berjekdigine iman edýärdiler (Luka 10:25; 18:18). Isa pygamber Ýehowanyň wadasyny berjaý etjekdigi hakda ençeme sapar aýtdy. Dogrudanam, Ýehowanyň ölen adamlary direltjegine şek-şübhe ýok! Ol muny söwer Ogluny direldip subut etdi (Mat. 19:29; 22:31, 32; Luka 18:30; Ýah. 11:25).

Ylýas pygamber sareptaly dul aýalyň ogluny direldýär; oglanjyk begenip ejesine tarap ylgaýar.

Ylýas pygamberiň oglanjygy direltmegi nämäni subut edýär? (10-njy abzasa serediň).

10. Direliş baradaky wakalar nämäni subut edýär? (Surata serediň).

10 Älem-jahany ýaradan hak Alla ýokdan bar edip, adamlara ýaşaýyş demini berdi. Şonuň üçin biz Onuň ölen adamlary direldip biljekdigine şübhelenmän bileris. Mysal üçin, Ylýas pygamber hak Allanyň gudraty bilen sareptaly dul aýalyň ogluny direldýär (1 Pat. 17:21—23). Alyşa pygamber şunemli aýalyň ogluny ölüm ukusyndan oýarýar (2 Pat. 4:18—20, 34—37). Mukaddes Kitapda direlen adamlar hakda başga-da wakalar bar. Olar Ýehowanyň ölümiň üstünden ýeňiş gazanýan hak Alladygyny subut edýär. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly ölen adamlary direltdi (Ýah. 11:23—25, 43, 44). Häzir bolsa Isa gökde hökümdarlyk edýär. Atasy Ýehowa oňa «gökde we ýerde ähli ygtyýary» berdi. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly «mazarda ýatanlaryň ählisi onuň (Isanyň) sesini eşidip», ölüm ukusyndan oýanar we ebedi ýaşar. Şeýdip, Hudaýyň ilkibaşdaky niýeti doly amala aşar (Mat. 28:18; Ýah. 5:25—29).

11. Ýehowa Isa pygamberiň ölmegine näme üçin ýol berdi?

11 Ýehowa Isa pygamberiň ejir çekip ölmegine näme üçin ýol berdi? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýah. 3:16). Ýehowa biziň günälerimizi ýuwup, ebedi ýaşatmak üçin söwer Oglunyň şirin janyny gurban berdi (Mat. 20:28). Pawlus resul Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetini nädip amala aşyrjakdygy barada şeýle diýýär: «Bir adam arkaly ölüm peýda bolan bolsa, bir adam arkaly hem direliş bolar. Adam ata arkaly hemmeleriň ölşi ýaly, Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar» (1 Kor. 15:21, 22).

12. Gökdäki Patyşalyk Ýehowanyň islegini nädip amala aşyrar?

12 Isa pygamber şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we ýerde-de isleginiň amala aşmagy barada doga etmegi öwretdi (Mat. 6:9, 10). Hudaý bütin ýer ýüzünde adamlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin Ýehowa Isany gökdäki Patyşalygyň Patyşasy edip belledi. Şeýle-de Ýehowa gökdäki ýaşaýyş üçin ýer ýüzünden 144 000 wepaly bendesini saýlady. Olar Isa bilen eginme-egin işleşip, Hudaýyň ilkibaşdaky niýetini doly amala aşyrarlar (Ylh. 5:9, 10).

13. Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak üçin näme etmeli?

13 Ýehowa şu günler Patyşalygynyň raýatlary edip «uly märekäni» ýygnaýar we olara parahat ýaşamagy öwredýär (Ylh. 7:9, 10; Ýak. 2:8). Şu günler dünýäde milletparazlyk, agzalalyk sebäpli tire-taýpalaryň arasynda uruşlar we dawa-jenjel köpelýär. Ýöne uly märeke her milletden, her taýpadan bolsa-da agzybir ýaşaýar. Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, olar «naýzalaryndan oraklar ýasaýar» (Mik. 4:3). Olar eline ýarag alyp uruşmaýar, bigünä adamlaryň ganyna galmaýar. Gaýtam adamlara hak Hudaý we Onuň niýetleri hakda wagyz edip, «hakyky ýaşaýşa» gowuşmaga kömek edýär (1 Tim. 6:19). Olar käte pulsuzlykdan, işsizlikden, ýeter-ýetmezçilikden kösenýär, hatda dogan-garyndaşlary garşy çykýar. Ýöne olar Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden goldaýar. Ýehowa Hudaý olary ýeke goýmaýar we zada zar etmeýär (Mat. 6:25, 30—33; Luka 18:29, 30). Hawa, biz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine şübhelenmän bileris. Tizden Hudaýyň ilkibaşdaky niýeti amala aşar.

BIZE AJAÝYP GELEJEK GARAŞÝAR

14, 15. Ýehowanyň ölümi ýok etjekdigi baradaky beren wadasy nädip ýerine ýeter?

14 Isa Mesih häzir gökde höküm sürýär we tizden Ýehowanyň ähli wadalaryny amala aşyrar (2 Kor. 1:20). Ol 1914-nji ýyldan bäri duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanyp gelýär (Zeb. 110:1, 2). Tizden Isa we 144 000 saýlananlar ähli erbetleri, zalymlary hem-de duşmanlaryny ýok eder (Ylh. 6:2).

15 Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda ölen adamlar direler we gulak asýanlar kämil bolar. Soňky synagda Ýehowa wepaly bolan dogruçyl adamlar «ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zeb. 37:10, 11, 29). Ahyry «soňky duşman ölüm» ýok ediler (1 Kor. 15:26).

16. Biz Ýehowa Hudaýa näme üçin gulak asýarys?

16 Görşümiz ýaly, direlişe bolan umyt Mukaddes Kitaba esaslanýar. Şol umyt bize agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Ýehowa Hudaý we Isa Mesih gulak asýan adamlaryň ählisine ebedi ýaşaýşy sylag bermek isleýär. Emma biz diňe şol sylagy almak üçin däl-de, Ýehowany we Ogly Isany söýýändigimiz üçin gulak asyp ýaşaýarys (2 Kor. 5:14, 15). Şeýle-de olaryň göreldesine eýerýäris we hoş habary yhlasly wagyz edýäris (Rim. 10:13—15). Biz wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman halas ediş işine gatnaşsak, Ýehowa Hudaýyň ebedilik dosty bolarys (Ýew. 13:16).

17. Her bir adamyň nähili jogapkärçiligi bar? (Matta 7:13, 14).

17 Siziň ebedi ýaşasyňyz gelýärmi? Ýehowa adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin ähli şertleri döretdi. Emma ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremelimi ýa-da ýöremeli däldigini her kimiň özi çözýär (Matta 7:13, 14-nji aýatlary okaň). Ebedi ýaşaýyş nähili bolar? Bu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Hudaýyň ynsany ebedi ýaşamak üçin ýaradandygyny näme subut edýär?

  • Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetinden dänmändigini näme subut edýär?

  • Ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga bizi näme höweslendirmeli?

141-NJI AÝDYM Täsin ýaşaýyş

a Siz ebedi ýaşamak isleýärsiňizmi? Ýehowa adamlaryň ölmän, dünýäden ötmän ebedi ýaşajakdygyny wada berýär. Makalada Allatagalanyň wadasyna näme üçin ynanyp biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

b «Mukaddes Kitapda „ebedilik“ sözüniň ulanylyşy» diýen çarçuwa serediň.

c SURAT: garry dogan özüni Jennetde göz öňüne getirýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş