Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Fewral sah. 26—27
  • Ýehowa sabyrly garaşyp, şatlanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa sabyrly garaşyp, şatlanyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA NÄME ÜÇIN SABYRLY BOLMAGYMYZY ISLEÝÄR?
  • SABYRLY BOLMAGA WE ŞATLANMAGA NÄME KÖMEK EDER?
  • Siz sabyrly garaşarmysyňyz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýehowa sabyrly garaşyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Gijä galmarsyň!
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Fewral sah. 26—27

Ýehowa sabyrly garaşyp, şatlanyň

Dawut patyşa köşgüniň penjiresinden uzaklara seredip dur.

SIZ Ýehowanyň ähli erbetligi köki bilen ýok etjek gününe garaşýan bolsaňyz gerek (Ylh. 21:​1—5). Emma bize sabyrly bolmak aňsat bolmaýar. Esasan-da, agyr günler başymyza düşende, Hudaýyň täze dünýäsi gelmejek ýaly görünýär. Mukaddes Kitapda: «Uzaga çeken tama ýürege dertdir» diýilýär (Nak. 13:12).

Ýehowa biziň sabyrly garaşmagymyzy isleýär. Bize sabyrly bolmaga we ruhdan düşmezlige näme kömek eder?

ÝEHOWA NÄME ÜÇIN SABYRLY BOLMAGYMYZY ISLEÝÄR?

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşar, size rehim etmek üçin ýerinden turar. Ýehowa adalatly Alladyr, Hudaýa umyt edýänleriň ählisi bagtlydyr» (Işa. 30:18). Işaýa pygamber şu sözleri boýnuýogyn ysraýyl halkyna aýdýar (Işa. 30:1). Emma halkyň arasynda Hudaýa wepaly adamlar hem bardy. Aýatdaky sözler olara umyt berendir. Işaýa pygamberiň sözleri bize-de Ýehowa umyt edip garaşmaga kömek edýär.

Ýehowa sabyrly garaşýan bolsa, bizem sabyrly bolmaly. Ýehowa zalym dünýäni ýok etjek gününi we sagadyny belledi. Ol şol wagta sabyrly garaşýar (Mat. 24:36). Şol gün gelende Şeýtanyň Ýehowa we onuň halkyna atan töhmetiniň ýalandygy mälim bolar. Şonda Ýehowa Şeýtany we onuň tarapdarlaryny ýok eder, bize bolsa «rehim eder».

Şu günler Ýehowa kynçylyklarymyzy gudrat bilen aýyrmaýar, emma ruhdan düşmän sabyrly bolmaga kömek edýär. Işaýa pygamber bir gowy zada sabyrly garaşmagyň adamy bagtly edýändigini aýtdy (Işa. 30:18). Bize ruhdan düşmän Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek eder? Geliň, dört maslahata seredeliň.

SABYRLY BOLMAGA WE ŞATLANMAGA NÄME KÖMEK EDER?

Gowy zatlar hakda oýlanyň. Dawut pygamber köp kynçylyklary başyndan geçirdi (Zeb. 37:35). Emma ol: «Ýehowanyň huzurynda ümsüm bol, sabyrly garaş. Erbet adamyň işi oňuna bolanda, janyňy ýakma» diýdi (Zeb. 37:7). Dawut aýatdaky sözlere görä ýaşady we Ýehowa halas edýänçä sabyrly garaşdy. Şeýle-de ol Ýehowanyň berýän bereketleri hakda oýlandy (Zeb. 40:5). Bizem gaýgy-gama batmagyň deregine, gowy zatlar hakda oýlansak, Ýehowa sabyrly garaşarys.

Ýehowany wasp ediň. 71-nji mezmury Dawut ýazan bolmaly. Ol Hudaýy şöhratlandyryp: «Men bolsa saňa garaşaryn, Seni joşup wasp ederin» diýdi (Zeb. 71:14). Dawut Ýehowany nädip wasp etdi? Ol Ýehowany taryplap aýdym aýtdy, gudratly işleri hakda adamlara gürrüň berdi (Zeb. 71:16, 23). Bizem Dawut ýaly ruhdan düşmän Ýehowa sabyrly garaşmaly. Siz adamlara hoş habary wagyz edeniňizde, dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda we aýdym aýdanyňyzda, Hudaýy wasp edip bilersiňiz. Siz ýygnakda aýdym aýdanyňyzda, onuň manysyna üns beriň. Şonda ýüregiňiz şatlykdan dolar.

Biri-biriňizi ruhlandyryň. Dawut agyr günler başyna düşende: «Wepaly gullaryň ýanynda ýagşy adyňa umyt baglaryn» diýip, Ýehowa dileg etdi (Zeb. 52:9). Bizem diňe bir ýygnakda ýa-da wagyzda däl-de, dogan-uýalar bilen saçak başynda gürrüň edenimizde hem ruhlanýarys (Rim. 1:​11, 12).

Umydyňyzy üzmäň. Zebur 62:5-de: «Men Hudaýyma sabyrly garaşaryn, sebäbi ol maňa umyt berýär» diýilýär. Hudaýa umyt etsek dünýäniň soňy garaşan wagtymyzda gelmese-de, sabyrly bolarys. Biz Ýehowanyň wadalaryny hökman ýerine ýetirjekdigine ýürekden ynansak, soňky demimize çenli umydymyzy üzmeris. Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni okamaly we öwrenmeli. Belki, siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda Hudaýyň häsiýetleri, pygamberlikler we onuň utgaşyklygy hakda oýlanyp bilersiňiz (Zeb. 1:​2, 3). Şeýle-de siz Ýehowa ýürekden iman eder ýaly, hemişe mukaddes ruhuň kömegi bilen doga-dileg ediň. Şonda Hudaýyň Jennet baradaky wadalary ýerine ýetýänçä sabyrly garaşarsyňyz (Ýahd. 20, 21).

Surat: garry uýa Mukaddes Kitaby okap oýlanýar, gapdalynda dermanlary bar. 1) Ol maýyplaryň arabasynda otyr we bir aýala wagyz edýär. 2) Ol dogan-uýalar bilen dynç alýar. 3) Ol doga edýär.

Geliň, Dawut patyşadan görelde alalyň, Ýehowanyň özüne umyt edýänlere nazar salýandygyna we wepaly söýgüsi bilen çoýýandygyna ýürekden ynanalyň (Zeb. 33:18, 22). Gowy zatlar hakda oýlanalyň, Ýehowany wasp edeliň, biri-birimizi ruhlandyralyň we umydymyzy üzmäliň. Şonda Ýehowanyň gününe sabyrly garaşarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş