Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w23 Fewral sah. 2—7
  • Mukaddes Kitap arkaly Hudaýy tanaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Kitap arkaly Hudaýy tanaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MUKADDES KITAP HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNY GÖRKEZÝÄR
  • MUKADDES KITAP HUDAÝYŇ ADALATLYLYGYNY GÖRKEZÝÄR
  • MUKADDES KITAP HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI GÖRKEZÝÄR
  • HUDAÝYŇ SÖZÜNI GYMMAT SAÝYŇ
  • Mukaddes Kitap — Allanyň kitaby
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň kitabymy?
    Hudaýyň hoş habary
  • Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Olar «mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip geplediler»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
w23 Fewral sah. 2—7

6-NJY MAKALA

Mukaddes Kitap arkaly Hudaýy tanaň

«Aýtjak zatlarymy bir kitaba ýazyp goý» (Ýer. 30:2).

96-NJY AÝDYM Hudaýyň Sözi genji-hazyna

MAZMUNYa

1. Biz näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly?

MUKADDES KITAPDAKY maslahatlar durmuşda bolýan kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär we gelejege umyt berýär. Esasy zat bolsa, Mukaddes Kitap arkaly Hudaý öz häsiýetleri hakda gürrüň berýär. Şol häsiýetler barada näçe köp oýlansak, şonça-da Oňa bolan söýgimiz artar, dostlugymyz hasam berkär. Biz Hudaýyň beren gymmatly sowgadyna örän minnetdar! (Zeb. 25:14).

2. Ýehowa adamlara özüni nädip tanadýardy?

2 Hudaý her bir adama özüni tanatmak isleýär. Geçmişde Ol düýşler, görnüşler, perişdeler arkaly özüni tanadýardy (4 Mus. 12:6; Res. 10:3, 4). Ýöne Hudaý şol düýşleri, görnüşleri we perişdeler arkaly aýdan habaryny ýazdyrmadyk bolsa, biz olary bilmezdik. Şonuň üçinem Ol aýtjak zatlaryny «bir kitaba» ýazdyrdy (Ýer. 30:2). Mukaddes Kitapda «Hak Hudaýyň ýoly kämildir» diýilýär. Şol sebäpli Hudaýyň ýazdyran zatlarynyň bize hemişe peýda getirjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 18:30).

3. Mukaddes Kitaby Ýehowanyň ýazdyrandygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Işa. 40:8)

3 Işaýa 40:8-i okaň. Mukaddes Kitabyň maslahatlary müňlerçe ýyl bäri wepaly adamlara kömek edip gelýär. Başda Hudaý öz Sözüni golýazmalara ýazdyrypdyr. Olar hem wagtyň geçmegi bilen zaýalanypdyr. Şonuň üçin Hudaý Mukaddes Kitaby adamlara göçürdipdir. Mukaddes Kitaby göçürenler bikämil bolsa-da, olar Hudaýyň Sözüni ünsli göçüripdirler. Töwrat kitaby hakda bir alym şeýle sözleri aýdýar: «Hiç bir gadymy kitap Mukaddes Kitap ýaly dogry göçürilmändi». Mukaddes Kitap gadymy kitap bolsa-da, bikämil adamlar göçürse-de, ony Hudaýyň ýazdyrandygyna ynamly bolup bileris.

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Ýehowa Hudaý bize «gowy we kämil sowgatlary» berýär (Ýak. 1:17). Mukaddes Kitap hem şol sowgatlaryň biri. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Dostumyz köplenç bize gerek zadymyzy sowgat berýär. Sebäbi ol bizi gowy tanaýar. Hudaý hem bizi gowy tanaýandygy üçin Mukaddes Kitaby berdi. Mukaddes Kitaby öwrensek, Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna göz ýetireris we Ol barada köp zatlary bileris. Şu makalada Mukaddes Kitap arkaly Ýehowanyň üç häsiýeti: akyldarlygy, adalatlylygy we söýgüsi hakda bileris. Geliň, ilki bilen Hudaýyň akyldarlygy hakda gürrüň edeliň.

