ŞAHSY OKUWY ÜÇIN TEKLIP
«Oýa bolmak» üçin çuňňur gözleg geçiriň
Danyýar 9:1—19-njy aýatlary okap, çuňňur gözleg geçirmegiň wajypdygy hakda oýlanyň.
Konteksti bilen okaň. Şu wakadan öň nähili wakalar boldy? Danyýar pygamber ruhy taýdan uka gitdimi? (Dan. 5:29—6:5). Siz Danyýaryň ýerine bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz?
Gözleg geçiriň. Danyýar pygamber «mukaddes golýazmalaryň» haýsyny okan bolmaly? (Dan. 9:2; w23.08 sah. 4, abz. 7). Danyýar pygamber näme üçin diňe öz günäsi üçin däl-de, eýsem halkyň günäsi üçin hem doga etdi? (3 Mus. 26:39—42; 1 Pat. 8:46—50; dp-U sah. 182—184). Danyýar pygamberiň eden dogasy Hudaýyň Sözünden çuňňur gözleg geçirendigini nädip subut edýär? (Dan. 9:11—13).
Sapak ediniň. Özüňize şeýle soraglary beriň:
Men dünýädäki wakalary görüp ruhy taýdan uka gitmez ýaly näme etmeli? (Mik. 7:7).
Men Danyýar pygamber ýaly çuňňur şahsy okuwyny geçirsem nähili peýda alaryn? (w04-U 1/8 sah. 12, 13, abz. 17).
Men «oýa bolmak» üçin haýsy temalardan şahsy okuwyny geçirmeli? (Mat. 24:42, 44; w12 15/8 sah. 5, abz. 7, 8).