MUKADDES KITAP HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNY GÖRKEZÝÄR

5. Mukaddes Kitap Ýehowanyň akyldarlygyny nädip görkezýär?

5 Adama durmuşda köplenç maslahat gerek bolýar. Mukaddes Kitap peýdaly maslahatlara baý kitap. Hudaýyň Sözi adamyň ýüregine güýçli täsir edip, durmuşyny üýtgedýär. Mukaddes Kitabyň ilkinji kitaplaryny ýazan Musa pygamber ysraýyllara: «Aýdýan zatlarym boş söz däldir, siziň ýaşaýşyňyz şoňa bagly» diýdi (5 Mus. 32:47).Ysraýyllar şol sözlere gulak asanda bagtly ýaşaýardylar (Zeb. 1:2, 3). Mukaddes Kitabyň ýazylanyna müňlerçe ýyl geçenem bolsa, onuň maslahatlary şu günlerem peýdaly. Mysal üçin, jw.org saýtynyň «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» diýen bölüminde 50-den gowrak makala bar. Şol makalalarda Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerip, durmuşyny manyly eden adamlaryň wakalary ýazylan (1 Sel. 2:13).

6. Mukaddes Kitabyň näme üçin deňi-taýy ýok?

6 Mukaddes Kitabyň deňi-taýy ýok. Sebäbi ony ýazdyran Ýehowa gudratygüýçli, ebedi ýaşaýan we akyldarlyga baý Hudaý. Adam uzak ýaşamaýar. Onuň ýazan kitabyndaky maslahatlar hem wagtyň geçmegi bilen könelýär. Emma Mukaddes Kitabyň maslahatlary adamlaryň haýsy döwürde ýaşaýandygyna garamazdan hemişe peýda getirýär. Mukaddes Kitaby okap oýlansak, Ýaradyjymyz Ýehowa mukaddes ruhy arkaly öz Sözündäki maslahatlary durmuşda ulanmaga kömek eder (Zeb. 119:27; Mel. 3:16; Ýew. 4:12). Ýehowa biziň bagtly bolmagymyzy isleýär. Geliň, Mukaddes Kitaby her gün okamaga jan edeliň.

Surat: 1. Mukaddes Kitap golýazma, kodeks, kitap we elektron görnüşinde çykaryldy. 2. Dürli milletli adamlar Mukaddes Kitabyň çap edilen we elektron görnüşini islendik wagt islendik ýerde okap bilýärler.

Mukaddes Kitap Hudaýyň halkyny agzybir edýär (7, 8-nji abzaslara serediň).

7. Mukaddes Kitaby bile öwrenmeklik Hudaýyň halkyna nähili peýda getirdi?

7 Hudaýyň halkynyň agzybir ýaşamagy hem Ýehowanyň akyldardygyny görkezýär. Ysraýyllar wada edilen ýurda baranda, ýurduň dürli ýerinde mesgen tutdular. Olaryň käbiri balykçy, çopan, köpüsi bolsa daýhandy. Şonuň üçin olar öňküsi ýaly görşüp bilmeýärdiler. Ýöne Ýehowa ysraýyllara beren kanunlaryny öwrenmek üçin Iýerusalime ýygnanyşmagy tabşyrýar (5 Mus. 31:10—13; Neh. 8:2, 8, 18). Göz öňüne getiriň, ysraýyllar öz doganlaryny görende, gör, nähili begenendir! I asyrdaky mesihçiler ýygnagynda hem dürli milletli we medeniýetli adamlar bardy. Olar Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmek üçin bile ýygnanyşmagyň wajypdygyna düşünýärdiler. Şonuň üçinem mesihçiler Hudaýyň Sözüni bile öwrenip, Oňa agzybir sežde edýärdiler (Res. 2:42; 8:30, 31).

8. Şu günler Hudaýyň halkyna agzybir bolmaga näme kömek edýär?

8 Şu günlerem Ýehowa öz halkyna Mukaddes Kitap arkaly tälim berýär, olary agzybir edýär. Biz ýygnak duşuşyklaryna, etrap we welaýat kongreslerine gatnaşyp, Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenýäris. Şeýdip, ruhy iýmitden lezzet alýarys. Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitap «Hudaýa agzybir gulluk etmäge» kömek edýär (Sep. 3:9).

9. Mukaddes Kitaba kimler düşünip bilýär? (Luka 10:21).

9 Mukaddes Kitap Hudaýyň akyldardygyny görkezýär. Munuň ýene bir sebäbi ony köp adamlar okasa-da, diňe pesgöwünli adamlar düşünip bilýär (Luka 10:21-i okaň). Bir alym şeýle belläp geçýär: «Mukaddes Kitap diňe bir köp okalýan kitap däl-de, eýsem çuňňur öwrenilýän kitap». Dogrudanam, Mukaddes Kitaba pesgöwünli adam düşünip, ondaky maslahatlara eýerip bilýär (2 Kor. 3:15, 16).

10. Ýehowanyň akyldarlygy nämeden görünýär?

10 Geliň, Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň akyldarlygynyň ýene bir subutnamasyna seredeliň. Hudaý Mukaddes Kitaby ähli adamzat üçin ýazdyrsa-da, ol her bir adama aýratynlykda bilim we göwünlik berýär (Işa. 30:21). Belki, sizem kyn ýagdaýa duş geleniňizde, Mukaddes Kitapdan gözleg geçirip: «Şu aýad-a tüýs meniň üçin ýazylypdyr» diýensiňiz. Elbetde, Mukaddes Kitap ähli adamlar üçin ýazylan hem bolsa, ondaky maslahatlar islendik adama, islendik ýagdaýda kömek edip bilýär. Sebäbi ony akyldarlykda deňi-taýy bolmadyk Ýehowa Hudaýymyz ýazdyrdy (2 Tim. 3:16, 17).

MUKADDES KITAP HUDAÝYŇ ADALATLYLYGYNY GÖRKEZÝÄR

11. Mukaddes Kitabyň ýazylyşy Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyny nädip görkezýär?

11 Ýehowa adalatly Hudaý (5 Mus. 32:4). Adatça, adalatly adam başgalary ala tutmaýar (Res. 10:34, 35; Rim. 2:11). Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da hiç kimi ala tutmaýar. Meselem, ysraýyl halky ýewreý dilinde gepleýärdi. Şonuň üçin Ýehowa Mukaddes Kitabyň ilkinji 39 kitabyny ýewreý dilinde ýazdyrdy. Ýöne I asyrda grek dili giňden ýaýrandygy sebäpli, Ýehowa soňky 27 kitaby grek dilinde ýazdyrdy. Ýehowa munuň bilen hem çäklenmedi. Häzir ýeriň ýüzünde 8 milliarda golaý adam dürli dilde gepleýär. Olar hem Mukaddes Kitaby okap biler ýaly Ýehowa näme etdi?

12. Danyýar 12:4-däki pygamberlik şu günler nädip ýerine ýetýär?

12 Ýehowa Danyýar pygamber arkaly dünýäniň soňunda «hakyky bilimiň artjakdygyny» wada berdi (Danyýar 12:4-i okaň). Biz şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini gözümiz bilen görýäris. Şu günler Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar köp dillere terjime edilýär, çap edilýär we ýaýradylýar. Mukaddes Kitap ýer ýüzünde iň köp terjime edilýän we ýaýradylýan kitap. Ýöne dünýewi guramalar ony gymmat bahadan satýarlar. Ýehowanyň Şaýatlary bolsa, Mukaddes Kitaby bölekleýin ýa-da tutuşlygyna 240-dan gowrak dile terjime edýär we adamlara mugtuna paýlaýar. Şeýdip, millionlarça adamlar dünýäniň soňy gelmänkä «Patyşalyk baradaky hoş habary» eşidýärler (Mat. 24:14). Görşümiz ýaly, söýgüden doly adalatly Hudaýymyz her bir adamyň Mukaddes Kitap arkaly Özi bilen dostlaşmagyny isleýär.

MUKADDES KITAP HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI GÖRKEZÝÄR

13. Mukaddes Kitap Ýehowanyň söýgüsini nädip görkezýär? (Ýah. 21:25).

13 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň iň esasy häsiýeti, ýagny söýgüsi hakda hem aýdylýar (1 Ýah. 4:8). Muny Ýehowanyň ýazdyran sözlerinden görse bolýar. Ol Mukaddes Kitapda Özi bilen dostlaşmaga, häzirden bagtly bolmaga we ebedi ýaşaýşa ýetmäge kömek etjek esasy zatlary ýazdyrdy. Hawa, Ýehowa bizi gowy görýändigi üçin Mukaddes Kitaba artykmaç maglumat ýazdyrmady (Ýahýa 21:25-i okaň).

14. Ýehowa näme üçin birtopar düzgünleri goýmady?

14 Ýehowanyň adamlar bilen mähirli bolmagy, Onuň söýgüsini görkezýär. Ol adamlary erkin edip ýaratdy, şol sebäpli durmuşda bolýan her bir ýagdaý üçin birtopar düzgün goýmady. Gaýtam Mukaddes Kitapdaky wakalary, pygamberlikleri öwrenip, ondaky maslahatlara eýerip, özbaşdak karara gelmegimizi isleýär. Hawa, Mukaddes Kitap Hudaýy söýmäge we Oňa höwes bilen gulak asmaga kömek edýär.

Surat: 1. Bir gyzjagaz «Mukaddes Kitapdan sapaklary» diýen kitaby okap, ysraýylly gyzjagazyň mysaly hakda oýlanýar. 2. Doganymyz Mukaddes Kitaby okap, Ýusup bilen bolan waka hakda oýlanýar. 3. Uýamyz Hudaýyň Sözüni okanda pygamber Anna bilen bolan wakany göz öňüne getirýär.

Biz näme üçin geçmişde bolan wakalar hakda oýlanmaly? (15-nji abzasa serediň).

15. a) Mukaddes Kitap Ýehowanyň adamlar bilen gyzyklanýandygyny nädip görkezýär? b) Suratdaky gyzjagaz, dogan we uýa Mukaddes Kitapdaky haýsy wakalar hakda oýlanýar? (1 Mus. 39:1, 10—12; 2 Pat. 5:1—3; Luka 2:25—38)

15 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygy aýdylýar. Ol Mukaddes Kitaba «biziňki ýaly» duýgulary bolan adamlaryň wakalaryny ýazdyrdy (Ýak. 5:17). Şol wakalardan biz köp zatlary öwrenýäris. Esasy zat bolsa, Ýehowanyň olaryň ýagdaýyna düşünmeginden «örän mähirli we rehimdar Hudaýdygyna» göz ýetirýäris (Ýak. 5:11).

16. Ýehowanyň geçirimliligi nämäni aýan edýär? (Işa. 55:7).

16 Ýehowa geçirimli Hudaý. Ol toba eden adamy ýürekden bagyşlaýar. Bu bolsa Ýehowanyň söýgä baý Hudaýdygyny ýene bir gezek subut edýär. Geçmişde ysraýyllar Ýehowa garşy gaýta-gaýta günä etdiler. Ýöne olar toba edende, Ýehowa her gezek bagyşlaýardy (Işaýa 55:7-ni okaň). I asyrdaky mesihçiler hem Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirdiler. Pawlus mesihçilere ýalňyşyna düşünip, toba eden adamy «ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň» diýip maslahat berdi (2 Kor. 2:6, 7; 1 Kor. 5:1—5). Ýehowa üýtgemeýän Hudaý. Ol şu günlerem toba eden adamy ýürekden kabul edýär. Ýalňyşsagam, Ýehowa bize kömek edýär, düzedýär we dostluk goluny uzadýar. Şeýle geçirimli we rehimdar Hudaýymyzyň bardygyna diýseň begenýäris! (Ýak. 4:8—10).

HUDAÝYŇ SÖZÜNI GYMMAT SAÝYŇ

17. Mukaddes Kitap näme üçin gymmatly sowgat?

17 Mukaddes Kitap Ýehowanyň adamzada beren iň gymmatly sowgady. Biz Hudaýyň öz Sözi arkaly akyldarlygyny, adalatlylygyny we söýgüsini nädip görkezýändigini öwrendik. Hawa, Ýehowa her bir adamyň Mukaddes Kitapdan bilim alyp, Özi bilen dostlaşmagyny isleýär.

18. Mukaddes Kitaby gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

18 Biz Ýehowanyň beren «kämil sowgadyna» sowuk-sala garaman, ony gymmat saýmak isleýäris (Ýak. 1:17). Mukaddes Kitaby doga edip okasak we oýlansak, ony gymmat saýýandygymyzy görkezeris hem-de Allany ýakyndan tanarys. Şonda Ýehowa edýän tagallamyza ak pata berer (Nak. 2:5).

MUKADDES KITAP ÝEHOWANYŇ. . . NÄDIP GÖRKEZÝÄR?

  • akyldarlygyny

  • adalatlylygyny

  • söýgüsini

98-NJI AÝDYM Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy

a Mukaddes Kitap Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýär. Hudaýyň Sözünden Onuň akyldarlygy, adalatlylygy we söýgüsi barada nämeleri öwrenip bileris? Şol häsiýetleri öwrensek, Mukaddes Kitabyň gadyr-gymmatyny bileris we oňa gowy düşüneris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş